26-njy martda ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi badalga aldy, onuň başlanmagyna, mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 14-nji martda bolan mejlisinde ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmesine laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary ekişe girişdiler. Birneme soňrak, ýagny 2-nji aprelde Daşoguz welaýatynyň ekerançylary olara goşular.
Asylly däbe görä, ekişiň başlanmagyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň, abadançylygyny we rowaçlygyny gudraty güýçli Allatagaladan dileg edip, topraga gowaçanyň ilkinji tohumlaryny atdylar, soňra mehanizatorlara orun berdiler.
Mälim bolşy ýaly, bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýylda “ak altyn” ussatlary Watan harmanyna 1 million 200 müň tonna golaý pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň bu gazanan üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynda giňden ýaýbaňlanan uly möçberli özgertmeleriň, hususan-da, oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagyň, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasyny hem-de ýokary hilli tohumlary peýdalanmagyň, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň we başgalaryň äşgär netijesidir.
“Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” ileri tutulýan ugurlaryny nazar almak bilen işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy” obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarar we şeýlelikde, ykdysady taýdan rowaçlanýan döwlet hökmünde abraýyny has-da berkider.
Bu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze häzirki zaman pagta arassalaýjy zawodlary gurmaga ilkinji nobatda üns berilýär. Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilýän, kuwwaty ýylda 40 müň tonna barabar bolan kärhananyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Işe girizilýän desgalaryň hatarynda Görogly etrabynda pagta arassalaýjy zawodyň täze önümçilik bölümi bar.
2015-nji ýylda ýurdumyzyň esasy oba hojalyk welaýatlarynda bu pudagyň döwrebap desgalarynyň birbada üçüsini işe girizmek bellenildi. Her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça pagta arassalaýjy kärhanalaryň ikisi-Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda gurlar. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhananyň çäklerinde täze önümçilik bölümi bina ediler.
Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen bu zawodlar gowaça ösdürip ýetişdirmegi täze derejä çykarar. Olar tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge, göwnejaý taýýarlanylan ýokary hilli tohumlar almaga niýetlenendir, şol tohumlar soňra bereketli türkmen topragyna ekiler we has ýokary hasyl almak üçin esas bolar.
Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 545 müň gektar ýer berildi. Umuman alnanda,”ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonnasyny, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonnasyny, Lebap welaýatynda 300 müň tonnasyny, Mary welaýatynda 313 müň tonnasyny öndürmek bellenildi.
Gowaçanyň saýlama tohumlarynyň 65 müň tonnadan gowragy ekişe taýýarlanyldy, olaryň möçberleri orta süýümli we inçe süýümli sortlaryň 15-e golaýydyr. Pagtanyň orta süýümli sortlary däp boýunça Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ösdürip ýetişdirilýär. Olaryň hatarynda “149F”, “133F”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-39”, sortlary has giňden ekilýär. Pagtanyň inçe süýümli “Ýolöten-14”, “Ýolöten-32” we beýleki sortlary ýurdumyzyň iki welaýatyndaMary we Ahal welaýatlarynda ekiler.
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginde TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, ekiş möwsüminde dürli kysymdaky traktorlaryň 7 müňden gowragy, ekijileriň 2 müňden gowragy, gowaça kultiwatorlarynyň 5 müňe golaýy we ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün etmek, beýleki agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan oba hojalyk gurallary işlediler.
Geçen ýyl Balkan welaýatynyň ýerli toprak-howa şertlerinden ugur almak bilen gowaçany ekin dolanyşygyndan aýyrmak barada çözgüt kabul edildi. Bu çäre suw, ýer we tehniki serişdeleri has rejeli peýdalanmagyň, maldarçylygy ösdürmegiň, miwe-gök önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň günbatar welaýatynyň obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Indi boşan ýerlere gant şugundyry, ot-iýmilik, bakja we beýleki ekinler ekiler. Balkanlylar şol ekinleriň käbirleriniň ekişine hem şu gün girişdiler.
Ekişiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Watan”, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň “Ýassydepe” we Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Ak altyn” daýhan birleşiklerinde obany mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhüm meselelerine bagyşlanylan, obasenagat toplumynyň depginli ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini durnukly ösdürmegi üpjün etmek boýunça okuwlar geçirildi.
“Ak altynyň” we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler şol okuwlara gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy, olaryň hatarynda welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň beýleki düzüm birlikleriniň, şeýle hem “Türkmenstandartlarynyň”, “Daýhanbankyň”, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar bar. Hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek, gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini hem-de mineral dökünleri rejeli peýdalanmak, ösümlikleri zyýan beriji mör-möjeklerden we haşal otlardan goramak barada gürrüň edildi.
Bu ýere ýygnananlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen obasyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi, ýurdumyzyň ekerançylarynyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada işjeň alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimiz tarapyndan obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini we tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň we Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň önümleri gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň sergileri guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we tans-halk döredijiligi toparlary pagtaçylar üçin aýdym-saz sowgatlaryny taýýarladylar.