19.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Nusgawy edebiýat elektron neşirde.

“Medeniýet” milli maglumat – – aň-bilim Internet serişdesiniň üsti täze bölüm bilen ýetirildi. Ol beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýlyllygyna bagyşlandy. Şeýle hem bu neşir türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili barada Internet ulgamynyň okyjylarynyň düşünjesini giňeltmäge hem-de olary beýik akyldaryň döredijiligi we pelsepewi garaýyşlary, ýurdumyzyň alymlarynyň Pyragynyň döredijiligini we durmuşyny öwrenmek ulgamynda geçiren barlaglarynyň netijeleri bilen tanyşdyrmaga gönükdrilendir. Munuň özi Magtymgulynyň öçmez-ýitmez eserlerini wagyz etmek, türkmen halkynyň edebi-ruhy gymmatlyklaryny, milli edebiýaty öwreniş we taryh ylmynyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda ädilen ädimdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, medeniýet ojaklary, milli habar beriş serişdeleri, muzeýler, teatrlar, kitaphanalar, ylmy merkezler türkmen halkynyň baý mirasyny wagyz etmekde, türkmen halkynyň özboluşly sungatynyň, halk döredijiliginiň ajaýyplygyny äşgär etmekde, giň jemgyýetçiligiň milli we dünýä medeni gymmatlyklaryna işjeň aralaşmagyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň döreden “Medeniýet” saýty ugurdaş ylmy institutlar, şeýle hem biziň halkymyzyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklary hakyndaky şu taslamanyň çäklerinde Internet ulgamynyň okyjylaryny maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça iş alyp barýan medeniýet edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Öňi bilen aýtmaly zat, bu neşirde ozal bar bolan bölümleriň üsti “Wirtual kitaphana” bölümi bilen ýetirildi. Onda milli nusgawy edebiýatymyzyň altyn gaznasynyň ylmy we çeperçilik, halk döredijiliginiň eserleri, folklar bölümleri, şol sanda gadymy dessanlar, halk ertekileri, aýdymlar, nakyllar we matallar bar.

Maglumat tehnolgiýalarynyň ösdürilmegi, elektron-kompýuter mümkinçilikleri türkmen edebiýatynyň baý gymmatlyklaryny wagyz etmekde we olary öwrenmekde, Magtymguly ýaly söz ussatlarynyň edebi döredijiligine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekde täze ugurlary açýar.

Täze bölümde “Magtymguly—ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly makala ýerleşdirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Şeýle hem bölümde beýik şahyr barada maglumatlar, daşary ýurtly alymlaryň, edebiýatçylaryň Magtymguly hakyndaky aýdanlary, Pyragynyň döredijiligi hakynda türkmen alymlarynyň makalalary, gollanmalary, şeýle hem şu ýyl Magtymguly Pyragynyň ýibileý dabaralary mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrylan dabaraly çäreler baradaky habarlar ýerleşdirildi.

Şeýle hem ol neşirde “Magtymguly” operasynyň, belli halk bagşylarynyň we sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde, Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlarynyň ýazgysy ýerleşdirildi. Şahyryň döredijiliginiň muşdaklaryna onuň eserleriniň türkmen dilinde bolşy ýaly, iňlis, rus, arap, ispan, türk, azerbaýjan, özbek dillerine terjime edilen eserleri hödürlenilýär.

Ylmy-barlag işlerinde, halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde edebi terjimäniň aýratyn orny bardyr. Ol diňe bir tutuş dünýä ýaýran türkmen medeniýetiniň bahasyz çeşmelerini gözlemek bilen çäklenmän, eýsem onuň ösüşinde we medeniýetleriň biri-birine gatnaşygynda möhüm orny eýeleýän çeper dile bolan seljermeleri özünde jemleýär.

Şeýlelikde, bu saýt türkmen halkynyň golýazma we edebi mirasy boýunça maglumatlaryň giň möçberli elektron binýadyny döretmegi dowam edýär. Ol taryhçy, edebiýaty öwreniji, gündogary öwreniji, dil öwreniji, etnograf, arheolog hünärmenler üçin bolşy ýyaly, giň okyjylar köpçüligi, şol sanda talyplar we mekdep okuwçylary üçin zerurdyr. Ol sapakdan daşary okamagyň özboluşly ulgamyny emele getirýär.

Degişli makalalar

Beýik Watançylyk Urşunyň Weteranlaryny we Uruşda Wepat Bolanlaryň Ýanýoldaşlaryny Gutlamak Dabarasy Boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Dokma Senagaty Ministrligi

syrach