14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Amyderýada köprüleriň gurluşygy dowam edýăr.

Bu desgalaryň gurluşygyny alyp barýan Ukrainanyň ýol gurluşyk şereketiniň önümçilik bazasynyň ýerleşýän ýeri bolan derýanyň çep kenarynda demirbeton sütünleriniň guýularyny burawlamak işleri alnyp barylýar.

Burawlamaklygyň çuňlugy 50 metre – gaty topraga çenli ýetýär. Bir guýynyň burawlamak we beton işleri bir gije-gündüzde tamamlanýar. Şular ýaly ýokary depginli işler beýleki ýene-de bir desgada – ölçegi boýunça biraz kiçiräk derýanyň üstünden geçýän awtoulag köprüsiniň gurluşygynda hem alnyp barylýar. Häzirki günlerde Amyderýanyň çep kenarynda her bir iş güni diametri bir ýarym metr bolan demir-beton sütünleriň ikisiniň goşulmagy bilen tamamlanýar.

Täze ýylda gurluşykcylar şäherçäniň golaýynda ýygnama-sökme gurluşlardan gurlan jaýda tam toýuny baýram etdiler. Bu ýerde adminstratiw binasy, ýaşaýyş jaýlary, naharhana, lukmançylyk nokady, dynç alyş we sport şäherçesi bolar. Ukrainaly gurluşykçylar Merkezi Aziýa sebtinde iň iri Amyderýanyň üstünden geçýän köprüni gurmak bilen, bu ýerini ýaşaýjylarynda özleri barada ýakymly duýgulary galdyrmagy maksat edinýärler. 

Degişli makalalar

Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy

Mejlisiň Kada-Kanunçylyk Baradaky Komitetiniň Başlygy Serdar Berdimuhamedow Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirdi

turkmenhabargullugy