Beýik Britaniýanyň guşlary goramak korol jemgyýeti ýurduň tebigaty goramak edarasynyň gözleg maksatnamalaryna gatnaşar. Bilelikdäki işiň geljegi uly bolan ugry Köýtendag we Badhyz goraghanalarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň atlarynyň sanawyny taýýarlap, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasyna girizmek bolup durýar. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we bu jemgyýetiň arasynda ýakynda Aşgabatda gol çekilen 2014-2017-nji ýyllar üçin özara düşünişmek hakyndaky memorandumyň düzgünleri hyzmatdaşlyk üçin esas bolup durýar.
2014-nji ýylda Köýtendagyň we Badhyzyň tebigy desgalaryny, şeýle hem floranyň we faunanyň görnüşlerini we bu ýerleriniň endemiki ösümliklerini takyk öwrenmek bellenildi. Eýýäm bahar paslynda Tebigaty goramak ministrliginiň we onuň degişli gurluşlarynyň hünärmenleri bilen RSPB-ň bilelikdäki ekspedisiýasy amala aşyrylar. Onuň dowamynda ýörite enjamlar, ýagny seýrek duş gelýän we gijeki durmuşda ýaşaýan haýwanlary adamsyz surata düşürýän enjamlar, biodürlilikli desgalaryň geografiki taýdan takyk ýerleşýän ýerlerini kesgitlemek üçin enjamlar ulanylar.
Geljekki ýylyň ahyryna çenli gerek bolan resminamalaryň doly bukjasy taýýar ediler. Oňa çäkleri zolaklaşdyrmak, tebigy kartalary düzmek, biodürliligi we ajaýyp landşsfty ýazmak, bu tebigy çäkleri dolandyrmagyň meýilnamasyny işläp taýýarlamak giriziler. Ondan soňra bolsa netijeleri ara alyp maslahatlaşmak işine başlanar we ÝUNESKO-dan teklipler alnar, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler öwreniler.
Mundan hem başga Aşgabatda 2005-nji ýylda döredilen Esasy ornitologiki çäkler Maksatnamasynyň ýurt edarasy işlemegini dowam etdirer diýip, hünärmen-ornitolog, biologiýa ylymlarynyň doktory Eldar Rustamow habar berýär. 2017-nji ýyla çenli meýilleşdirilýän işleriň çäklerinde Tebigaty goramagyň halkara sanawynyň Halkara gyzyl kitabyna girizilen burma şahly teke, gulan, gara gajar, alaja gaplaň ýaly görnüşlerini gorap saklamagyň milli meýilnamasyny düzmek bellenilýär. Onda olaryň sanynyň monitoringini geçirmegi we olaryň bolaýn ýerlerini bilmek, goramak boýunça aýratyn çäreler göz öňünde tutulýar. Muňa mysal hökmünde geçmişdäki tejribäni görkezmek bolar. Şonda saýgaklary we ak durnalary saklamagyň sebitleýin meýilnamasy döredildi. Onuň täsiri göçýän görnüşleriň Konwensiýasy halkara ylalaşygyna laýyklykda Türkmenistana ýaýradylýar.
Işler Türkmenistanyň Aýaratyn goralýan tebigy çäkler hakynda, Haýwanat dünýäsi hakynda kanunlarynyň kadalaryna, Türkmenistanyň gyzyl kitabynyň üçünji neşirini, ÝUNESKO-nyň tekliplerini we biodürliligiň düzümi barada täze maglumatlar nazara almak bilen geçiriler.