17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Türkmenistanda Bütindünýä tennis güni bellenildi.

Türkmenistanda Bütindünýä tennis güni belenilip geçildi. Ol mundan bir ýyl ozal Halkara tennis federasiýasy (ITF) tarapyndan, bu guramanyň 100 ýyllygy mynasybetli döredildi. Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bu gün mynasybetli gyzykly çäreleri taýýarlady. 

Şu gün ähli umumy bilim berýän mekdeplerde bedenterbiýe sapaklary sportuň bu görnüşiniň tälimlerini öwrenmäge bagyşlandy. 

Şeýle hem tennis sporty mekdebiniň we Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň kortlarynda höwesjeň uly ýaşly tennisçileriň arasynda ýaryş geçirildi. Aşgabatdan we Mary şäherlerinden bolan 6 ýaşdan 12 ýaşa çenli ýaşajyk tennisçileriň arasynda geçirilen ilkinji çagalar tennis festiwaly şu günki baýramçylygyň bezegine öwrüldi. Tennisi giňden wagyz etmek we ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek maksady bilen, bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaý toplumlarynyň biriniň sport meýdançasynda geçirildi. Çagalar tennis festiwalyna gatnaşyjlaryň ählisine şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Sylaglary resmi taýdan gowşurmak dabarasy tamamlanandan soň ýaşajyk tennisçilere Bütindünýä tennis gününiň nyşany şekillendirilen 10 kilogramlyk tort gowşuryldy.

Degişli makalalar

Agyr Atletikaçylaryň Saýlama Ýaryşlary

Azia­da-2017 Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ri­ler!

syrach

Ýurdumyzyň Futzal Boýunça Naýbaşy Ligasy Ýaýbaňlandyrylar