Köpçülikleýin Saglyk ýoluna çykyldy.Bu ýerde, Giňdiwaryň eteginde Köpetdagyň 8 kilometrlik pyýada ýoluny geçmek üçin ir säher bilen welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetde çagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek meselelerine berýän ägirt uly ünsi netijesinde türkmen sport hereketi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe görlüp-eşidilmedik derejä çykdy. Hut Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde bu gün ýaş neslimiz döwrebap sport toplumlarynda sport bilen meşgullanýar. Şeýle toplumlar tutuş ýurdumyz boýunça häzir eýýäm ýüzlerçe desgalara barabardyr.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä belli bedewleriň muşdagy, sport awtoulaglarynyň janköýeri, söweş sungatlarynyň, şeýle hem sportuň birnäçe beýleki görnüşleriniň ussady bolup durýar. Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz işiniň köpdügine garamazdan, Saglyk ýoluna hem yzygiderli çykýar.
Köpçülikleýin ýörişleriň barşynda, şol sanda şu günki ýörişiň dowamynda oňa gatnaşyjylara Saglyk ýolunyň belli bir aralyklarynda türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden ýasalan çaýlaryň hödürlenýändigini bellemek gerek.
Giňdiwaryň gerşinden açylýan ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi, uç-gyraksyz ekin meýdanlary we pürli agaçlaryň tokaýlyklary, belent daglaryň gözel görnüşi açylýar. Arassa dag howasy, tebigatyň gözelligi ýörişe gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy.
Çärä gatnaşyjylary pellehanada köp sanly türgenlerfutbolçylar, tennisçiler, basketbolçylar, welosipedçiler we beýlekiler garşyladylar. Olar bu ýerde öz görkezme çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Mahlasy, sport baýramçylygy Saglyk ýoluna çykanlara ençeme oňat duýgulary peşgeş berdi. Saglyk ýoly bu gün diňe sagdyn durmuş ýörelgesiniň nyşanyna däl-de, eýsem türkmenistanlylaryň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrüldi.