Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozitorçylyk bölüminiň bäşinji ýyl talyby Selbi Nyýazowa Russiýa Federasiýasynyň kompozitorlar birleşmesiniň çeperçilik geňeşiniň Moskwada geçirilen döredijilik gözden geçirilişine gatnaşdy. Ýaş kompozirolaryň her ýylda geçirilýän bu bäsleşigine biziň ýurdumyzyň wekilleri ilkinji sapar gatnaşdylar.
Selbiniň döredijiliginde klarmet we skripka, wiolonçel we fortepiýano, turbalar we kamera orkestri, kakylyp çalynýan gurallar, şeýle hem wokal partiýalary üçin döreden gyzykly saz eserleriniň onlarçasy bardyr. Selbi talapkär topara öz döreden “Meniň dünýäm” eserini hödürledi.
Konserwatoriýanyň uçrumy TMK kom kompozisiýa kafedrasynyň müdiri bilen bilelikde gözden geçirilişe gatnaşyjylar üçin milli medeniýetiň, ilkinji nobatda, türkmen halk saynyň aýratynlyklaryna bagyşlanan özboluşly, gündogar äheňli tanyşdyrylyşy geçirdi.
Häzirki wagtda Selbi W.Ýanyň ertekisi esasy boýunça goýlan “Göwün” baletiniň sazyna bagyşlanan öz diplom işini goramaga taýýarlyk görýär.