13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Döwlet aýlawynda nobatdaky at çapyşyklary geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky döwlet aýlawynda at çapyşyklarynyň 10-sy geçirilip, olarda ahalteke bedewleriniň 80-si ýyndamlykda bäsleşdiler.

1200 metr aralykda üçünji topardaky ikiýaşar bedewleriň arasynda Dagly (1 minut 21,4 sekunt) we Şelpeli (1 minut 24,1 sekunt), 1600 metr aralykda üçünji topardaky üçýaşar atlaryň arasynda bolsa Gymmatguş (1 minut 56,4 sekunt) we Päle (1 minut 58,2 sekunt) ýeňiji boldular.

Aýratyn toparda çykyş edýän behişdi bedewleriň arasynda çekeleşikli bäsleşik dowam etdi, oňa dört gezek ýeňiji bolan atlar girýärler. Bu çapyşyklarda ikiýaşar bedewleriň arasynda 1600 metr aralykda geçirilen ýaryşda Karar (1 minut 55,1 sekunt), üçýaşar bedewleriň arasynda 2400 metr aralykda Gyzyldon (2 minut 53,3 sekunt) we Bahreýn (2 minut 56,5 sekunt), dörtýaşar we ondan uly atlaryň 2 müň metr aralykdaky bäsleşiginde Meleguş (2 minut 27,3 sekunt), 2400 metr aralykda Dost (3 minut 06,3 sekunt) we 3200 metr aralykda bolsa Gökhan (3 minut 54,3 sekunt) pellehana ilkinji bolup gelmegi başardylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Aziada-2017-ä Bosgun Türgenleriň Gatnaşmaklarynyň Mümkinçilikleri Baradaky Meselä Garamagy Tabşyrdy

10 Ýaş Biziň Geljegimiz Atly Fotosuratlar Bäsleşiginiň Jemi Jemlenildi

Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň Ilçisi Işläp Başlady