17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň /AOG/ prezidenti şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahy kabul etdi.

Myhman türkmen döwletiniň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirmek bilen, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň sport ulgamynda oňyn syýasaty bilen dünýäde tanalýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow AOG-niň ýolbaşçysyna hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer maksatlaryna mydama ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz AOG bilen sport ulgamynda netijeli sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjek däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesi boýunça pikir alşyp, ony has-da giňeltmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde, häzirki zaman sport düzümini döretmekde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandygyny beýan etdi.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu abraýly bäsleşikler türkmen paýtagtynda bina edilýän Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Onuň düzümine dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragy girer. Bu ýerde türgenler hem-de tomaşaçylar üçin örän amatly şertler dörediler, şeýle hem sport we ýaryşlara hyzmat etmek ulgamynda işlemek üçin beýleki hünärmenlere oňaýly mümkinçilikler dörediler.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Aziada-2017-ä taýýarlyk görmäge we Olimpiýa şäherçesini gurmaga ägirt uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirip, sebitde bu iri sport desgalarynyň toplumynyň işlenip taýýarlanan taslamasynyň derejesine ýokary baha berdi, olar Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň tehniki tertibine, iň ýokary halkara ülňülerine doly laýyklykda gurulýar. Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahyň belleýşi ýaly, V Aziýa oýunlary ýaly şeýle uly möçberli ýaryşlary Aşgabatda geçirmek gürrüňsiz suratda Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrar, bütin dünýäde sporty wagyz etmäge ýardam eder.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanda 2017-nji ýyla çenli döwürde geçirmek bellenilýän sport çäreleriniň meýilnamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky dünýäde parahatçylygy we oňyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň aýrylmaz şerti bolan halkara olimpiýa hereketiniň döredijilik maksatlaryna kybap gelýän netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Bitaraplyk we Parahatçylyk

syrach

Ýeňiş Ýörişi-Geçmişe Syýahat

Skaýranning Boýunça Türkmenistanyň Kubogyny Almak Ugrundaky Ýaryşda Ýeňijiler Belli Boldy