9.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

ÝET işgärleri üçin “Güneşli” myhmanhasy gurulýar.

Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň buýurmasy esasynda “Daşoguznebitgazgurluşyk” edarasynyň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda gurýan ýokary derejeli myhmanhanasynyň gurluşyk işleriniň depgini barga güýçlenýär. Deňiz dynç alyş ýeriniň demirgazygynda ýerleşýän 12 gatly 5 ýyldyzly myhmannanyň binasy TNZ gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňllandyrylan gurluşyyk işleri batly depginlerde alnyp barylaýan zolagyň çäkleri bilen utgaşyp gidýär. 

350 orunlyk bu beýik ymarat öz arhitektura we inženerçilik çözgüdi boýunça özboluşlydyr. Ol suwa düşülýän zolakda ummanyň ak gämisi görnüşde gurulýar. Onda gämi arhitekturasyny anyk beýan edilýär – ol burun böleginden, yzky bölekden we paluba gurluşlaryndan ýbaratdyr. Taslamada göz öňnde tutulan gurluşda günüň energiýasyny “ulanýan” futuristik ýelkenli gelio enjamlar görnüşinde ýerine ýetirilendir. “Gün ýelkeniniň” ornyny köp gatly, bogaldakly-flagştok berkidilen köp sanly balkonly myhmanhana başnýasy ýerine ýetirýär. Olar gäminiň burun, bort we yzky gözegçilik edilýän ýerine meňzeşdir. Edil palubadaky ýaly, myhmanhana başnýasy sokol gatyň üstünde ýokary galdyrylandyr. Binanyň sýužetinde illýuminatorlaryň, çükleriň, basgançaklaryň, bort portlarynyň, kapitan köprüjikleriniň we gämi gurluşygynyň beýleki tapawutlanýan alamatlary giňden ulanylandyr. Bu bolsa gämi bilen has-da meňzeşligi alamatlandyrýar. Gäminiň birinji gatynyň penjireleri, onuň üçegindäki germewler, myhmanhana başnýasynyň syn edilýän meýdançasy, portallar we binanyň beýleki düzüm bölekleri şunuň ýalydyr. 

Myhmanhana hil we dynç alyş myhmansöýerliginiň halkara talaplaryna laýyklykda gurulýar. Myhmanhananyň otaglarynda oňaýly dynç almak we wagtyňy hoş geçirmek üçin ähli şertler dörediler. 12 gatly binanyň birinji gatynda bolsa myhmanhananyň müşderileri üçin bejeriş-sagaldyş, owadanlyk salonynyň otaglary, fintes-zallaryň, tomaşa jaýlarynyň we dükanlar öz gapylaryny giňden açar. 

Myhmanhananyň töwereginde baglaryň seýrek duş gelýän görnüşlerinden ekiljek seýilgäh üçin ýer bölünip beriler. Bu gurluşygyň baş meýilnamasynda häzirki zaman ulag duralgasy, sport meýdançalary, tomusky käfeleriň we beýlekileriň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem bu ýerde attraksionlaryň, şol sanda görnüşi boýunça özboluşly bolan akwoparkalryň we kiçi we uly ýaşlylar üçin ýüzülýän basseýnler gurlar.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Welosipedli we Atly Gezelenç Etdi

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi