8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen – täjik dostlugynyň üýtgewsiz nyşany

Şu gün Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde täjik dilinde neşir edilen «Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa hökümet agzalary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän deiplomatik missiýalaryň wekilleri, ylym, bilim we medeniýet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlar şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu kitabyň Täjigistanda çap edilmegi türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm waka öwrüldi. Täze neşir täjik halkynyň Türkmenistana has giňden göz ýetirmegine, täze taryhy eýýamy – täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyny esaslandyryjy – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply döwlet we jemgyýetçilik-syýasy işi barada anyk maglumat almaga mümkinçilik berer.

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Işleri Wagtlaýyn ynanylan wekili Nazirmad Aliýew kitabyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň iki doganlyk halklaryň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan medeni gatnaşyklary ösdürmekdäki hem-de çuňlaşdyrmakdaky aýratyn ornuny belledi.

Şunuň bilen baglylykda dabara gatnaşyjylar milletiň Lideriniň öňe sürýän dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa ýakyn goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmelerini biragyzdan goldamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Degişli makalalar

Prezidentimiz taryhy ähmiýetli halkara resminamasyna gol çekmek dabarasyna gatnaşdy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Nobatdaky Mejlisini Geçirdi