Daşoguz welatynyň pagta kabul ediş punktlaryna 2010-njy ýylyň pagta hasylynyň ilkinji tonnalary getirilip başlandy. Ýygym möwsüminde Gubadag, Boldumsaz we Köneürgenç etraplarynyň pagtaçylary öňde barýarlar.
Mälim bolşy ýaly,ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda pagta ýygym möwsüminiň başlanmagy däbe öwrülen «ak kerwen» dabarasy bilen alamatlandyryldy, ol S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynda geçirildi.
Häzirki ýygym möwsüminde Daşoguz welaýatynyň ekerançylary 140 müň 205 gektar pagta meýdanyndan 230 müň tonna pagtany ýygnamagy we döwlete tabşyrmagy niýet edinýärler.
Bu ýerde ýygym möwsüminiň geçen ýyl bilen deňeşdirilende has ir badalga alandygyny bellemek gerek, munuň özi zerur agrotehniki çäreleriň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň netijesi boldy. Welaýatyň pagta meýdanlarynda gowaçanyň ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan sortlary ekildi, olar ýeterlik derejede ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar.
Indi welaýatyň ekerançylarynyň öňünde has möhüm wezipe—etişdirilen oňat hasyly ýitgisiz ýygnamak, ýygym möwsümini amatly möhletlerde geçirmek wezipesi durýar. Ýygym tehnikasy bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmalydyr. Möwsümiň barşynda meýdanlara «Keýs» we «Jon Dir» kysymly kombaýnlaryň 143-si çykarylar. Kabul ediş nokatlary we pagta arassalaýjy kärhanalar gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi, «Daýhanbankyň» ýerli bölümleri bolsa kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşmagy üpjün ederler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm