17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Harby mekdebine Berdimuhammet Annaýewiň ady dakyldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine Berdimuhammet Annaýewiň ady dakyldy 

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň ady dakyldy. 

Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde geçirilen dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we myhmanlar gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde “Ur gadamyň batly” diýen watançylyk aýdym ýerine ýetirilýär. 

Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Berdimuhammet Annaýewiň okuwçylary we ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary bar. Olar öz çykyşlarynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertlerçe söweşen, soňra bolsa parahatçylykly döwürde bütin ömrüni köptaraplaýyn terbiýeçilik işlerine bagyşlan, hemmeler tarapyndan sylanýan bu adamyň durmuş ýolunyň Watana hem-de mähriban halkyňa tüýs ýürekden gulluk etmegiň iň ajaýyp nusgasy, häzirki wagtda özleriniň gahrymançylykly ata-babalarynyň şöhratly däplerini dowam edýän ýaş nesilleri terbiýelemek işinde görelde bolup hyzmat edýändigini bellediler. 

Dabaranyň esasy pursady Berdimuhammet Annaýewiň heýkeliniň açylyşy boldy. Ol onuň adyny göterýän harby mekdebinde goýuldy. 

Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhammet Annaýewiň ömür ýoly Watana, halka gulluk etmegiň, gahrymançylygyň hem-de mertligiň mekdebidir. Zehinli, halypa mugallym, edermen esger we ajaýyp şahsyýet bolan Berdimuhammet Annaýew nesilleriň dowamat dowam bolmagyny we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny isläpdir hem-de ýaşlara hat-sowat öwretmek, olary türkmen halkynyň ruhy-ahlak däpleriniň we belent watançylyk duýgularynyň esasynda terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli zehinini, ukyp-başarnygyny sarp edipdir. 

Bu ajaýyp ynsanyň ömür ýoly hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” romanynda beýan edilýär. Ol roman biziň watandaşlarymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Bu roman dünýäniň dürli dillerine hem terjime edildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewe çuňňur hormatyny beýan edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hormatly ýaşulular, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we dabara gatnaşyjy beýleki adamlar ýadygärlige gül desselerini goýdular. 

Sport zalynda harby okuwçylar özleriniň görkezme çykyşlary bilen berk bedenli, kärine ussat Watan goragçylary bolup ýetişmek üçin sport bilen yzygiderli meşgul bolýandyklaryny görkezdiler. Beýleki okuw otaglarynda geçilýän sapaklarda bolsa Mejlisiň Başlygy hem-de ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde harby okuwçylar özleriniň okamagy we durmuşy üçin ähli şertleri döredip beren hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny aýtdylar. Bu günki wakanyň öz mekdeplerine taryhda yz galdyran şahsyýetiň – Berdimuhammet Annaýewiň adynyň dakylmagy we onuň heýkeliniň açylmagy mynasybetli ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Degişli makalalar

Olimpiýa Şäherçesiniň Monorelsli Ýoly Sport Klasteriniň Sport we Infrastruktura Desgalaryny Birleşdirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilen Adamlara Pasportyny Gowşurmak Dabarasy

syrach