17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Ene söýgüsiniň mukaddesligi.

Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky geňeşligiň ýaşaýjysy öý hojalykçy zenan Akjemal Goşaýewa özüne “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli şu günler köp sanly obadaşlaryndan, dost-ýarlaryndan gyzgyn we çyn ýürekden gutlaglary kabul edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen oňa “Ene mähri” hormatly at dakyldy.

Obadaşlary Akjemaly bagtly zenan diýip atlandyrýarlar. Ol öz ýanýoldaşy Çary Goşaýew bilen sekiz çagany – üç ogly we bäş gyzy terbiýeleýärler. Olar öz ene-atalary üçin uly şatlyk we bagt bolup durýarlar. Goşaýewleriň maşgalasy öz töwererklerinde zähmetsöýer maşgala hökmünde tanalýar. Bu bagtyýar zenan öz çagalaryna gündelik zähmeti – bolelinligiň we abadançylygyň çeşmelerini öwretdi. Onuň uly gyzlary eýýäm onuň gündelik öý hojalyk işlerinde diňe bir kömekçi bolman, eýsem şu günki günlerde gerek bolan hünärlerini hem ele aldylar. Akjemal olara el işlerini, tikin tikmegi we keşde çekmegi öwretdi.

Şu günler bu köp çagaly maşgalany şatlykly aladalar gurşap aldy. Goşaýewler uly gyzy Ogulsuraýy durmuşa çykarmaga taýýarlyk görýärler. Olar özlerini bezegleriniň ählisini, şol sanda toý bezeglerini hem, gyzlar öz elleri bilen döretdiler. Mundan hem başga gyzlar ejesinden nahar taýýarlamagyň gadymy usullary esasynda türkmen tagamlaryny tagamly taýýarlamagy öwrendiler. Eger-de gyzlar öý hojalyk işleri bilen meşgullansalar, uly ogullary hojalyk kiçi fermasy bilen – gara mallary idetmek bilen meşgullanýarlar. Maşgalada kiçi ýeňil awroulagy we MTZ kysymly tigirli traktor bar. Eger-de olarda kiçiräk näsazlyk tapylaýsa olaglanlar bu näsazlyklary özbaşdak bejermekden baş çykarýarlar. Çagalar öz ene-atalary bilen mellekde miweli baglary, üzümi, gök ekinleri ösdürip ýetişdirýärler.

Akjemal öz uly gyzlary bilen Çary Goşaýewiň kärendesine alan üç gektar meýdanda möwsümleýin işlerde agzybirlikli zähmet çekýärler. Aman Goşaýew toprakdan ýokary hasyl almakda özüni görkezmegi başardy. Onuň zähmetini we üstünligini Akjemal deň paýlaşýar. Akjemal hünäri boýunça agraonom. Haçan-da Çary gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin kärendesine ýer alanda bu zenanyň “ak altyny” agrotehniki taýdan ösdürip ýetişdirmek boýunça bilimi özüniň oňaýly täsirini ýetirdi. Akjemalyň zähmetde toplan tejribesini onuň çagalary topragy özleşdirmekde giňden we üstünlikli peýdalanýaralr. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Bag Ekmek Çäresine Badalga Berildi

syrach

(TENDER) «Mitro International Limited» Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär

turkmenhabargullugy