8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün deňiz ýakasyndaky şäheriň Halkara aeromenzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda geçen hepdäniň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň gündelik wezipeleri we möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gysgaça hasabatlarda geçirilýän gündelik iş hakynda, hususan-da, daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy we başgalar hakynda hasabat berdiler.

Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara ýakyn wagtlarda bellenilen saparlaryna taýýarlyk görmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premer B.Hojamuhammedow nebitgaz pudagynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň meýillnamalary we geljegi hakynda Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi. Bu babatda B.Hojamuhammedow ýakyn wagtlarda iri nebitgaz korporasiýalarynyň — «Şewron» /ABŞ/ we «Total» /Fransiýa/ korporasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana gelip görjekdigi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Şol kompaniýalaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň energetika pudagyny ösdürmäge gatnaşmagyna degişli meseleleriň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmagy geçiriljek gepleşikleriň maksady bolar. Hususan-da, saparyň barşynda «Şewron» we «Total» kompaniýalarynyň Hazar deňziniň türkmen böleginde işlemegi hakynda gürrüň bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli nebitgaz pudagymyzy ösdürmegiň möhüm strategiki ugry hökmünde daşary ýurt döwletleri we iri halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtady.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary öz pudak edaralarynda geçirilýän işler hakyndaky, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygynyň baýram edilmeginiň paýtagtymyzda geçiriljek harby ýörişe görülýän taýýarlygyň barşy hakyndaky hasabatlar bilen çykyş etdiler.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda baýramçylyk dabaralaryny geçirmegiň jemleri aýratyn tema boldy, şol ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň iň oňat wekillerini hormatlamak hem-de amfiteatr we deňiz suw çüwdürimi bolan özboluşly seýilgäh ansamblynyň toplumynda täze desgalary işe girizmek dabarasy boldy.

Bu ýerde ýakynda işe girizilen täze desgalaryň, hususan-da, teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň hem-de seýilgäh zolagynyň suw çüwdürimleriniň giň möçberlidigine olaryň tehniki häsiýetnamalary hem şaýatlyk edýär, şol suw çüwdürimleri üçin 8 gektardan gowrak ýer bölünip berildi. Mysal üçin, deňizde kenardan 185,5 metr aralykda ýerleşen deňiz suw çüwdüriminiň netijeli işlemegini 46 sany kuwwatly suw sorujylar üpjün edýär, olar deňiz giňişliginden 42 sany suw çüwdüriminiň 100 metr belentlige atylyp çykmagyna mümkinçilik berýärler. Olar iň kuwwatly suw çüwdürimi bolan merkezi suw çüwdürimi bilen utgaşyp, 26 metr radisdaky suw ekranyny emele getirýär. Deňiz suw çüwdürimi gije-gündiziň garaňky wagtlary her biriniň kuwwaty 1000 Wt bolan suwasty yşyklandyryjylaryň 104-si, şeýle hem kuwwaty 4000 Wt bolan gapdaldan ýagtylyk berýän prożektorlaryň 52-si bilen yşyklandyrylýar. Seýilgäh suw çüwdürimleriniň umumy meýdany 8057,95 inedördül metre barabardyr, şolarda sazly suw çüwdürimleriniň 13-si, çagalar üçin suw çüwdürimleriniň 8-si, bezeg suw çüwdürimleriniň 12-si—jemi umumy ýagdaýda hrustal suw çüwdürimleriniň 6 müňden gowragyndan ybarat bolan suw «feýerwerkini» döredýän suw çüwdürimleriniň 33-si ýerleşendir. Şol gözelligi suw sorujylaryň ýarym müňe golaýy we suw çüwdüriji enjamlaryň şonçasy, suwasty yşyk beriji — diod yşyklandyryjylaryň iki müňe golaýy, şeýle hem kuwwaty 1000 Wt bolan suwasty yşyklandyryjylaryň 396-sy üpjün edýär.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyzlyk gününiň öňde boljak baýramçylygyna degişli çärelere, senagat, durmuş-ykdysady ähmiýetli täze desgalaryň açylyşyna taýýarlyk görlüşi hakynda hasabatlar hem berildi. Açylyşyna taýýarlyk görülýän desgalaryň hatarynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeý hem bar, şol ýerde planetamyzyň dürli künjeklerinden getirilen haýwanlaryň wekilleri mesgen tutar.

Türkmenistanyň Prezidenti aýdylan habarlary diňläp, Garaşsyzlygymyzyň 19 ýyllygynyň hormatyna dabaralary geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmegi degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Döwlet Baştutany täze zoologiýa toplumynyň aýratyn hem ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek, jemgyýetimiziň aň-düşünjesinde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek üçin terbiýeçilik ähmiýeti hakynda söz açyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň pitomniginden ähli haýwanlary we guşlary Janly tebigatyň muzeýine sowgat berýändigi hakynda habar berdi.

Mejlisde şu gün geçirilen ählihalk ýowarynyň jemleri baradaky meselä hem garaldy, şol ýowara «Awazada» döredilýän täze ýaşyl zolakda agaç nahalyny oturdyp, Türkmenistanyň Prezidenti badalga berdi. Wise-premer M.Akmämmedow häzirki giň möçberli çäräniň barşy hakynda döwlet Baştutanyna hasabat berdi, şol çärä watandaşlarymyzyň müňlerçesi gatnaşdy. 324 müň agaç nahalyny oturtmak göz öňünde tutulýar. Tutuşlygyna alnanda agaç nahallaryny oturtmagyň şu güýzki möwsüminde ýurdumyzyň bagy-bossanlaryna 2 milliona golaý agaç nahallary goşular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam etdirip, öz gözegçilik edýän pudaklarynda we ugurlarynda döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklaryny wagtynda ýerine ýetirmegi üpjün etmek bilen, işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamaga wise-premerleri çagyrdy. Milletiň Lideri ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň ilkinji nobatdaky wezipelerini belläp, milli däpleri, türkmenleriň baý ruhy mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we baýlaşdyrmak, ýaşlarda Watanymyzyň şöhratly taryhyna, dogduk topragymyzyň gözelligine ýokary söýgi we hormat goýmak duýgusyny kemala getirmek bilen baglanyşykly meselelere birsyhly üns bermegiň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine hem garaldy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Latwiýa Parlamentiniň Başlygy Bilen Duşuşyk

syrach

Buharest Uniwersitetiniň Wekiliýetiniň Sapary

turkmenhabargullugy

Topragyň gorlary – adam bähbitleri üçin.

syrach