17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň baýramçylyk gözden geçirilişi açylýar

Ertir, 17-nji oktýabrda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň üstünliklerine we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlanylan ykdysady üstünlikleriň sergisi açylýar, onuň çäklerinde «Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan täze galkynyşlaryň ýurdudyr» atly ylmy maslahat geçiriler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanylan bu däp bolan ykdysady gözden geçirilişi ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty, söwda-senagat edarasy guraýar.

Üç günüň dowamynda Sergi köşgünde Türkmenistanyň belli bir ugurly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň hem-de guramalarynyň, esasy önüm öndürijileriň we işläp taýýarlaýjylaryň köp sanly ekspozisiýalary ýaýbaňlanar. Bu giň möçberli gözden geçiriliş döwrebaplaşdyrmak we innowasion ösüş ýoly bilen gidýän milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň barşynda gazanylanlary we durmuşa geçirilen taslamalaryň netijelerini aýdyň görkezer.

Nebitgaz çykaryş, nebithimiýa we himiýa, energetika hem-de elektrik üpjünçiligi, maşyn gurluşygy, dokma önümçiligi, farmokologiýa, poligrafiýa, gurluşyk we binagärlik, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, oba hojalygy, önümleri gaýtadan işleýän we azyk senagaty, syýahatçylyk, intererleri bezemek we mebel ýaly ykdysadyýetiň sektorlarynda ösüş depginini we gazanylan üstünlikleri aýdyň görkezer.

Önümçilik sektoryny we eksporta ugur alan, taýýar önümleri çykarýan senagat pudaklaryny ösdürmek Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda milli ykdysadyýetimiziň möhüm sektorlarynyň stendleri ýurdumyzyň barha artýan eksport mümkinçiligini we ýurdumyzyň dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleriniň tutýan berk ornuny dolulygy bilen beýan edýär.

Sergi ýurdumyzyň welaýatlaryndaky özgertmeleriň depginleri we olary ösdürmegiň geljegi hakynda düşünje almaga hem mümkinçilik berer, şol ýerlerde hem progressiw tehnologiýalaryň we öňdebaryjy dünýä tejribesiniň giň möçberli ornaşdyrylmagy geçirilýär. Milli ykdysadyýetimizde güýç toplaýan we ornaşýan telekeçilik sektory sergide özüniň artýan mümkinçiliklerini görkezer.

Serginiň maksatnamasynda aýratyn orny eýeleýän ylmy maslahatyň wezipesi ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň, onuň halkara hojalyk prosesindäki ornunyň giňişleýin we wekilçilikli tanyşdyrylyşyny geçirmekden, mundan beýläkki ösüşiň geljegini, innowasiýalary we täze tehnologiýalary has netijeli we rejeli peýdalanmagyň ýollaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Biziň ýurdumyzda şular ýaly işewürlik çäreleri netijeli gural bolup, ol Türkmenistana okgunly özgertmeleriň gazanylan depginine, häzirki dünýäniň talaplaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelmegi üpjün etdi. Gepiň gerdişine görä aýdylsa, Türkmenistanyň II Halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylar hem häzirki serginiň hormatly myhmanlary bolarlar, şol forum 18-nji oktýabrda Aşgabatda öz işine başlaýar. Serginiň çäklerinde maýa goýum forumyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň hem-de gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

2016-njy Ýylda Senagat Önümleriniň Ýarysyndan Gowragyny Hususy Ulgamyň Kärhanalary Öndürdiler

Kuwwatly elewatorlaryň ýene biri ulanmaga berildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Nebitgaz Pudagyny Ösdürmek Boýunça Maslahat Geçirdi