14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisinden

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň alty aýyndaky ýerine ýetirilen işleriň jemleri, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ýerine ýetirlişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ähli welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, gazetleriň we żurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyrylan mejlisi açyp, milletiň Lideri onda şu ýylyň ikinji ýarymynda öňümizde durýan möhüm wezipelere we döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmäge degişli il-ýurt bähbitli beýleki meseleleriň birnäçesine serederis diýip belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Japarow şu ýylyň birinji ýarym ýylynyň neijeleri boýunça Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri barada hasabat berip, şu döwürde ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň durnukly ösüşe eýe bolandygyny belledi.

2010-njy ýylyň ýanwar-maý aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümde gurluşyk pudagy-181,6 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagy-130 göterim, söwda-114,4 göterim, hyzmatlar ulgamy 107 göterim, oba hojalygy-108,5 göterim ösüş gazandy.

Şu ýylyň biriniji ýarymynda bölek söwda haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ösüş depgini 116,2 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe salgytlaryň ähli görnüşleri boýunça meýilnamanyň doly ýerine ýetirilmegi gazanyldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi we çykdajy bölegi degişlilikde 104,3 göterim we 94,6 göterim derejesinde ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ortaça aýlyk iş haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,8 göterim ýokary emele geldi.

2010-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistanda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 1,5 esse ýokarlandy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, 2010-njy ýylyň birinji ýarymynda gazanylan üstünlikler döwletimiziň maliýe-ykdysady taýdan durnukly we sazlaşykly ösýändigini hem-de «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge doly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

T.Japarow şeýle hem «Türkmenistanda zähmet haklaryny zähmet şertlerine laýyklykda köpeltmek hem-de pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky» Permanyň, «Türkmenistanda şertli-toplaýyş pensiýa usulyny girizmegiň we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyny döretmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» hem-de «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakyndaky» kararlaryň taslamalary barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Maliýe ministri A.Goçyýew Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, çykdajylaryň 70 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilendigini belledi.

Ýerli derejede hem býujetiň ýerine ýetirilişi üstünlikli amala aşyryldy. Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça ýerli býujetiň girdejileri bellenen meýilnamanyň 103,5 göterimi möçberinde ýerine ýetirildi. Ýerli býujetler boýunça meýilnamalaşdyrylan çykdajylar 94,2 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirmek, öňi bilen, zähmet hakynyň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň, talyp haklarynyň öz wagtynda we doly tölenmegini üpjün etmäge gönükdirildi.

Soňra mejlisde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiretiniň başlygy G.Gökleňowa söz berildi.

Ol öz hasabatynda milli puluň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän denominasiýanyň ikinji tapgyry üstünlikli amala aşyrylýar, 2010-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda milli puluň ýeke-täk daşary ýurt puluna bolan gatnaşygy durnukly saklanyldy diýip belledi.

Hasabat döwründe pul-karz pul dolanyşygy artýar. Bank edaralary tarapyndan ykdysadyýetiň önümçilik bölegini karzlaşdyrmaklyga berilýän karzlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Bank ulgamy oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen bagly döwlet maksatnamalaryny, senagatda, gurluşykda we beýleki pudaklarda iri taslamalary maliýeleşdirmeklige işjeň gatnaşýar. Şeýle hem oba we şäher ýerlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga we satyn almaga, hususy bölegi ösdürmäge gönükdirilýän karzlar ýokary depginler bilen artdyrylýar.

Hasaplaşyklarda nagt däl görnüşli tölegleri artdyrmak we bank infrastrukturasyny ösdürmek, bank kanunçylygyny we işiniň kadalaşdyryjylaryny kämilleşdirmek, buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatynyň halkara ülňülerini ornaşdyrmak babatda ähli zerur bolan işler geçirilýär.

Şeýle hem Merkezi bankyň müdiretiniň başlygy hasabat döwründe harytlaryň we hyzmatlaryň eksportundan ýurdumyza gelip gowşan daşary ýurt pulundaky serişdeler boýunça bellenen meýilnamanyň 131,9 göterim ýerine ýetirilendigini belledi. Şonuň ýaly-da ol şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda tebigy gazyň, nebit we nebit önümleriniň, suwuklandyrylan gazyň, himiýa önümleriniň, elektrik energiýasynyň, dokma önümleriniň, pagta süýüminiň eksportundan gelip gowşan serişdeleriň geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli gowy bolandygyny aýtdy.

Mejlisde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow çykyş edip, 2010-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ministriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan maýa goýum syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň esasy maksady bolsa türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap bäsleşige ukyply ykdysadyýeti döretmekden ybaratdyr.

Şeýle hem ol «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça 2010-njy ýylyň birinji ýarymynda maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça ýyllyk meýilnamanyň 62,8 göterim ýerine ýetirilendigini, munuň 2009-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,3 esse köpdügini belledi.

Hasabaty kanagatlanmak bilen diňläp, döwlet Baştutany ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde düýpli netijeler gazanyldy diýip belledi. Ýokary makroykdysady görkezijiler we milli ykdysadyýetiň durnukly ösüş depgini türkmenistanlylaryň tutanerli we agzybirlikli zähmetiniň netijesi bolup durýar diýip, milletiň Lideri aýtdy. Ýöne öňde goýlan ähli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin öňde heniz uly işler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň gülläp ösmegine we türkmen halkynyň rowaçlygyna gönükdirilen iri möçberli reformalaryň ähmiýeti barada aýdyp, milletiň Lideri ähli pudaklarda önümçiligiň ösüşiniň ýokary depginlerini saklamagyň zerurdygyny belledi.

Hödürlenen resminamalary tutuşlygyna makullap, Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi we degişli ýolbaşçylara olaryň ýerine ýetirilişine degerli gözegçiligi amala aşyrmagyň möhümdigini görkezdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýurduň DIM-i tarapyndan şu ýylyň birinji ýarymynda «Bitarap Türkmenistanyň 2008-2010-njy ýyllarda daşary syýasatynyň baş ugruny durmuşa geçirmek boýunça esasy ugurlarynyň» maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat berdi.

Türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan bu taglymlaýyn Maksatnamanyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň halkara arenasyndaky ornuny has-da berkitmäge, ýurdumyzyň abraýyny belende götermäge ýardam etdi. Muňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň möhüm meselerini çözmäge gönükdirilen täze wajyp başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ählumumy ykrar edilmegi we goldanylmagy hem şaýatlyk edýär. Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýelemek bilen Türkmenistan açyk, parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirýär hem-de global we sebitleýin häsiýetli derwaýys meseleleriň çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Hasabat döwründe geçirilen çärelere syn berip, wise-premýer olaryň ählisiniň-hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hökümet wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlaryndan, daşary ýurt döwletleriniň baştutanlarynyň, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, hususan-da, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň, ýer ýüzüniň syýasy we işewürler toparlarynyň görnükli wekilleriniň Türkmenistana saparlaryndan başlap geçen 6 aýda geçirilen halkara maslahatlaryna, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky konsultasiýalara we dürli hökümetara toparlarynyň mejlislerine çenli çäreleriň ählisi bir möhüm maksat, ýagny özara gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda giň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen birleşdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda DIM-iň baştutany soňky ýyllarda gumanitar ulgamda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň hemmesi bilen gatnaşyklary berkitmäge meýilleri aýratyn belledi, şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolsa özüniň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen Türkmenistan birinji derejeli üns berýär.

Hasabaty diňläp, döwlet Baştutany syýasy, ykdysady we gumanitar ulgamlarda däp bolan gatnaşyklary berkidip daşary işler ministrliginiň öňünde duran, dünýä bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen düýpli netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen wezipeleriň giň möçberlidigini we ähmiýetini ýene bir gezek nygtady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa öz çykyşynda şu ýylyň geçen alty aýynda parlament tarapyndan milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hususan-da, ýurdumyzda türkmen Lideri tarapyndan başy-başlanan döwlet ösüşiniň ýakyn ýyllar üçin iri möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilen, häzirkizaman, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat berdi.

Parlamentiň baştutany geçen ýarym ýylda Mejlisiň geçirilen maslahatlarynyň yzygiderli häsiýetini belledi, onuň çäklerinde deputatlar döwletiň garaşsyzlygynyň we gülläp ösüşiniň binýatlaryny, türkmen jemgyýetiniň jebisligini we durnuklylygyny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň ençemesine-Kanunlara we beýleki kadalaýyn-hukuk resminamalaryna garadylar we kabul etdiler. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň alyp barýan işlerinde giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem möhüm orun degişlidir. Parlamentara duşuşyklary, şeýle hem degişli halkara düzümleriniň we guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda yzygiderli esasda guralýan dürli maslahatlar, seminarlar we «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler muňa ýakyndan ýardam edýär.

Türkmenistanyň ýöredýän daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ýygnananlaryň ünsüni çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze taryhy eýýamda-täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda örän möhüm meseleleri, ilkinji nobatda, döwletiň we jemgyýetiň demokratik we hukuk binýatlaryny berkitmek boýunça işleri durmuşa geçirmek wezipeleri öňde durýar diýip ýene bir gezek nygtady.

