Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi merkezinde ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Her ýylda ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda guralýan bu gözden geçiriliş Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty tarapyndan guraldy.
Serginiň açylyş dabarasyna hökümetiň, milli parlamentiň agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we ony guraýjylara Gutlag hatyny iberdi. Şonda döwlet Baştutany: «Ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi bagtyýar halkymyzyň yhlasly zähmet çekip, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi has-da berkidýändigini, pugtalandyrýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezer» diýip belleýär.
Paýtagtymyzdaky ekspozision merkezde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we täzeden guramakda öz möçberi boýunça görlüp-eşidilmedik prosesiň barşyny beýan edýän köp sanly ekspozisiýalar ýerleşdirildi. Sergi toplumynyň jaýynyň iki gatynda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly önümleriň we harytlaryň aňrybaş nusgalary görkezilýär. Birkemsiz bezelen we ýöriteleşdirilen pawilonlaryň onlarçasy serginiň myhmanlaryny ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrýar.
Sergide energetika we senagat, nebit, gaz, nebithimiýa, dokma we halyçylyk, maliýe serişdeleri, telekeçilik, gurluşyk we gurluşyk materiallary, binagärlik, transport, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, oba hojalygy, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim we sport, söwda we poligrafiýa, tebigaty goramak we bagy-bossanlyga öwürmek ýaly bölümler bar. Bu ugurlaryň sazlaşykly ösdürilýändigi köp sanly wideorolikler arkaly görkezilýär, bu ýazgylar sergidäki ekspozisiýalara has oňat düşünilmegine ýardam berýär, şeýle hem bu ösüş neşir edilen materiallar—bezelen bukletler, broşýuralar, żurnallar arkaly görkezilýär. Galyberse-de, pudaklara degişli stendleriň ýanynda işleýän konsultantlar sergä gelenlere özlerini gyzyklandyrýan eksponatlar, kärhananyň ýa-da tutuş pudagyň ösüşine degişli meýilnamalar barada täsirli gürrüň bererler.
Ekspozisiýalaryň mazmuny we serginiň işewürçilige degişli maksatnamasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli sektorlaryna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Döwlet konsernleriniň we assosiasiýalaryň, banklaryň ählisinde we Haryt-çig mal birżasynda, üstünlik gazanýan kärhanalaryň birnäçesinde, şeýle hem ýurdumyzyň industriýasynyň öňde baryjysy hasaplanýan Tüpkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ösüş depginleriniň hem-de maýa goýumly we milli taslamalary amala aşyrmagyň netijelerini aýdyň görkezýär.
Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugy, Döwlet balyk hojalygy komiteti we beýlekiler bar. Sergide täze, şeýle hem öňden bäri sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän harytlar görkezilýär. Birentek eksponentler sergä gelenlere öz önümlerini dadyp görmegi teklip edýärler, azyk senagatyna degişli döwlet we hususy kärhanalaryň süýji nygmatlar, miwelerden taýýarlanan içgiler, et önümleri we ş.m. goýulan stendleri sergä gelenleriň ünsüni çekýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ekspozisiýasynyň ýanynda ýerli dermanlyk otlardan taýýarlanan dürli çaýlary dadyp görmek bolýar.
Türkmenistanyň Metbugat merkeziniň «Galkynyş ylhamy» düzüminiň önümine hem uly gyzyklanma bildirildi, ol täze kitaplardan, okuw kitaplaryndan, döwürleýin neşirlerden daşgary öz ekspozisiýasyna sanly SD we DVD arkaly taýýarlanan neşirleri hem goşupdyr. Ýeri gelende aýtsak, milli nusgawy edebi eserleri, tanymal türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň işlerini özünde jemleýän şunuň ýaly audio kitaplar ýaşlarda has uly gyzyklanma döretdi.
Nebitgaz toplumyna degişli dolandyryş edaralarynyň giňişleýin ekspozisiýasynda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda ýerleşýän baý tebigy ýataklarda uglewodorod serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek üçin niýetlenen döwrebap desgalaryň maketleri, kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça işlenip düzülen taslamalar goýlupdyr. Biziň ýurdumyzdan «mawy ýangyjyň» eksporta akdyrylýan ugurlary «Türkmengaz» Döwlet konserniniň wideo kartasynda täsirli görkezilipdir, şonda türkmen gazynyň Hytaýa, Eýrana we Russiýa hem-de ýakynda ulanmaga berlen we ýurdumyzyň eksport üçin niýetlenen ulgamyna goşulan Merkezi Garagum—Ýylanly gaz geçirijisiniň akdyrylýan ugruny görmek bolýar. Şeýle hem geljekki ýangyç geçirijiler, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisi täsirli suratlandyrylýar.
