Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde milli Liderimiziň garamagyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň döwrebap kottejler toplumyny we ýaht-klubuny gurmak hakyndaky” kararyň hem-de “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” kararyň taslamalary hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary gözrkezijileri üpjün etmek üçin mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny beläp, wise-premýere milli hem-de döwlet özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy meýilleşdirilýän kottejler toplumynyň we ýaht-klubunyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseläniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz täze merkezde adamlaryň ýokary derejede dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýratyn nygtady. Degişli karara gol çekmek bilen, milli Liderimiz wise-premýere döwrebap kottejleriň we ýaht-klublaryň gurluşygy üçin gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylyşyna gözegçiligi ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini maliýe taýdan goldamak bilen baglanyşykly hödürlenen taslamany, umuman, oňlap, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde, içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini ýola goýmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegine möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Bu kararyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň telekeçileriniň özleri üçin döredilýän amatly şertlerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Resminama gol çekmek bilen, milli Liderimiz wise-premýere onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary jähtinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işi hakynda habar berdi.
Häzirki wagtda türkmen döwletiniň durmuş ugurly syýasatynyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň we beýlekileriň işiniň kadalaşdyrylmagyna ýardam berjek örän möhüm kanunçylyk taslamalaryň birnäçesi boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, durmuşyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň ileri tutulmagyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň saýlap alan ugrunyň durmuşa geçirilmeginde milli parlamentiň kanunçylyk işiniň ähmiýetini bellemek bilen, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeleri, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny göz öňünde tutmak bilen täze kanunçylyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli harby özgertmeleriň barşy we ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda döwletiň mundan beýläk hem amala aşyrylýan harby özgertmeleriň örän möhüm ugurlaryna aýratyn üns berjekdigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow sebitlerde oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda gowaça ekişine meýdanlary hem-de oba hojalyk tehnikasyny taýýarlamak işleri giň gerimde alnyp barylýar, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreler geçirilýär.
Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şunuň bilen baglylykda, pudaga döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda geljekki bol hasylyň esasyny goýýan çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, şol işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumynyň ähli ugurlarynda işleri takyk guralmagy babatda anyk görkezmeler berildi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine hem-de ýurdumyzyň suw serişdeleriniň rejeli ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk we oňa laýyklykda ýörite işlenip taýýarlanylan meýilnama esasynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guraljak medeni dabaralar barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer meýilleşdirilen medeni çäreleriň we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senelere bagyşlanyp fewral aýynda ýurdumyzda medeni-durmuş, senagat maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk çäreleri barada aýtdy.
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu çäreleriň ählisine taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we bu dabaralaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň ýubileý çäreleri bilen baglanyşykly ähli meseleleriň Ministrler Kabinetiniň 31-nji ýanwarynda welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleriniň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlarynyň, metbugatyň we telewideniýäniň işgärleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň käbir institutlarynyň direktorlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek giňişleýin mejlisiniň gün tertibine girizilmelidigini aýtdy. Şol mejlisde dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna eserleri girizilen beýik türkmen şahyrynyň hormatyna guraljak çäreleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri we fewral aýynda guraljak dabaralar bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda tebigy gazyň sarp edilişine gözegçilik etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de bu babatda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjek wezipeleriň çözülmegine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, iri düzümleiýn taslamalara, şol sanda täze ýangyç ýataklaryny özleşdirmek, nebithimiýa kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek, täze innowasion önümçilikleri gurmak babatdaky taslamalara daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňdebaryjy tejribä, bu ulgamda tehniki hem-de tehnologiki mümkinçiliklere eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn giňeltmegiň maksada laýykdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň önümçilik we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýeriň hasabatynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň 29-nji ýanwar-1-nji fewral aralygynda Belarus Respublikasyna meýilleşdirilen saparyna görülýän taýýarlyk barada habar aýdyldy.
Öňde boljak saparyň çäklerinde geçiriljek ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisinde möhüm meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudagyny ösdürmek, onuň birnýadyny innowasiýa tehnologiýalar esasynda pugtalandyrmk we giňeltmek boýunça iri möçberli işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini we ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly durmuşa geçirmäge, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Belarus Respublikasyna sapary barada aýtmak bilen, häzirki wagtda iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen häsiýetlendirilýändigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Söwda öýleriniň işlerini kämilleşdirmek, olaryň ulgamyny giňeltmek we haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň we eksport kuwwatyny artdyrmak strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Söwda öýleriniň ýerleşýän ýurtlarynyň dürli künjeklerinde we iri şäherlerinde lomaý we bölek söwda nokatlaryny döretmek boýunça çäreler işlenip taýýarlanylýar.
Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimizi ösdürmegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň maksatlarynyň we gurallarynyň anyk kesgitlenilendigine garamazdan, bu ugurdaky işleriň entek talaba laýyk we çalt depginler bilen alnyp barylmaýandygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda bilelikdäki kärhanalary döretmek baradaky taslamalar hem az diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Önümçiligiň möçberlerini artdyrmak we eksporta niýetlenen harytlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça anyk maksatnamalar ýok.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz A.Goçyýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde ýurdumyzda eksporta gönükdirilen önümleriň möçberini artdyrmak boýunça uzakmöhletlete niýetlenen maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Biz daşary ýurtlarda öz harytlarymyzy ýerlemek üçin has bähbitli bazarlar barada, harytlarymyzyň haýsy görnüşleriniň has uly isleglerden peýdalanýandygyny we haýsy ýurtlara iberilmelidigini anyk bilmelidiris. Şu ýörelgeden ugur alyp, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň haýsy pudaklarynyň has işjeň ösdürilmelidigini we şu ugra esasy maýa goýumlaryny gönükdirmegiň zerurdygyny kesgitlemelidiris. Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýeriň öňünde şu wezipeleri goýmak bilen, şeýle hem häzirki zaman ylmy-barlag çemeleşmelerini peýdalanmagyň möhümdigini bellemek bilen, bazar meýillerini öwrenmäge ýöriteleşdirilen instituty döretmegiň maksadalaýyklygy baradaky meseläni işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň garamagynda şol bir görnüşdäki harytlary öndürýän kärhanalaryň köpdügini belledi. Mysal üçin, çakyr kärhanalary ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde hem, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň düzüminde hem bar. Ol kärhanalaryň biri örän könelipdir, emma beýlekisi häzirki zaman görnüşine diýen ýaly getirilipdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň düzümlerine gaýtadan seretmek, kärhanalaryň sanyny kadaly möçbere getirmek barada tabşyryk berip, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisine çenli berlen tabşyryklar barada hasabat taýýarlamak babatda görkezme berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda edaralaryň düzümini ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, iri sport çärelerine taýýarlyk görluşi barada hasabat berdi.
Milli Lideriimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzdaky sport toplumlaryny netijeli peýdalanmak, köpçülikleýin-sport işini täze derejä çykarmak, ýaryşlary hem-de beýleki sport çärelerini guramakda dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmak boýunça degişli çäreleri görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Sport desgalarynyň türgenleri ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlara hem-de halkara sport bäsleşiklerine taýýarlamagyň esasy binýady bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz döwrebap sport düzüminiň kuwwatyndan has doly peýdalanmagyň, şeýle hem tälimçileriň derejesini ýokarlandyrmak arkaly 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlanmagyň wajypdygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew türkmen paýtagtynda binagärlik şähergurluşyk maksatnamasynyň 12-nji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, desgalaryň diňe bir öz wagtynda tabşyrylmagyny däl, eýsem, soňra talabalaýyk ulanylmagyny hem üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu möhüm meselelere gözegçiligiň gowşadylandygy üçin Ş.Durdylyýewe we M.Artykowa nägilelik bildirip, olara şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň talabalaýyk saklanmagyna haýsy edaralaryň ýa-da gulluklaryňhäkimligiň, jemagat hojalygynyň ýa-da beýleki edaralaryň jogap berýändigini seljermegi, bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi, ýaşaýyş jaý toplumlarynda arassaçylygyň hem-de düzgün-tertibiň berjaý edilmegine gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginde alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşandygyny, şu güne çenli uzynlygy 205 kilometre barabar demir ýol çekilendigini, demir ýol beketlerinde 2 gatly demir ýol menzilleriniň we ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki kömekçi desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli demir ýol ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekip, täze demir ýol ugurlarynyň gurluşygynyň hiline we depginlerine berk gözegçiligiň üpjün edilmegini tabşyrdy. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýolunyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan Bereket-Etrek demir ýolunyň gurluşygynyň enjamlaýyn üpjünçiligi baradaky meselelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň demir ýol gurluşykçylarynyň bu iri taslamasynyň ýokary hil derejesinde durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we geljekki ugurlary, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligine degişli demirbeton gurnamalaryny öndürýän Daşoguzdaky iri panelli jaý gurluşyk zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň gurluşyk senagatynyň täze derejä çykmagy ugrunda ähli şertleri döredýändigini we iri pudaklaýyn taslamalaryň ýerine ýetirilmegine ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirýändigini belledi. Bu babatda senagat kuwwatyny diňe bir artdyrmak däl, eýsem, uly islegden peýdalanýan täze önümleriň önümçiligini ýola goýmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça hem zerur işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlamak bilen, oňa gatnaşjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.