4.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Syýahat žurnaly.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany özüniň bezeg babatdaky häzirki zaman çemeleşmeleri we täze garaýyşly mazmuny bilen okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Täze žurnalyň okyjylaryň, şeýle hem syýahatçylyk ulgamynda işleýän hünärmenleriň söýgüsine mynasyp bolmagy bellärliklidir. Ol özüniň okyjylaryny pudagyň döredijilik çemeleşmeleriň ösýändigi hem-de ondaky özgertmeleriň sazlaşykly depgine eýe bolýandygy bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýokary hilli önüm öndürmek ýa-da isleg bildirilýän hyzmaty ýerine ýetirmek ýeterlik däldir, çünki, olaryň dünýä bazarynda netijeli hereket etmegi üçin döwrebap usullaryň, mahabat mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy zerur bolup durýar. Munuň özi tutuşlygyna syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Žurnal “Awaza milli syýahatçylyk zolagy: şypahana ulgamy düzümini giňeldýär” atly Hazaryň türkmen kenarynda giň möçberli özgertmeler hakynda gürrüň berýän makala bilen açylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 27-nji fewralynda Balkan welaýatyna guran iş saparynyň barşynda deňiz şypahana ulgamynda alnyp barylýan işler we ol ýerde gurulmagy meýilleşdirýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Deňziň kenarynda Mejlisler merkeziniň we iri söwda merkeziniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Olarda häzirki döwürde wekilçilikli duşuşyklary geçirmek babatda bar bolan ýokary ülňüler, şypahana gelýän köpsanly myhmanlara hyzmatyň döwrebap derejesi üpjün edilýär. Awazada gök zolaklary döretmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Deňziň kenarynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşykçylary tarapyndan gurulýan 700 orunlyk kottejler toplumy bar. Onda ýokary derejedäki amatly şertler bilen ykdysady mümkinçilikleriň özara baglanyşygy, olarda alnyp barylýan hyzmatlaryň bahalarynyň elýeterliligi toplumyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolar. Munuň özi şypahana –dynç alyş ulgamynyň ähli adamlar üçin oňyn mümkinçilikleri açýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Buzly meýdançasy bolan köpugurly sport toplumy köpleriň ünsüni özüne çekýär. Onda sportuň bu görnüşi, şol sanda ýurdumyzyň deňiz ýakasynda ozal bolmadyk görnüşleri bilen meşgullanmak üçin täze mümkinçilikler emele gelýär. Täze sport toplumynyň halkymyz üçin sagdyn durmuş ýörelgesiniň ykrar edilýän, köpçülikleýin sportuň ösdürilýän, şeýle hem çagalaryň we ýaşlaryň ürç edip gatnaýan merkezine öwrüljekdigi gürrüňsizdir.

“Aziada—olimpiada barýan ýolda ilkinji basgançak” atly makala ýurdumyzyň durmuşynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan sport baradaky gürrüňi dowam edýär. Bu makala arkaly okyjylar Türkmenistanyň ýakyn döwürde dünýäniň iň esasy ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülmäge bolan meýilleri bilen tanşyp bilerler. Bu babatda ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we ussat hünärmenlerini çekmek arkaly iri sport çärelerini guramak boýunça düýpli we pugta binýat döredilýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda şunuň ýaly iri sport çäresiniň ilkinji gezek geçirilmegine giň möçberli wekilçilikli ýaryşlary guramak, tejribe toplamak, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ösüşiň täze belentligine çykmak bilen baglanyşykly meselelere çuňňur aralaşmaga mümkinçilik hökmünde garalýar. Şeýlelikde, halkara derejesinde guralýan çäreleriň yzy dowam eder we has uly mümkinçilikler emele geler.

Şu ýyl Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti halkara derejesinde geçirilýän giň möçberli çärelere işjeň gatnaşdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa ýurtlary boýunça geçirilen milli sergi tapgyry Madride çenli dowam etdi. Ol ýerde “FITUR” 34-nji halkara syýahatçylyk sergisi geçirildi. Biziň ýurdumyz sergide syýahatçylyk babatdaky mümkinçiliklerini görkezdi.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “FITUR” taslamasyna gatnaşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ägirt uly goşant goşýandygynyň, biziň ýurdumyzyň jahankeşdeleri işjeň çekmäge hem-de pudagyň mümkinçiliklerini we ulgam boýunça işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine meýillidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýäniň 165 ýurdundan 9 müňe golaý kompaniýalaryň öz mümkinçiliklerini görkezen “FITUR” sergisinde şypahana, bejeriş, jahankeşdelik ýaly ugurlar esasy ornunda boldy. Şeýle hem onda lukmançylyk bilen sagaldyş syýahatçylygynyň ugurlary utgaşyklykda görkezildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Döwlet Baştutanymyz bu ugur boýunça täze syýasaty durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellemek bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşly taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny gazandy. Munuň özi Türkmenistanyň şypahana ulgamynyň täzeden galkynmagynyň, häzirki zaman sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň kemala gelmeginiň, şeýle hem ýurdumyzyň bejeriş ähmiýeti bolan çeşmeleriniň dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrylmagynyň anyk maksatnamasydyr.

Madridde guralan FITUR sergisinde syýahatçylyk boýunça telekeçilige degişli hünärmenlere Türkmenistanda şu ugry syýahatçylygyň beýleki görnüşleri—medeni-bilim, etnografiýa, ekologiýa bilen bagly ugurlar bilen utgaşdyryp ösdürmegiň neneňsi görnüşde meýilleşdirilýändigi barada maglumat almaga mümkinçilik döredildi. Ýewropadaky köp sanly ýurtlaryň turoperatorlary, galyberse-de, syýahat etmegi halaýatlar Türkmenistanyň syýahata degişli mümkinçilikleri babatda uly gyzyklanma bildirdiler.

Mart aýynda Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti ýene-de Germaniýanyň paýtagtyndaky “ITB”halkara syýahatçylyk sergisine ýene-de gatnaşdy. Bu edara dünýädäki bu uly sergä geçen ýylda ilkinji gezek gatnaşdy. Şonda Türkmenistana syýahatçylyga degişli esasy döwlet kärhanalary we şu ugur boýunça işleýän hususy kompaniýalar wekilçilik etdi. Şonda hünärmenler bazardaky täze hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana içgin üns berdiler. Gyzyklanma bildirilmeginiň özi täze işewürlik gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlyga badalga berip, ýewropaly syaýhatçylaryň islegine laýyk gelýän täze teklipleriň düzülmegine esas bolup hyzmat etdi.

Žurnalda Hazaryň türkmen kenarynda şemal we deňiz tolkunlary bilen bagly başdan geçirmelere bagyşlanan sözbaşyly makala çap edildi. Öňünden mälim edýän bu makalada Türkmenistanyň ilkinji gezek windserfing boýunça dünýäniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň tertibine goşulandygy aýdylýar. Şol ýaryşlar her ýylda Windserfing boýunça professional assosiasiýa (Professional Windsurfing Assoсiation-PWA) tarapyndan dünýä derejesinde geçirilýär.

2014-nji ýylda windserfing boýunça dünýäniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň bäşinji tapgyry 2014-nji ýylyň 1-6-njy iýuly aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Ýelken” ýaht-klubunyň binýadynda geçiriler. 2013-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzda ýelkenli gaýyk bilen ýüzmek boýunça ilkinji merkeziň açylmagy Türkmenistanda sportuň suwdaky gyzykly, ýokary tizlikli, ekstremal görnüşleriniň ösdürilmegine badalga berdi.

PWA-nyň Awazadaky ýaryşynyň çäklerinde suwdaky bäsleşigiň esasy görnüşine öwrüler. Galybserse-de, esasy ýaryşdan başga çäreleriň meýilnamasyna sportuň suwdaky we ýelkenli gaýyk bilen ýüzmek boýunça bäsleşikleri hem goşuldy. Bu bäsleşige dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan ökde serfingistleriň ýüze golaýy gatnaşar, daşary ýurtlaryň sport boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň takmynan şonça sanly wekilleri bolup geçýän wakalar barada gürrüň berer. Bäsleşikleriň tele we onlaýn arkaly gös-göni görkezilmegini guramak meýilleşdirilýär

Neşirde has uzak aralyklara uçuşlary amala aşyrmak üçin niýetlenip, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň awiaparkyna gelip gowuşan “Boeing 777-200LR” kysymly täze uçar bilen tanyşdyrýan fotosuratly makala ýerleşdirilip, onda gyzykly maglumatlar beýan edilýär.

“Boeing 777-200LR” kysymly uçar has tiz uçmaga we ýolagçylary gatnatmakda amatlylygy döretmäge hem-de “Türkmenhowaýollaryna” syýahatçylara hyzmat edilişiniň derejesiniň has ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Uçaryň salony özbaşdak ulanmak üçin niýetlenen has kämil audio we wideo ulgam bilen üpjün edildi, munuň özi uzak aralyga amala aşyrylýan uçuşlaryň gyzykly we amatly bolmagyna ýardam eder.

Diňe bir asmanda däl-de, ýerde-de ýolagçylara hyzmat edilişi özgerdiler we has amatly ýagdaý dörediler. Häzirki wagtda Aşgabatda täze Halkara howa menzili gurulýar. Ýakynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2-nji ýolagçy terminalynyň açylyş dabarasy boldy.

“Syýahat” žurnalynyň her bir sanynda etnografiýa degişli makala ýerleşdirilýär. Modanyň milli öwüşginler baradaky makalada milli lybasa degişli ýörelgeler beýan edilýär. Şunda bu ýörelgeleriň türkmen modelýerleriniň-dizaýnerleriniň döredijiligine täze görnüşde öz beýanyny tapýandygy bellenilýär.

Neşiriň şu sany dünýäde halkara syýahatçylygyna we onuň bilen ugurdaş ulgamlarda bolup geçýän wakalar we çäreler barada habar berýän täzelikler ýerleşdirilýär. “Tur-daýjest” atly bölüme daşary ýurtlaryň çeşmelerinden alnan gysga habarlar, şol sanda Moskwa şäherindäki Bütinrussiýa amaly-haşam we milli sungatynyň muzeýinde geçirilen üýtgeşik sergi baradaky maglumat goşuldy. Şol sergide 1938-nji ýylda ussat türkmen halyçylary tarapyndan dokalan “Atly ýöriş” atly ýeke-täk haly ilkinji gezek köpçülige görkezildi. Dünýäde syýahatçylyk pudagy boýunça toplanan tejribäni öwrenmek bilen baglanyşdyryp aýdanyňda, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Ispaniýa ýaly ýurtlarda şu ugur boýunça işlenip taýýarlanan özboluşly taslamalar baradaky habarlar diýseň gyzykly bolup. Ählumumy bazaryň şu segmentine degişli umumy ýagdaýlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda-da şu ugur işjeň ýagdaýda özleşdirilýär.

Degişli makalalar

Tahyr Ataýewiň Orkestri Rok Sazlaryny Ýerine Ýetirdi

Türkmenistanyň Döwlet Muzeýinde Baýdak Baýramyna Bagyşlanan Sergi Açyldy

Türkmenistanyň Daşary Syýasaty we Diplomatiýasy Žurnalynyň Nobatdaky Sany

syrach