Stambul dünýäniń iń ýuly senagat sammitlerinden biri hasaplanylýan esasy ýarmarkalaryndan birine ýer eýeçiligini edýär.
Muşdaklaryna gapylaryny açan 13-nji Halkara metal işläp çykaryş we tehnologiýalary ýarmarkasy senagat tehnologiýasynyń sońky önümlerini tanadýar.
Senagat we söwda ministri Nihat Ergün ýarmarkanyń açylyşynda Türkiýäniń ykdysadyýetiniń ýokary depginini görkezýan senagat önümlerindäki köpdürliligine ünüsleri çekdi.
Ergün “Türkiýe sońky 3 çärýekde garaşylýanyndan has ýokary performansa eýe. Şu ýylyń birinji ýarymynda 11 göterimlik ösüş depgini bilen Hytaýdan soń ikinji ýurt bolduk” diýdi.
13-nji Halkara metal işläp çykaryş we tehnologiýalary ýarmarkasy dünýädäki iń uly 5 sany senagat ýarmarkasyndan biri.
Ýarmarkada tas ähli pudagyń ünsüni çekjek 2 müńden gowrak maşyn we müńden gorak marka görkezilýär.
Ýarmarka tehnologiýa bilen ýakyndan gyzyklanýan pedagoglar we talyplar üçin tejribe aýratynlygyna eýe.
13-nji Halkara metal işläp çykaryş we tehnologiýalary ýarmarkasy 17-nji oktýabra çenli açyk bolar.
referans: www.trtturkmen.com