Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
Maslahatda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň gündelik meselelerine, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalary amala aşyrmak, şeýle hem şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary P.Taganowy çagyrdy.
M.Nurmämmedow welaýatda alnyp barylýan işleriň, şol sanda gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Häkim şeýle hem ekin meýdanlarynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şol sanda ýetip gelýän ekiş möwsümine taýýarlygyň ýagdaýy barada aýtdy. Şonuň ýaly-da, ol döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, welaýatda mellek we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýer böleklerini bermek bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada aýdyp, bu çäreleri agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyklykda alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Welaýatda oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleriniň talaba laýyk ýerine ýetirilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz häkime bu işe aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz howanyň häzirki sowuk günlerinde welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň zerur derejede ýyladylmalydygyna, elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň gerekli derejesinde bolmalydygyny aýratyn nygtady hem-de bu möhüm durmuş meseleleriniň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan gurluşyk işleri baradaky meselä ünsi çekip, bu babatdaky wezipeleriň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi we desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagy üçin ähli zerur çäreleri görmek hem-de Döwlet baýdagynyň baýramçylygyny bellenilen çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda geçirmek barada görkezmeleri berdi.
Soňra wise-premýer P.Taganow döwlet Baştutanymyza gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde öňde goýlan wezipeleri we häzirki zaman talaplary nazara almak bilen, söwda ulgamyny has-da ösdürmek, Döwlet haryt çig-mal biržasynda alnyp barylýan işler, şeýle hem 11-13-nji fewralda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýere söwda ulgamynda we beýleki degişli düzümleriň işinde döwrebap çemeleşmeleri we usullary ornaşdyrmak meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz doganlyk Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, öňde boljak forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi barada görkezme berdi.
Soňra iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamuhammedow çagyryldy.
Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, sebitde bina edilýän döwrebap obalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatda mellek we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýer böleklerini bermek baradaky döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamynyň degişli derejede işlemegini üpjün etmekde welaýat häkimliginiň ýolbaşçylarynyň şahsy jogapkärçilik çekýändigini aýtdy. Bu möhüm durmuş meseleleriniň ählisini berk gözegçilikde saklamak siziň borjuňyzdyr diýip, milli Liderimiz tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda täze obanyň we döwrebap şäherçäniň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça işleriň zerur derejede alnyp barylmagyny talap etdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz häkime Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramagy we geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän nebitgaz pudagyny depginli ösdürmek barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň esasynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, şeýle hem pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň we bu welaýata gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hasabatlary bilen dowam etdi.
Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda sebitiň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol täze obanyň we döwrebap şäherçäniň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şeýle hem şu ýyl Daşoguzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşiniň ýagdaýy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz gyş günlerinde welaýatyň ýaşaýyş jaýlaryny, mekdeplerini, sagalar baglaryny göwnejaý ýylatmak, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek ýaly möhüm meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz Daşoguz welaýatynda medeni-durmuş maksatly binalary we döwrebap obany gurmak boýunça işleriň haýal alnyp barylýandygyny, bu işleriň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda meýdan işleriniň alnyp barlyşy, mallaryň gyşladylyşy, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmakda amala aşyrylýan wajyp çäreler barada aýtdy.
Ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmagyň we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiliginiň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini talap edip, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna şol birwagtda Türkmenistanyň suw hojalyk ministri S.Taganowy hem çagyrdy. Ol gyş paslynda aýazly howanyň netijesinde Amyderýada suwuň doňmagynyň öňüni almak üçin görlen çäreler barada habar berdi. Şeýle hem welaýatda suw üpjünçilik meseleleriniň bellenen kadalara laýyklykda alnyp barylmagy üçin hemme zerur çäreleriň görlendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň baş wezipe bolup durýandygyny nygtap, ilatyň ýaşaýyş durmuşynda hiç hili bökdençlikleriň ýüze çykmaly däldigini aýtdy. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara aýazly howanyň netijesinde Amyderýada doňaklygyň öňüni almak meselelerine ünsi gowşatmazlygy tabşyrdy. Mundan başga-da hormatly Prezidentimiz suw hojalyk ministrine Lebap welaýatynda iş saparynda bolup, ýagdaýy ýerinde öwrenmek we degişli işleri geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykow çagyryldy.
Häkim sebitde durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreleri yzygiderli alyp barmak, şol sanda ýakynlaşyp gelýän ýaz ekişine ekerançylyk meýdanlarynyň we tehnikalaryň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň döwrebap durmuş ulgamyny üpjün etmek babatda ýerine ýetirilýän işler, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentmiz hasabaty diňläp, ilkinji nobatda welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýylylyk, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna we agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini aýratyn belledi. Milli Liderimiz welaýatda döwrebap obany gurmak boýunça işleriň barşyny jikme-jik seljermegi hem-de onuň depginini güýçlendirmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz 19-njy fewralda bellenilýän Döwlet baýdagynyň baýramçylygynyň welaýatda ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi barada häkime degişli görkezmeleri berdi.