Deputatlaryň saýlawçylaryň ynamynyň öňündäki ýokary jogapkärçiligini aýratyn belläp, miletiň Lideri parlamentariler jemgyýetiň durmuşyna gönüden-göni dahylly bolmalydyrlar, elmydama wakalaryň merkezinde bolup, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler reformalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmalydyrlar, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa türkmen halkynyň rowaçlygynyň kepilidir diýip nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Muhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda, hususan-da, dokma senagatynda, «Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalarynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birżasynda hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem «Türkmenistanyň II halkara maýa goýum maslahatyny geçirmek hakyndaky» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hasabaty diňläp, döwlet Baştutany gowaça ösdürip ýetişdirýän iri döwlet bolan Türkmenistanda ýokary hilli, eksporta niýetlenen giň görnüşli dokma önümleriniň önümçiligini artdyrmaga ähli şertleriň bardygyny, munuň bolsa biziň ýurdumyzyň halkara bazaryndaky ornuny berkitmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň temasyna degip geçip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň möhüm ugry oýlanyşykly maýa goýum syýasaty bolup durýar diýip belledi. Biziň ýurdumyzda maýa goýumlaryň giňden çekilmegi netijesinde dürli sferalarda iri taslamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek, netijeli işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen II Halkara maýa goýum maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri we şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynyň barşynda medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde goýan anyk wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premer milletiň Liderine milli medeniýeti ösdürmäge berýän goldawy we ünsi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Tutuş ýurdumyz boýunça täze sungat mekdepleriniň açylmagy, oba kitaphanalarynyň we medeniýet öýleriniň täzeden işläp başlamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda ähmiýetli çäreleriň ençemesi, şol sanda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky we Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleri, Wena şäheriniň Aşgabatdaky Medeniýet günleri, amaly-haşam sungaty eserleriniň halkara sergisi we «Adamzadyň ruhy hazynasy» atly milli folklor festiwaly, zehinli çagalaryň «Awaza-dostluk mekany» atly halkara festiwaly we beýleki wekilçilikli forumlar, şol sanda beýik türkmen nusgawy şahyry Mollanepesiň doglan gününiň 200 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý dabaralary geçirildi.

Hasabatyň çäklerinde M.Ýazmuhammedowa şeýle hem 2010-njy ýylyň ikinji ýarymynda halkara sergilerini, festiwallary, maslahatlary geçirmegiň maksatnamasy barada habar berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň dykgatyna açylmagy göz öňünde tutulýan medeniýet-durmuş maksatly binalaryň şekilleri hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, bu ulgamyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak üçin şol desgalaryň ähmiýetiniň uludygyny nygtap, jemgyýetde medeni-aň-bilim işini giňeltmegiň, milletiň täsin medeni mirasyny wagyz etmegiň, täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň baý döredijilik potensialyny has doly herekete getirmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Saparlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi, ol bilim ulgamynyň edaralarynyň, lukmançylygyň we sportuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, durmuş-medeni maksatly desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy, şol sanda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze çagalar baglarynyň, mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň, lukmançylyk we sport merkezleriniň gurluşygy, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň dykgatyna «Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň HIII maslahatyny çagyrmak hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlenildi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza ýokary okuw mekdeplerine, ýörite orta we hünär-tehniki okuw mekdeplerine talyplary kabul etmäge görülýän taýýarlyk barada habar berip, şu ýyl täze ýokary okuw mekdepleriniň-Daşoguzda Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, şeýle hem täze orta hünär okuw mekdepleriniň we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň hasabyna kabul ediljek talyplaryň sanynyň artandygyny belledi.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek talyplaryň we orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň sany artdyrmak, olara täze hünärleri girizmek baradaky teklipleriň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýokary hünärli hünärmenlere bolan islegleriniň nazara alnyp taýýarlanandygyny nygtap, täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine jemi 5445 adamyň kabul ediljekdigini aýtdy. Munuň özi geçen ýyldakydan 260 adam köpdür. Degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň resmi sargytlary esasynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine şu ýyl jemi 3383 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl türkmenistanly ýaşlaryň 2746-sy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ugradylar. Şeýle hem H.Saparlyýew Türkmenistanyň Oba hojalyk, Tebigaty goramak we beýleki ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, şäher, welaýat we etrap häkimlikleriniň sargydy boýunça şu ýyl Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Tokaý we seýil bag hojalygy» hünärini açmak teklip edilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premerden özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda reformalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy talap edip, döwlet mundan beýläk hem ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berer we onuň ösmegine uly serişdeleri goýberer diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hemişe döwletiň we jemgyýetiň aýratyn üns merkezinde bolmalydyr. Döwlet Baştutanymyz ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň örän halal we adalatly geçirilmegini talap edip, talyp diýen ada iň zehinli we başarjaň ýigitler we gyzlar mynasyp bolmalydyr diýip nygtady.

Milletiň Lideri ylym-bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň häzirki tapgyrynyň ähmiýetini nygtap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Ç.Tugyýewiň adyna tankydy bellikleri aýdyp özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin ony eýeleýän wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidenti TDU-nyň ýolbaşçysy wezipesine ozal Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory bolup işlän G.Hanmyradowy belledi. Şol institutyň täze rektorlygyna B.Berdiýew bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow G.Gylyçdurdyýewi pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory wezipesinden boşadyp, oňa netijeli işi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanynyň Permany bilen bu wezipä A.Ataýew bellenildi.

Milletiň Lideri wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, Uniwersitetiň işgärleriniň arasynda düzgün-nyzamyň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň rektory R.Geldiýewe berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Soňra ýurdumyzyň Bilim ministri G.Mämmedowa täze okuw ýylyna çenli ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin milli elipbiýde türkmen dilinde okuw kitaplarynyň we goldanmalarynyň taýýarlanylyşy baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Häzirki wagtda, dünýäde ýokary intellektual we tehnologiki bäsdeşlik eýýamynda hut ýokary derejeli hünärmenleriň, şol sanda orta zwenonyň işgärleriniň taýýarlanylmagy kesgitleýji faktor bolup durýar we ol ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün eder diýip belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim reformasyny durmuşa geçirmegiň şu we beýleki meselelerini elmydama gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew çykyş edip, özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem «Türkmendeňizderýaýollary» müdirligini Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna öwürmek hakyndaky» Permanyň taslamasynyň taýýarlanyşy hakynda hasabat berdi.

Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm pudaklaryň sazlaşykly we netijeli işini üpjün etmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryň edilmeginiň zerurdygyny nygtady, bu bolsa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşiniň aýrylmaz bölegidir.

Ýokarda agzalan Permana gol çekip, milletiň Lideri ulag ulgamynyň mümkinçilikleriniň depginli artmagynda deňiz arkaly ýük daşamagyň ornunyň ýokarlanýandygyny aýratyn belledi. Şonuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmak we olary ibermegiň geografiýasyny giňeltmek boýunça wezipeler öňünde durýan milli söwda deňiz flotyny mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezdi. Döwlet ähli ulag pudaklarynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny gönükdirýär diýip nygtap, milletiň Lideri suw, awtomobil, demirýol we howa ulaglarynda hyzmatyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini hem belledi.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine M.Mütdikow bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem Aşgabat şäherinde ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň 11-nji tapgyrynyň gurluşygy hakyndaky kararlaryň taslamalary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň we mejlise gatnaşyjylaryň ählisiniň dykgatyna şu taslamalar we meýilleşdirilýän täze gurluşyklar bilen doly tanyşmaga mümkinçilik berýän slaýdlar görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň birinji ýarymynda gurluşyk senagatynyň ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, bütin ýurdumyzda, hususan-da, Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň möçberli gurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň ýokary depginini mundan beýläk-de saklap galmagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz, umuman, hödürlenen taslamalary makullap, ýakyn geljekde bu täze desgalaryň türkmen paýtagtynyň çalt depginde özgerýän binagärlik keşbine sazlaşykly goşuljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 11-nji tapgyrda umumy bahasy ýarym milliard amerikan dollaryndan hem geçýän ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmak hakynda kararlara gol çekip, ýurdumyzda potratçylaryň we buýrujylaryň ählisine bildirilýän talaplaryň işleriň hiliniň ýokary standartlara laýyk gelmegi we şertnamalaryň şertleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi bilen baglanyşyklydygyny ýatlatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek hakyndaky» Kararyň taslamasynyň taýýarlanyşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanynyň we bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň ünsüne Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahanasynyň çäklerinde guruljak täze desgalaryň taslamalary şekillendirilen slaýdlar hödürlenildi.

Nebitgaz pudagynyň birinji ýarym ýyldaky işleriniň netijelerine oňyn baha berip, milletiň Lideri ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksportunyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de giňeltmek, şonuň ýaly-da çykarýan, gaýtadan işleýän we himiýa pudaklaryndaky önümçilik infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça uly wezipeler durýar diýip nygtady.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň taýýarlanan täze taslamalary barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurulýan ähli binalar iň ýokary dünýä hil standartlaryna laýyk gelmelidir, olaryň gurluşyklarynda bolsa innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy inżenerçilik-binagärçilik pikirleri ulanylmalydyr diýip nygtady.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekip, döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginini we olaryň şertnamada görkezilen şertlere berk laýyklykda ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti B.Nedirowy Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Milletiň Lideri wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, Konserniň edara-kärhanalarynda düzgün-nyzamyň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniň başlygy M.Kuraýewe berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmesi, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Soňra mejlisde obasenagat toplumyna we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge degişli meselelere garaldy.

Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewe söz berilýär. Ol galla oragynyň netijeleri we gowaça edilýän idegiň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmedik, oba ýerlerinde häzirki zaman durmuş-ykdysady infrastrukturasyny döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň bellenen möhletlerinden yza galýan etraplaryň häkimleriniň adyna düýpli nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, munuň özi ýerli ýolbaşçylar tarapyndan guramaçylyk babatda ýol birlen kemçilikleriň netijesidir. Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň häkimi J.Ataýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň beýleki etraplarynyň ýolbaşçylarynyň az wagtdan bäri işleýändigini göz öňünde tutup, olaryň işine pagta ýygymynyň netijeleri boýunça baha beriljekdigini aýtdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi O.Nyýazlyýew çykyş etdi. Ol şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada hasabat berip, galla oragynyň we beýleki oba hojalyk işleriniň netijeleri, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalaryň ilerledilişi barada jikme-jik durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, günbatar welaýatyň etraplarynyň birnäçesinde işleriň ýagdaýynyň kanagatlanarsyzdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hususan-da, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkimi M.Meläewiň adyna anyk bellikler aýdyldy we ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ozal ýol beren ýalňyşlaryndan degişli netije çykarmadyk Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary A.Altybaýewiň adyna anyk tankydy bellikleri aýdyp, welaýatyň oba hojalyk sektorynda öňe gidişlikleriň ýokdugyny belledi. Şonuň üçin hem, eger şu ýyl welaýat pagta taýýarlamak boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmese, onda A.Altybaýew eýeleýän wezipesinden boşadylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra welaýatlary ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde Bereket we Serdar şäherlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, milletiň Lideri ähli işleriň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti başga işe geçmegi sebäpli O.Nyýazlyýewi Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy we bu wezipä ozal «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň başlygy bolup işlän S.Satlykowy belledi. Bu agzalan Komitetiň başlygy wezipesine T.Şiraliýew bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin O.Ataýewi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow şu ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň jemleri barada hasabat berip, oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň meseleleri hakynda habar berdi. Welaýatyň ekin meýdanlarynda galla oragy dowam edýär, şol bir wagtyň özünde gowaçalara we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler alnyp barylýar diýlip bellenildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda Ýaşulular maslahatynyň mejlisi geçirildi, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň ençemesi ulanmaga berildi.

Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow käbir etraplaryň häkimleriniň işine nägilelik bildirdi, olar galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny hem, oba ýerlerinde häzirkizaman durmuş-ykdysady infrastrukturasyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi hem ýerine ýetirip bilmediler.

Döwlet Baştutany M.Baýramowy işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti A.Atajykowy pensiýa gitmegi sebäpli Görogly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we oňa işi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow gün tertibiniň esasy meselesi boýunça hasabat bilen çykyş edip, hususan-da, welaýatyň galla tabşyrmak boýunça öz şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirendigi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda gowaçalara we beýleki ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar, ýerleri we tehnikany güýzlük bugdaýyň öňde durýan ekişine taýýarlamak işleri geçirilýär. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi hakynda habar berildi.

Lebap welaýatynyň daýhanlary ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirip, döwlete galla tabşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler diýip belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow käbir etraplaryň häkimleriniň ýarym ýylyň jemi boýunça kanagatlanarsyz işini nygtady. Milletiň Lideriniň aýdyşy ýaly, bu etraplaryň ýolbaşçylarynyň işine hem jemleýji baha pagta ýygymy möwsüminiň netijeleri boýunça berler.

Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowa söz berilýär, ol şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleri beýan edip, galla oragy möwsüminiň netijeleri we beýleki oba hojalyk kampaniýalarynyň barşy, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde taslamalaryň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň käbir etraplarynyň häkimleriniň adyna düýpli nägilelikleri bildirdi.

Döwlet Baştutany Baýramly etrabynyň häkimi M.Suwhanberdiýewi işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin eýeleýän wezisinden boşatdy.

Beýleki etraplaryň häkimleriniň işlerine gutarnykly baha pagta ýygymy möwsüminiň jemleri boýunça berler diýip, döwlet Baştutany belledi.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Saparlyýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň dürli sebitlerinde elewartorlaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna geçirilen barlagyň netijeleri barada hasabat berdi, şonda işleriň öz möhletlerinden yza galnyp alnyp barylýandygy ýüze çykaryldy.

Şeýle ýagdaýyň ýol berilmesizdigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kemçilikleri düzetmek we ähli gurulýan desgalarda işleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça degerli çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra hökümet Baştutanynyň orunbasary M.Akmämmedowa söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barylan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, tutuş ýurdumyz boýunça gallanyň, dürli azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň ep-esli artandygy bellenildi.

