Köpugurly Aşgabat stadionynda Ahal we Şagadam toparlarynyň arasyndaky oýun bilen futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji tapgyry badalga aldy. Deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinden gelen myhmanlar bu oýundan öň dört utuk bilen baýrakly üçlügiň ahyrky ornuny eýelediler. Türkmenistanyň naýbaşy kubogynyň eýesi Ahal topary bolsa bir utuk az gazanyp ýaryş sanawynda ýedinji orny eýeledi.
Ahal toparynyň oýunçylary oýna örän taýýarlykly çykdylar. Olar oýnuň bütin dowamynda oýna ynamly gözegçilik etdiler. Bu öz netijesini berdi. Ahal topary yzly-yzyna ikinji gezek ýeňiş gazandy we 6 utuk toplap, sanawyň öňdebaryjysy bolan paýtagtymyzyň Altyn asyr toparynyň yzyndan ýetmegi başardy.
Ýurdumyzyň çemponatynyň üçünji tapgyry 19-njy martda Balkan topary bilen Talyp sporty toparynyň, Altyn asyr topary bilen Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparynyň, Aşgabat topary bilen Daşoguz toparynyň we Merw topary bilen Bagtyýarlyk-Lebap toparynyň arasyndaky oýunlar bilen tamamlanar.