Wise-premýer S.Satlykow öz gezeginde döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ulag-aragatnaşyk ulgamynda gurluşygy alnyp barylýan degişli desgalardaky işleriň barşy bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüşini üpjün etmekde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň wajyp ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugatlandyrmak, ilata edilýän hyzmatyň hilini gowulandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň we Lebap welaýatynyň häkiminiň ünsüni Amyderýada suwuň doňmagynyň öňüni almak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmegine çekdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň we welaýata gözegçilik edýän wise-premýer A.Goçyýewiň gatnaşmagynda dowam etdi.
Häkim welaýatda alnyp barylýan işler barada aýdyp, sebitiň obasenagat toplumynda, maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler, oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, raýatlaryň döwrebap durmuş ulgamyny üpjün etmek babatda amala aşyrylýan işler barada aýtdy.
Milli Liderimiz häzirki wagtda welaýatyň ilatynyň ýylylyk, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmagyň wajyp şerti bolup durýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatda döwrebap obany we şäherçäni gurmak boýunça işleri talabalaýyk guramak üçin zerur çäreleriň görülmegini talap etdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramyny welaýatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Çünki ýaşyl tugumyz biziň halkymyzyň milli buýsanjynyň mukaddes nyşany bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra wise-premýer A.Goçyýew öz garamagyndaky düzümlerde döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny nygtap, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depgininiň üpjün edilmegini talap etdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi çagyrdy.
Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, bu ýerde gurulýan desgalar hakynda, binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de täze taslamalary işläp taýýarlamak, paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça çäreler hakynda hasabat berdi. Häkim döwlet Baştutanymyzyň şäher düzümini we jemagat ulgamlaryny ösdürmäge, ilaty elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge degişli ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi.
Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesine ünsi çekip, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, häzirki zaman energiýa tygşytlaýan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şäheriň arassaçylygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimine ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän desgalarda işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagyň we gurluşyk işlerini öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda gurluşyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda gurluşyk ulgamyny we elektrik energetikasyny ösdürmegiň ýokary depginlerini saklamak bellenilen ähli meýilnamalary we uzakmöhletli milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge bagly bolan ilkinji derejedäki wezipe bolup durýar diýip nygtady. Bu babatda döwlet Baştutanymyz gurluşygyň, depginlerini artdyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady, olar ýokary talaplara we häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmelidir.
Milli Liderimiz wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimine ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän desgalarda işleriň ýagdaýyny üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa we Türkmenistanyň Medeniýet ministri G.Mämmedowa çagyryldy.
Wise-premýer Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, baýramçylyk maksatnamasy özüne konsertleri, sergileri, maslahatlary, baýramçylyga gabatlanylyp durmuş ähmiýetli hem-de beýleki desgalaryň açylyşy mynasybetli geçiriljek medeni çäreleri we ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda, okuw mekdeplerinde we kärhanalarynda geçiriljek beýleki dabaralary birleşdirýär.
Soňra medeniýet ministri G.Mämmedowa öz ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň TÜRKSOÝ halkara guramasynyň 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan etmegi bilen bagly çärelere gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, ministr Türkiýäniň Baştutany bilen bolan duşuşygyň barşynda doganlyk ýurtda gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmek meselesine aýratyn üns berilýändiginiň nygtalandygyny habar berdi. Beýik şahyryň döredijilik mirasy halkara bileleşigi tarapyndan dünýäniň medeni genji-hazynasyna saldamly goşant hökmünde kabul edilýär. Ankara bolan saparyň çäklerinde TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda dabaranyň guralandygy, bu halkara guramanyň agzasy bolan ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň ýylynyň açylýandygyny alamatlandyrýan döredijilik duşuşyklarynyň we beýleki çäreleriň geçirilendigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp hem-de milleti ruhy, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde medeniýet ulgamynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, wise-premýere hem-de medeniýet ministrine öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň we medeni-köpçülikleýin dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramak meseleleri medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn üns merkezinde bolmalydyr. Gündogaryň beýik akyldarynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy bolsa häzirki döwürde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem milletiň ruhy taýdan kämilleşmegine hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, şu gün garalan meseleleriň çözülmeginiň ata Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn okgunly ösmegine gönükdirilendigini belledi. Biziň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görýän çärelerimiziň netijeli bolmagy üçin umumy tagallalary birleşdirmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy we ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli işleriň ähmiýetini aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we işlerinde üstünlik arzuw etdi.