10.9 C
Aşkabat
23.11.2024
YLYM

ÇA­GA ÜNS­LI BOL­MA­LY­DYR

Ene-ata­la­ry­my­zyň kö­pü­sin­de ýa­ňy mek­de­be gi­den ça­ga­la­ry ha­kynda şeý­le­räk pi­kiri bar: “Og­lu­myz örän ze­hin­li, ýöne nä­me üçin­dir üns ýet­mez­çi­li­gi oňa päs­gel berýär”. Ýa-da bol­masa: “Gy­zymy­zyň başar­ny­gam bar uky­bam. Diňe käwagt­lar ol ünsüni bir ýe­re jem­läp bil­me­ýär”.

Üns ýet­mez­çi­li­gi adat­ça baş­lan­gyç synp­lar­da ýü­ze çyk­ýar we ep-es­li ýyl­lap şah­sy­ýe­tiň üs­tün­li­gi­ne päs­gel be­rip bil­ýär. Alym­lar ça­ga­lyk döw­ri peý­da bo­lup baş­la­ýan üns ýet­mez­çi­li­gi­niň öňi alynma­sa, soňraky ýyl­lar­da onuň be­jer­gi­si­niň kyn­laş­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.

Ene-ata­la­ry­my­zyň kö­pü­sin­de ýa­ňy mek­de­be gi­den ça­ga­la­ry ha­kyn­da şeý­le­räk pi­ki­ri bar: “Og­lu­myz örän ze­hin­li, ýö­ne nä­me üçin­dir üns ýet­mez­çi­li­gi oňa päs­gel ber­ýär”. Ýa-da bol­ma­sa: “Gy­zy­my­zyň ba­şar­ny­gam bar uky­bam. Di­ňe kä­wagt­lar ol ün­sü­ni bir ýe­re jem­läp bil­me­ýär”.

As­lyn­da mek­dep ýa­şyn­dan öň­ki ýyl­lar­da ça­ga­lar şol bir gaý­ta­lan­ýan zat­lar­dan gys­ga wag­tyň için­de ýa­da­ýar­lar. Soň-soň­lar oýun­jak­la­ry hem ça­ga­nyň ýü­re­gi­ne dü­şüp baş­la­ýar. Öý işi­ni ed­ýän­le­riň bol­sa dep­der­dir ki­ta­byň ba­şyn­da uzak otu­ra­sy ge­le­nok. Şeý­le ça­ga­lar suw iç­mek, da­şa­ry çyk­mak ýa­ly her hi­li ba­ha­na­lar bi­len ün­sü­ni böl­ýär. Ne­ti­je­de üns ýet­mez­çi­li­gi git­di­gi­çe ar­typ baş­la­ýar. Bi­ler­men­ler şeý­le ýag­da­ýyň wag­tyn­da kes­git­le­nil­me­li­di­gi­ni öňe sür­ýär­ler. Olar ene-ata­lar bi­len mu­gal­lym­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­da bol­ma­gy­ny mas­la­hat ber­ýär­ler.

Üns ýet­mez­çi­li­gi bo­lan şah­sy­ýet­ler ada­ty ses­ler­den we he­re­ket­ler­den bi­ra­hat bo­lup, öz we­zi­pe­le­ri­ni do­lu­ly­gy­na ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­me­ýär­ler. Hü­när sy­nag­la­ryn­da (at­tes­ta­si­ýa­lar­da) çalt ýa­dap, ujyp­syz­ja ýal­ňyş goý­be­rip, pes ba­ha al­ýar­lar.

Peý­da­ly mas­la­hat­lar

– Ça­ga­ňy­zy diň­läň, ony ün­sü­ni dar­gad­ýan zat­lar­dan uzak­da bol­ma­gy­ny göz öňün­de tu­tuň.

– Ün­si bol­ma­dyk ça­ga­lar synp­da müm­kin bol­du­gy­ça öň­dä­ki ýer­ler­de otur­syn.

– Mu­gal­lym we ça­ga­nyň maş­ga­la­sy kä­bir ýer­ler­de bi­le­lik­de he­re­ket et­sin.

– Ça­ga­nyň öý işi we bel­lik dep­der­le­ri­niň yzy­gi­der­li­li­gi­ne se­re­diň.

– Ça­ga­ňy­zyň ün­sü­ni art­dyr­jak oýun­la­ry oý­na­ma­gy­ny ýo­la go­ýuň.

– Ça­ga te­le­wi­zo­ryň ba­şyn­da uzak wagt­lap otur­ma­syn.

– Onuň ýe­ri­ne ça­ga ma­tal­la­ry­dyr tap­ma­ça­la­ry çöz­sün.

– Is­len­dik iş­de ça­ga özü­niň jo­gap­kär­çi­li­gi­ni bil­sin.

referans: www.tmzaman.com

 

 

Degişli makalalar

Fizikaça türkmen talyplary – Halkara olimpiýadasynyň ýeňijileri.

syrach

Bahçeşehir Uniwersiteti: Ýokary Okuw Jaýyna Ýerleşmek Mümkinçiligi

turkmenhabargullugy

Elektroenergetika

syrach