17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, oba hojalygynda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreleriň barşyna, medeni ähmiýetli çäreleri guramak bilen baglanyşykly wezipelere seredildi. 

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bu welaýata gözegçilik edýän orunbasary P.Taganowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly işlenip taýýarlanylan maksatnama hem-de sebitiň hojalyklarynyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň alnyp barlyşy, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki düzümleri ýaz ekişine taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy we sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işlere geçirilen gözegçiligiň netijeleri barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, her bir etrapda ähli ugurlar boýunça iş meýilnamalaryny düzüp, olary bellenen tertipde tassyklamak hem-de ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada häkime we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda suw tutmak işleriniň ýaramaz alnyp barylýandygyny, suwuň sarp edilişine ýeterlik gözegçilik edilmeýändigini belledi we welaýatyň aýry-aýry etraplarynyň suw üpjünçilik ýagdaýlary bilen baglanyşykly meseleleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowy we ýurdumyzyň suw hojalyk ministri S.Taganowy çagyrdy. 

Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, hususan-da, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek hem-de suwy tygşytly ulanmak boýunça ýaýbaňlandyrylan iş meýilnamalary barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda häzirki döwürde alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, ekerançylyk meýdanlarynda haşal otlara garşy himiki serişdeleri ulanmagyň tertibi, olaryň ýeterlik mukdaryny taýýarlamak hem-de welaýatlarda suw tutmak işleriniň barşy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň suw hojalyk ministri B.Taganowa ýüzlenip, welaýatlaryň ekin meýdanlarynda suw tutmak, suwuň sarp edilişine gözegçilik etmek boýunça ýörite iş meýilnamasynyň taýýarlanmalydygyny, onuň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilişini üpjün etmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, sebitde gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekiş möwsümini öz wagtynda, talabalaýyk geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak, şeýle hem sebitde möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gözegçilik etmek hem-de 2014-nji ýylda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýörite meýilnamany işläp taýýarlamak, onda welaýatyň ähli düzümleriniň, etraplarynyň anyk berjaý etmeli wezipeleriniň görkezmek boýunça häkime we bu welaýata gözegçilik edýän wise-premýer P.Taganowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatyryň häkimi B.Hojamämmedowyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamuhamedowyň hasabatlary bilen dowam etdi. 

Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanylan meýilnama, şeýle hem agrotehniki çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda wise-premýer häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerde desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak hem-de ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylda öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça iş meýilnamalaryny düzmegiň, sebitde haşal otlara garşy himiki serişdeleriň ulanylyşyna taýýarlyk görmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamagyň, şeýle hem welaýatda alnyp barylýan gurluşyklara gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Mundan başga-da, milli Liderimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Ç.Hommadowyň düzümde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy baradaky hasabatyny diňledi. Ol öz çykyşynda konserniň düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärler üçin amatly iş şertlerini döretmek hem-de gazyň eksport ugurlaryny artdyrmak babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde iş maslahatyna çagyrlan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew daşary ýurt maýa goýumlaryny ýangyç-energetika toplumyna çekmek we olary peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady we senagat taýdan sazlaşykly ösmeginde nebitgaz pudagyna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, tebigy baýlyklary we ilkinji nobatda tebigy gazy aýawly hem-de netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini nygtady we bu işleriň netijeli dowam etdirilmegine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy. 

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleri durmuşa geçirmegiň barşy, oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz häkime we Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowa ýüzlenip, şu ýyl üçin Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça iş meýilnamalaryny düzmek we ony bellenen tertipde ýerine ýetirmek, ekerançylyk meýdanlarynda himiki serişdeleriň ulanylyşyna, suw tutmak işlerine, suwuň sarp edilişine gözegçilik etmek, welaýatda oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň barşyna, aýratyn-da möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykowyň hasabatlary bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, tehnikalary gowaça we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlamak, şeýle hem welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer S.Satlykow öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Awtomobil ulaglary ministrliginiň täze ulag parkynyň ýerleşjek ýeri barada habar berdi we onuň çyzgylaryny görkezdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, şu ýyl üçin öňde durýan anyk wezipeleri ýerine ýetirmek babatda ýörite iş meýilnamalarynyň düzülmelidigini we olaryň ähli etraplarda hem-de beýleki düzümlerde ýerine ýetirilmegini üpjün edip, häkimiň welaýata gözegçilik edýän wise-premýer bilen ylalaşmagyny, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda himiki serişdeleriň ulanylyşyna, suw tutmak işlerine we suwuň sarp edilişine yzygiderli gözegçilik etmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan gurluşyklary, aýratyn-da möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini we şu ýyl Lebap welaýatynda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmelidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar barada birnäçe bellikleri aýdyp we degişli düzedişleri girizip, olaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini, binalarda milli ýörelgeler bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmalydygyny tabşyrdy. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagubanow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary A.Goçyýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim şu ýyl üçin bellenilen anyk wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylýan meýilnama barada habar berdi. 

