Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razakyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde köp ugurly döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we onuň geljekki ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, milli Liderimiz we dostlukly ýurduň hökümet Baştutany söhbetdeşlikde soňky ýyllarda täze mazmun bilen üsti ýetirilen türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumyndaky, şeýle hem bilim we hünärmenleri taýýarlamak ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň tutuş halkyna Malaýziýanyň Patyşasy Mizan Zaýnal Abidin ibni al Marhum Sultan Mahmud al Muktafi Billah Şahyň mähirli salamyny ýetirdi.
Hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Patyşasy Mizan Zaýnal Abidin ibni al Marhum Sultan Mahmud al Muktafi Billah Şaha hoşniýetli sözlerini aýtdy we döwletimiziň Malaýziýa bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyňi hemmetaraplaýyn berkidilmegine we işjeňleşdirilimegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi hem-de bu gatnaşyklaryň tutuş dünýäde, hususan-da, Merkezi Aziýada we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini aýtdy.
Döwletara we hökümetara derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine oňyn baha bermek bilen, döwlet Baştutanymyz we Malaýziýanyň Premýer-ministri ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Soňky ýyllarda Aşgabatda Malaýziýanyň ilçihanasynyň açylmagy we Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylmagy, şeýle hem dürli derejedäki saparlaryň alşylmagy bu işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministrini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy we oňa Türkmenistanda hormatly myhman hökmünde garaşylýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlary aýtdylar we Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge alan ugrunyň däp bolan we iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan maksatlaryna, wezipelerine, onuň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik Malaýziýa tarapynyň başlangyjy boýunça amala aşyryldy.