YKDYSADYÝETDöwrebap söwda merkezi halkyň hyzmatynda 24.08.2010 Paýlaş0 Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek üçin hususy telekeçilere döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Munuň şeýledigine diýarymyzyň ähli künjeklerinde açylýan hususy kärhanalar hem şaýatlyk edýär. Golaýda “Awtoline” hojalyk jemgyýeti Türkmenabatda täze şahamçasyny açdy. Söwda we hyzmatlar merkezinde Germaniýa, Türkiýe, Hindistan, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň awtoulaglar üçin niýetlenen tigirleri, akkumulýatorlary we beýleki önümleri elýeterli bahadan satylýar. Şeýle hem dükanda müşderilere ýokary hilli hyzmat hödürlenýär. Müşderilere satylan önümler bir ýyla çenli kepillendirilendir. Dükanda “michelin”, “hankook”, “apollo”, “yigit akü”, “mutlu” ýaly dünýä belli markalaryň önümleri hödürlenýär. referans: www.zamantm.com