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän düzümerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatyň öňünde durýan anyk wezipeleriň ýerine ýetirilişi babatda iş meýilnamalary düzmegi we olaryň ýerine etirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda haşal otlara garşy himiki serişdeleriň ulanylyşyny, oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme taýýarlygyny, welaýatda alnyp barylýan gurluşyklaryň gidişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň hojalyklarynyň ekin meýdanlarynda suw tutmak işleriniň ýaramaz alnyp barylýandygyny bellemek bilen, suwuň sarp edilişine gözegçiligiň ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. 

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradowy çagyrdy. 

Wise-permýer öz gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank edaralarynyň işgärleri üçin kottejler toplumynyň we ýahta klubynyň taslamasy hödürlendi we bu ugurda alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, olaryň işlerini dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny we ugurlaryny peýdalanmak, işgärleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak arkaly kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bina ediljek kottejler toplumynyň we ýahta klubynyň gurluşygynyň hödürlenen taslamasy babatda birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen taslamany, umuman, makullap, wise-premýere ähli göz öňünde tutulan işlere göwnejaý gözegçiligi amala aşyryp, olaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi barada görkezme berdi. 

Öz gezeginde Merkezi bankyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň bank edaralarynyň işi, “Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler hakynda hasabat berdi. Bellenilşi ýaly, bu maksatnama laýyklykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karzlaşdyrmagyň möçberlerini artdyrmak, bank-maliýe hasabatlaryny halkara ülňülerine geçirmek, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bankara we halkara hasaplaşyk-töleg ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan goýberilmegi meýilleşdirilýän altyn we kümüş şaýy pullarynyň nusgalary hödürlendi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň banklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtap, amala aşyrylýan düýpli düzümleýin özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler şeýle hem edilýän hyzmatlaryň hiliniň ep-esli gowulandyrylmagyny göz öňünde tutmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we işgärleri seçip almak meselelerine uly üns bermek barada Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Magtymgulynyň döredijiliginiň beýik şahyra bütindünýä şöhratyny getirendigini we onuň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň hem edebi mirasyna ägirt uly goşant bolandygyny bellemek bilen, öňde boljak dabaralaryň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şaýy pullarynyň hödürlenen nusgalaryny makullady we şanly senä bagyşlanyp çykaryljak şaýy pullarynyň diňe bir ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň şaýy pullaryny ýygnaýjylary üçin däl-de, meşhur türkmen şahyrynyň döredijiligine sarpa goýýan ähli adamlar üçin ajaýyp sowgat boljakdygyny belledi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy we Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, şäherde gurluşygy alnyp barylýan möhüm ähmiýetli desgalardaky işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherinde gurulýan hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň we durky täzelenmegi göz öňünde tutulýan binalaryň taslamalary barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, paýtagtymyzda şu ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamak, şäherde alnyp barylýan gurluşyklaryň, aýratyn-da möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny güýçlendirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we beýleki durmuş-medeni maksatly desgalaryň taslamalarynyň üstünde durup geçmek bilen, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň zerurdygyny nygtady. 

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň we şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň hasabatlary bilen dowam etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan “Gaýragoýulmasy tiz kömek” merkezleriniň gurluşygyndaky işleriň barşy we Saglygy goraýyş awtoulaglar kärhanalary üçin täze “tiz kömek” awtoulaglaryny satyn almak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar we awtoulaglaryň görnüşleri bilen baglanyşykly meseleler barada aýtdy. 

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman we senagaty ministri N.Amannepesow öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Mary welaýatynda iş saparynda bolan mahaly ulgama degişli wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Şeýle hem hasabatynyň çäklerinde Mary welaýatynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulgama degişli milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça sebitde alnyp barylýan işler bilen tanşandygy hem-de geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada giňişleýin hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Aýratyn-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, adamlaryň jan saglygy we olar üçin degişli düzümleriň üpjün edilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady. Şunda, bu ugurda alnyp barylýan işler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidir we ol işler milletiň saglygyny üpjün etmek babatda aýratyn ähmiýete eýe bolmalydyr. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saglygy goraýyş düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, olaryň häzirki zaman tehnikalary bilen üstüniň ýetirilmegi, iň esasy bolsa adamlaryň jan saglygy hakyndaky aladanyň ýokary derejä çykarylmagy häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda degişli derejedäki çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagatyna ministrine ýüzlenip, Mary welaýatynda saglygy goraýyş ulgamy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň netijelerini seljermegi we bu babatda öňde durýan wezipeleri kesgitlemegi tabşyrdy we şunuň ýaly iş saparlaryny ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna hem guramalydygyny we ähli sebitlerde durmuşa geçirilýän çäreleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine mähriban Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygyna, mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen möhüm işlerinde we öňde goýlan wezipeleriň çözülmeginde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Adyna Gutlag Hatlary Gelip Gowuşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA Döwletleriniň Baştutanlarynyň Duşuşygyna Gatnaşdy

turkmenhabargullugy

Maýyplaryň arasynda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi.

syrach