Ýakyn günlerde Daşoguz welaýatyndan başga welaýatlarda galla oragy tamamlanar. Aýratyn howa şertleri sebäpli, Daşoguz welaýatynda galla oragy beýlekilerden giç başlandy. Beýleki oba hojalyk işleri barada aýdylanda bolsa, häzir ähli ýerde meýdanlary güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamak işi alnyp barylýar, gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, suwarmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Şeýle hem her ýyl iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Galla baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, ýakynda Daşoguzda geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda oba hojalygyny ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça alyp barýan işlerimiz häzirki döwürde özüniň gowy netijelerini berýär diýip belledi.

Ýurdumyzda täze ýerler özleşdirilip, ekin dolanyşygyna girizilýär, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullary barha kämilleşdirilýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň gurluşygy tamamlandy. Daşoguz şäherinde täze oba hojalyk instituty açyldy. Wagtyň geçmegi bilen bu instituty tamamlan ýokary taýýarlykly, öz hünärine ussat ýaş hünärmenler ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga düýpli goldaw bererler we öz mynasyp goşandyny goşarlar diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesinde şu ýyl bol galla hasylynyň ýygnalandygyny belläp, işde tapawutlanan ähli kärendeçileri we beýleki oba hojalyk işgärlerini Galla baýramy mynasybetli döwlet sylaglaryna hödürlemegi we olara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy tabşyrdy. Zähmetde ýokary netijeleri gazanyp, öňdebaryjy orunlara mynasyp bolan adamlaryň zähmetine hemişe ýokary baha berilmelidir we olara hormat goýulmalydyr diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň işinde entek kemçilikler dowam edýändigini hem aýtmak gerek diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdirdi. Döwlet Baştutanymyz şu meselä ünsi çekip, oba hojalyk toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerinden ýurdumyzyň oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýyny ýene-de bir gezek içgin seljermegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyna degişli käbir meseleler barada durup geçip, oba hojalyk tehnikasyny netijeli işletmegiň möhümdigini aýratyn belledi. Husasan-da, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bir ýylda galla oragy möwsüminde däne ýygnaýjy kombaýnlar bary-ýogy 30-40 gün işledilýär. Muňa garamazdan, «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy galla oragy möwsümine kombaýnlary bütin ýylyň dowamynda talaba laýyk taýýarlamagy başarmaýar. Geçen ýyldaky ýaly, şu ýyl hem her gün däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 30 göterime golaýy işledilmän, boş durdy. Şeýle ýagdaý esasan hem, kombaýnçylary we oba hojalyk tehnikalaryny abatlaýjy ussalary taýýarlamak meselesine jogapkärçiliksiz garalmagy sebäpli ýüze çykýar diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Mundan başga-da, oba hojalyk maşynlarynyň her bir welaýatyň tebigy howa aýratynlyklaryna laýyk gelýändigi baradaky meselä üns bermek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Her welaýatda ýeriň ýagdaýy, topragyň düzümi biri-birinden tapawutlanýar. Olaryň birinde «Jon Dir» kompaniýasynyň tehnikalary netijeli işlese, beýlekisinde nemes, belarus ýa-da rus kompaniýalarynyň kombaýnlaryny ulanmak has amatly. Şoňa görä-de, daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürýän tehnikalaryny düýpli öwrenmek we biziň şertlerimiz üçin olaryň haýsynyň amatlydygyny subut etmek möhümdir, geljekde biz şol kombaýnlary hem satyn alarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, sürüjileri, tehnikalary abatlaýjy ussalary we häzirki döwürde zerur bolan beýleki hünärmenleri taýýarlamagy hem guramaçylykly ýola goýmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz ýene-de bir gezek nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti galla oragy möwsümine tehnikalary we oba hojalyk tehnikalarynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda ýol beren kemçilikleri üçin, «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasynyň başlygy Ç.Çarlyýewe berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Döwlet Baştutany galla oragy möwsüminde işleriň talaba laýyk guralmagyna, şeýle hem elewatorlaryň gurluşygyna gözegçiligi gowşadandygy üçin wise-premýer M.Akmämmedowa berk käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ara alyp maslahatlaşmalary jemläp, giňişleýin çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi barada durup geçdi we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary belledi.

Milletiň Lideri garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gözümiziň alnynda güýçli depginler bilen ösýändigini, Watanymyzyň dünýä bileleşiginde abraýynyň we ähmiýetiniň barha artýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, bu biziň halkara derejesinde «açyk gapylar» we dürli ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek syýasatyny, ýurdumyzyň dünýä bileleşigine deňhukukly gatnaşyjy hökmünde goşulmak syýasatyny işjeň dowam edýändigimiziň netijesidir diýip nygtady.

Mysal üçin, 2010-njy ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti dürli ýurtlara saparlaryň birnäçesini amala aşyrdy. Bu saparlar köpugurly häsiýete eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň goňşy ýurtlar bolan Russiýa Federasiýasy, Eýran Yslam Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, şeýle hem beýleki ýurtlar, ýagny Hytaý Halk Respublikasy, Fransiýa Respublikasy, Hindistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren, parahatçylygy pugtalandyrmaga niýetlenen başlangyçlarymyzyň giň goldaw tapmagy hem döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyny şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Aşgabatda energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmegiň meseleleri boýunça ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirildi. Şu ýyl bolsa biziň başlangyjymyz boýunça Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ýaragsyzlanmak meselelerine bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň we abraýly halkara guramalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Munuň özi sebitimizi dawasyz, parahat sebite öwürmek, energiýa serişdelerimiziň örän uly gorlaryny bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirmek üçin, ýurdumyzyň sebitde ýüze çykýan meseleleri çözmäge has işjeň gatnaşmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny mundan beýläk-de durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işiniň ähmiýetini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içeri syýasatynyň meseleleriniň üstünde durup geçdi. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin berk esasy üpjün etmäge gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň Konstitutsiýasyna laýyklykda, biziň maksadymyz döwletimiziň ykdysadyýetini kem-kemden bazar gatnaşyklaryna geçirmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Munuň özi ykdysadyýetiň köp ugurlaryna, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna, ýaşaýyş-durmuş meselelerine täsir edýän we köp wagty talap edýän örän çylşyrymly işdir. Bu wezipeleri amala aşyrmak bilen birlikde, biz ýurdumyzda neşekeşlige garşy göreşmek, jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy durmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kanunçylygy has-da berkidýäris. Şunda Türkmenistan halkara guramalary bilen işjeň, arkalaşykly hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler öz gowy netijelerini hem berýär. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha ýokarlandyrýar we dünýä bileleşiginiň biziň ýurdumyzda ynamyny has-da artdyrýar, şeýle hem döwletimiziň maýa goýumlaryny goýmak üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrýar.

Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisinde edilen hasabatlardan görnüşi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özgertmeler güýçli depginler bilen dowam etdirildi. Ýurdumyzyň Hökümetiniň oýlanyşykly amala aşyrýan maýa goýum syýasaty, ýurdumyzda dürli ugurlarda daşary ýurt düýpli maýa goýumlarynyň uly möçberde goýulmagy, ähli dolandyryş edaralarynyň sazlaşykly işlemegi jemi içerki önümiň artmagyny üpjün etdi. Ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek maksadynda görülýän çäreler halkara maliýe guramalarynyň öňyn bahasyna mynasyp boldy.

Milletiň Lideri şu ýylyň 6 aýynyň jemleri barada durup geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde jemi önümiň öndürilişiniň ep-esli artyp, onuň 120,5 göterime barabar bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary hem durnukly depginler bilen ösdi. Hususan-da, gurluşyk pudagynda ösüş 186 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 141 göterime, oba hojalygynda 115 göterime barabar boldy.

Şu döwürde Döwlet býujetiniň girdejiler bölegi artykmajy bilen ýerine ýetirildi. Kiçi we orta telekeçilik has-da ösdürildi. Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýaramaz hadysalara garamazdan, biz iri halkara taslamalaryny hem, içerki taslamalar hem üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berilmegini hem-de şu gün bu şypahana zolagyny gurmagyň ikinji nobatdakysynyň taslamalaryna garalmagyny muňa mysal getirdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýeti bolan, kontinentleriň üstünden geçip, olary birleşdirjek «Demirgazyk-Günorta» halkara demir ýolunyň eýýäm 300 kilometrden gowragy guruldy. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň ýene-de bir şahasyny gurmagyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Şeýle hem uzynlygy 1000 kilometr bolan «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň gurluşygy öz serişdelerimiziň hasabyna we öz güýjümiz bilen alnyp barylýar. Bulardan başga-da, şu döwürde ýurdumyzyň täze nebitgaz ýataklarynyň birnäçesi açyldy.

Ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabady abadanlaşdyrmak işine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we etraplarynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bu ugurda jemi 1 milliard 400 million dollardan gowrak maýa goýumlary özleşdirildi. Şu ýylyň ikinji ýarymynda hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň güýçlendirilmeginiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Saparlyýewe, Baş prokuroryň wezipesine ýerine ýetiriji A.Hallyýewe şol maksatnamanyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň maýa goýum maksatnamasyna umumy baha bermek üçin, häzirki döwürde döwletimizde umumy bahasy 32 milliard 300 million dollara barabar bolan 2100-e golaý desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny, maýa goýumlarynyň möçberiniň geçen ýylky döwür bilen deňeşdirilende 6,5 göterim artandygyny aýtmak ýeterlikdir. Şu ýylyň bäş aýynyň dowamynda maýa goýumlarynyň möçberi 1,5 esse artdy. Bu görkezijiler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna we entek ulanylmaýan kuwwatlyklarynyň hem köpdügine şaýatlyk edýär.