Himiýa pudagyna degişli stendleriň ýanynda hem köp adamlar ýygnanýar, çünki bu pudak hem ileri tutulýan ugur hasaplanýar. «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň eksponatlarynyň arasynda kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagynyň binýadynda gurulýan dag—magdan kärhanasynyň maketi bar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna degişli täsirli pawilonlar tutuş Türkmenistan boýunça ekspress-syýahat etmäge we her bir welaýatyň haýsy önümi öndürýändigi, ýerli oba adamlarynyň we telekeçileriň ýaşaýşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň sergidäki pawilony hem öz janly eksponatlary bilen, ýakymly täsir galdyrdy. Şolaryň arasynda türkmen tazylary, türkmen itleri, guşlar we beýlekiler bar. Aşgabat şäher häkimliginiň stendinde bolsa paýtagtymyzdaky ýollaryň bezelişi we güýz äheňleri görkezilýär, bular şäheriň binagärligine mahsus peýzażlary suratlandyrýar. «Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň ekspozisiýasyny hem özboluşly pawilonlaryň hatarynda görkezmek bolar, şol ekspozisiýa uçaryň salonyna meňzeş görnüşde bezelipdir, «bortdaky» stýuardessalar bolsa onuň täsirliligini has-da artdyrýarlar.
Dokma senagaty ministrligi ýurdumyzyň halk hojalygynyň eksporta gönükdirilen esasy pudaklarynyň birine degişli önümleri görkezip, Türkmenistanda öndürilýän dokma önümlerine uly isleg bildirilýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. «Türkmenhaly» Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň, şeýle hem halyçylyk bilen iş salyşýan köp sanly telekeçileriň we milli hünärmentleriň döwrebap haly önümleri sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda ykdysady reformalary durmuşa geçirmekde hususy sektor döwletiň hyzmatdaşy bolmak arkaly, oňat hilli harytlary we hyzmatlary teklip edýär, azyk önümleriniň, poligrafiýa önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň, amaly-haşam sungatyna degişli zatlaryň we beýlekileriň öndürilmegine ep-esli serişdeleri gönükdirýär. Sergi bilen bagly iş bolsa türkmen biznesmenleriniň marketing boýunça geçirýän syýasatynyň bir bölegine öwrüldi.
Sergidäki ekspozisiýada bilim ulgamyndaky reforma hem öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli ýaşdaky mekdep okuwçylary üçin niýetlenip, mekdepdäki diňe bir esasy däl-de, goşmaça sapaklar boýunça okuw kitaplary çykarylýar. Bilim ministrliginiň stendinde ýokary okuw mekdepleriniň okuw laboratoriýalarynda ulanylýan döwrebap enjamlar, abraýly sport bäsleşiklerinde we intellektual olimpiadalarda gazanylan kuboklar goýlupdyr. Bu ýerde beýleki taslamalaryň arasynda, häzirki wagtda Türkmen politehniki institutynyň paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan binasynyň maketi hem bar, şol maket bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan taýýarlanypdyr.
Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň, «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagy boýunça komitetiň ekspozisiýalary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýurdumyzyň alymlarynyň gazanan üstünliklerini, potensialyny, geljek üçin niýetlenip işlenip taýýarlanan çözgütlerini görkezip, milli ylym mekdebiniň ylmy we tehnologik taýdan gazananlaryna gyzyklanma bildirýän taraplaryň uly toplumynyň ünsüni çekýär.
Bir söz bilen aýdanyňda, bu sergi diňe bir önüm öndürijileriň üstünlikleri bilen däl-de, ýurdumyzyň intellektual kapitaly bilen içgin tanyşmaga oňaýly mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň Prezidenti serginiň ähmiýeti barada aýdyp: «Sergä gelip onda ýerleşdirilen eksponatlary synlan adamlaryň her biri ykdysady, medeni ugurlarda ýeten belent sepgitlerimizi, gazanan üstünliklerimizi görüp, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň netijesinde ýokary derejede belent işleri amala aşyryp bilýändigine şaýat bolarlar» diýip belledi. Örän gysga taryhy döwürde Türkmenistanda bolup geçen we dowam edýän ýagdaýlary, hakykatdan-da, gudrat diýip atlandyrmak bolar. Şol gudrat türkmen halkynyň döredijilikli ruhy bilen dünýä indi.
Sergä örän köp sanly adamlaryň gatnaşmagy we onuň giň jemgyýetçilik seslenmesini döretmegi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň—umumymilli möçberdäki çärä öwrülip, ýurdumyzyň harytlarynyň sarp ediş bazaryndaky hereketini görkezmek, sazlaşykly ösýän, syýasy taýdan durnukly, ruhy we sosial taýdan berk binýatly we halkyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini yzygiderli ýagdaýda artdyrýan döwlet hökmünde ýurdumyzyň gazananlaryny äşgär etmek üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny ýene-de bir subut etdi.
Bir söz bilen aýdanyňda, şu sergi uly möçberli çäre bolmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ösüşiniň gazanylmagyna, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň üpjün edilmegine, ösüşe we rowaçlyga ýardam berilmegine gönükdirilen täze ýeňişlere, anyk hereketlere we ädimlere ruhlandyrýan çagyryş bolup durýar.
Şu serginiň çäklerinde «Garaşsyz, bitarap Türkmenistan—beýik özgertmeleriň ýurdy» atly ylmy maslahat açyldy. Onuň gün tertibine türkmen döwletiniň ykdysady syýasatyna, içerki we daůarky bazarlarda harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň görkezilmegine degişli meseleler goşuldy. Şeýle hem ylmy maslahat täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek, onuň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny pugtalandyrmak boýunça täze ylmy ideýalary öňe sürmäge mümkinçilik berer.
referans: www.turkmenistan.gov.tm