Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde şu ýyl 44-njisi geçirilýän Bütindünýä ykdysadyýet forumy öz işini dowam etdirýär. 100 ýurduň wekiliniň gatnaşmagynda geçirilýän forumyň üçinji gününde Ösüş we galkynyş üçin klimaty üýtgetmek temaly oturlyşyk geçirildi. Oturlyşykda çykyş eden BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun klimat çalşygynyň birnäçe ýyldan bäri gün tertibinde esasy orun eýeleýändigine ünsi çekdi.
Pan Gi Mun tapawutly milli bähbitler sebäpli gynansakda bu meselede uly öňe gidişligiň edilip bilinmändigini belledi. Milli howpsuzlygyň we syýasy durnuklylygyň hem klimat çalşygynda esasy rol oýnaýandygyny aýdan Pan Gi Mun Klimat çalşygyna garşy göreşmäge mejburdyrys diýdi.
Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron hem Aziýada önümçiligiň düşýan gymmatynyň ýokarlandygyna ünsi çekdi we firmalaryň ýaňadandan maýa goýum we önümçilik üçin Ýewropa gönükmäge başlandygyny belledi. Forumda söz sözlän ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bolsa ýurdunuň esasan hem Eýran, Siriýa we Ysraýyl-Palestina parahatçylyk etaby barasyndaky syýasatyny gürrüň berdi.