Durnukly makroykdysady görkezijiler, durmuş-syýasy we maliýe durnuklylygynyň derejesiniň ýokary bolan häzirki şertlerinde biziň Watanymyz ygtybarly we häzirki zaman maýa goýumlar üçin barha özüne çekiji ýurda öwrülýär. Dünýä belli firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleriniň ýurdumyza ýygy-ýygydan sapara gelip, özara bähbitli teklipleri hödürleýändikleri hem bu aýdylanlary tassyklaýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu temany dowam etdirip, Halkara pul gaznasy ýaly abraýly halkara guramalarynyň biziň ýurdumyzy öwrenip, şu ýyl döwletimiziň ykdysadyýetiniň güýçli depginler bilen ösjekdigini belleýändiklerine garamazdan, biz öz öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin mundan beýläk-de köp işleri durmuşa geçirmelidiris we yhlas bilen tutanerli zähmet çekmelidiris diýip nygtady. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça göz öňünde tutan uzak möhletli toplumlaýyn maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi durmuşa geçirmek, döwletimiziň hukuk esaslaryny halkymyzyň taryhy demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri şu ýylyň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm çäräniň-welaýat we etrap Halk maslahatalrynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini belläp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy A.Nurberdiýewa we Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy M.Garryýewe bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri barada durup geçip, bilim ulgamynda reformalaryň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň örän wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow talyplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek wezipesi barada aýdyp, degişli ýolbaşçylaryň ählisinden bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi talap etdi.

Ylym ulgamyny özgertmek barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzda amala aşyrylýan ylmy-tehniki syýasat ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna täze, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga, ylym we tehnika boýunça maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge, dünýä standartlaryna laýyk gelýän häzirki zaman düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilmelidir. Ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny güýçlendirmek we mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, ýaşlarymyzy ylma, ylmy-barlag edaralaryna işe has giňden çekmek möhümdir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine degip geçip, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň, ykdysadyýet ulgamynyň, gurluşyk senagatynyň, ýangyç-energetika toplumynyň, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamlarynyň, dokma senagatynyň, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we etraplaryň häkimleriniň öňünde bellenen meýilnamalary hem-de özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça anyk wezipeleri goýdy.

Milletiň Lideri şu ýyl Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň 19 ýyllygynyň, geljek ýyl bolsa şanly 20 ýyllygynyň bellenilip geçiljekdigine ünsi çekip, medeniýet ulgamynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna şu senelere bagyşlap baýramçylyk medeni çärelerini geçirmegi, telewideniýede we radioda gyzykly gepleşikleri taýýarlamagy, teatrlarda täze oýunlary goýmagy, zähmetsöýer halkymyzy wasp edýän ajaýyp edebi we sahna eserlerini, aýdym-sazlary döretmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hususy telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça hem yzygiderli iş alyp barmagyň möhümdigini nygtap, hususy gazetleri we żurnallary döretmek babatdaky meselelere hem degip geçdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz gazeti hem-de żurnaly döredilse, maksadalaýyk bolar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir Türkmenistanda ýolbaşçylara bildirilýän talaplar barada aýdyp, häzirki wagtda özgertmeler ýoly bilen öňe gitmek üçin, guramaçylyk ukyplaryndan we ykdysadyýetiň esaslaryny bilmekden başga-da, ýolbaşçy wezipedäki adamlar syýasatçy hem bolmalydyr diýip nygtady. Biz mundan beýläk-de ýolbaşçylara guramaçylyk ukybyna, işeňňirligine, işe yhlasyna, çylşyrymly hem-de kyn wezipeleri ýokardan görkezmä garaşman. özbaşdak çözmegi başarýandygyna görä baha bereris diýip milletiň Lideri aýtdy. Elbetde, her bir ýolbaşçy hakyky watançy, halal hem-de ýokary ahlakly adam bolmalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlamak bilen, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça, umuman, gowy netijeleriň gazanylandygyny, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilendigini ýene-de bir gezek belledi. Bu üstünlikler halkymyzyň, şol sanda dürli derejedäki ýolbaşçylaryň yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti bilen gazanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Degişli makalalar

Türkiýäniň Halkara Ýük Daşaýjylar Birleşiginiň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy Bilen Geçirilen Duşuşyk

syrach

Türkmen Futbolçysyna Taý Tapylmadyk Möwsüm

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Ýokary Derejeli Türgenleri Taýýarlamak Ulgamy Döwrebaplaşdyrylýar