Milli ykdysadyýetimiziň örän geljegi uly pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň infrastrukturasyna täze ýokary tehnologiki kärhana goşular.Ruhabadyň sintetik we pagta garyşyk ýüplük öndürýän fabriginiň açylyş dabarasy şanly sene bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygy mynasybetli baýramçylygyň öň ýanyndaky gurluşyk we senagat desgalarynyň açylyşynyň hatarynda aýdyň wakalaryň biri bolar.
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, dünýä bazaryna işjeň goşulyşmak bilen baglanyşykly çuňňur özgertmeleri başdan geçirýär. Bu babatda dokma senagatyna aýratyn orun degişlidir, ol diňe soňky üç ýylda ägirt uly ösüş gazandy we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň eksporta ugur alan möhüm pudaklarynyň biri boldy. Pudaklaýyn kärhanalar tarapyndan öndürilýän ýokary derejeli, ekologiýa taýdan arassalygy we ýokary hili boýunça ähli halkara standartlaryna laýyk gelýän, bäsleşige ukyply önümleriň ýetmiş göterimden gowragy häzirki wagtda eksporta gidýär.
Pudagy ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna laýyklykda täze häzirki zaman kärhanalaryny döretmek göz öňünde tutulýar, olaryň ulanylmaga berilmegi her ýylda 254 müň tonna çenli pagta süýümini gaýtadan işlemäge, ýüplük öndürmegi bir ýylda 224 tonna çenli we matalaryň täze dürli görnüşlerini öndürmegi 305 million inedördül metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda gurlan täze fabrik bu wezipelere doly derejede laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda täze önümçilik toplumyny Dokma senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça meşhur «Engin Group» türk kompaniýasy ulanmaga doly taýýar ýagdaýda gurdy. Munuň özi Türkmenistanda pagta süýüminden we himiki süýüm bolan poliesterden garyşyk ýüplük öndürýän ilkinji fabrikdir. Täze kärhanada egirmegiň iki görnüşinde, ýagny, halkalaýyn usulda (Ring) we pnewmomehaniki usulda pagta hem-de sintetiki süýümlerden dünýä bazarynda aýratyn geljegi uly bolan garyşyk ýüplük öndüriler. Fabrigiň ýyllyk kuwwaty bir ýylda 13014 tonna ýüplüge barabardyr.
Italiýanyň «Marzoli» we «Savio» firmalarynyň enjamlarynyň oturdylmagy netijesinde sarp edijiniň buýurmasy boýunça berlen görkezijiler bilen dünýä bazarynda geljegi uly ýüplügi öndürmegi düzgünleşdirmek mümkindir. Önümçilik prosesi doly awtomatlaşdyrylandyr, gözegçilik edilýän elektron dolandyryşa tabyn edilendir. Welaýatyň ýüplük egriji fabriklerinde köp mukdarda öndürilýän tebigy süýüm önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat eder, poliester ýüplükleri bolsa daşary ýurtlardan getirilýär. Germaniýanyň «Textechno» firmasynda öndürilen, hile gözegçilik edýän laboratoriýa abzallary önümçiligiň ähli tehnologiki ulgamyny jikme-jik yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Gypjakdaky trikotaž kombinaty we Gökdepedäki trikotaž toplumy ýaly iri senagat kärhanalarynyň gönüden-göni golaýynda ýerleşen fabrik pagta çig malyny gaýtadan işlemekden taýýar önüm çykarmaga çenli önümçilik ulgamynda möhüm halka bolar. Ýokary derejede berkligi, ýygyrt tutmazlygy, has owadanlygy şeýle ýüplükden taýýarlanan mata polotnosynyň möhüm hil häsiýetleridir. Öndürilýän önüm dokma toplumlarynyň dokma önümçiligine gelip gowşar. Önümiň bir bölegi daşary ýurtly önüm öndürijilere eksporta iberiler. Şeýlelikde, täze fabrigiň ulanylmaga berilmegi dünýäniň dokma bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşini çykarmagy ýola goýmak bilen bir hatarda, matalaryň we olardan tikilen taýýar önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça ýurdumyzyň dokma we tikin kärhanalarynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer. Munuň durmuş tarapy hem möhümdir, täze kärhanada täze iş orunlarynyň 600-si dörediler.
Ýakyn geljekde garyşyk ýüplügi öndürýän kärhananyň ýanynda dokma we boýag fabrikleriniň gurluşygy başlanar. Kärhanalar toplumynyň gurulmagy pudagy ösdürmegiň strategiki meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň maksatlary—ykdysadyýetiň bu sektoryny çig maly gaýtadan işlemekden ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge çenli doly önümçilik tapgyryna geçirmek, ýurdumyzyň bazarlaryny import edilýän harytlaryň ornuny tutýan dokma önümleriniň örän köp dürli görnüşleri bilen baýlaşdyrmak bilen şertlenendir.
referans: www.zamantm.com