Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň barşyna, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly möhüm meselelere seredildi.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişiniň barşy, Suw damjasy altyn dänesi baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem gurulýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ekerançylaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, gurulýan desgalaryň ýokary hilini we öz wagtynda gurlup gutarylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow hasabat bilen çykyş etdi. Ol häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depgini barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada durup geçdi. Häkim “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler barada hem habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň durmuş we senagat düzümini sazlaşykly ösdürmegiň döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekdi. Şu nukdaýnazardan welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça bellenilen çäreleriň meýilnama laýyklykda alnyp barylmalydygyny, gurulýan desgalardaky işiň depgini ýokarlandyrmak babatda zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz aprel aýynda belleniljek baýramçylyk çärelerine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belledi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, köpçülikleýin bag ekmek möwsüminiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmek, öňde boljak şanly senelere göwnejaý taýýarlyk görmek hem-de olary guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oba zähmetkeşleriniň durmuşynda möhüm sene bolan Suw damjasy altyn dänesi baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynda wajyp möwsüm bolan gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony bellenilen möhletlerde ýokary hilli tamamlamagyň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.
Lebap welaýatynyň häkim M.Joraýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň ýörite işlenip düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýandygy, şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim aprel aýynda giňden belleniljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleriniň derejesi barada aýratyn durup geçdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny we depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Esasan-da, hormatly Prezidentimiz gowaça ekişini iş meýilnama we agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senelere taýýarlyk çäreleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagadýyna yzygiderli gözegçilik edilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, Suw damjasy altyn dänesi baýramyna görülýän taýýarlyk işleri we sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede we ylmy esasda ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Welaýatyň oba hojalyk toplumnyda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatda dürli ekinleri, şol sanda ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da milli Liderimiz öňde boljak şanly senelere hemmetaraplaýyn we örän ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, Suw damjasy altyn dänesi baýramçylygyny guramaçylykly geçirmek babatda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, täze gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleri, şäher ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk çärelerine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejede bolmalydygyny, paýtagtymyzy sazlaşykly ösdürmek, abadanlaşdyrmak meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk çärelerine hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça taslamalar işlenip taýýarlanylanda halkymyzyň asylly ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň sazlaşygyny üpjün edýän ähli çäreleriň görülmelidigini, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy talaplarynyň öz beýanyny tapmalydygyny tabşyrdy.
Soňra wideoşekilli iş maslahatyna ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işler, gowaça ekişiniň barşy, ak ekinlere ideg işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde aprel aýynda ählihalk derejesinde bellenilýän Suw damjasyaltyn dänesi we Türkmen bedewiniň baýramlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýyl Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda surartkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşik geçirmek hakyndaky resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljekki bol hasylyň binýadynyň tutulýan günlerinde gowaça ekişini bellenilen möhletlerde we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Suw damjasyaltyn dänesi baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk çärelerini işjeňleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň baýramy mynasbetli guralmagy meýilleşdirilýän halkara we beýleki medeni çäreleriň, bäsleşikleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün edýän degişli resminama gol çekdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çagyryldy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzda dürli derejedäki sport ýaryşlaryny, halkara bäsleşikleri, şol sanda Aziada-2017-niň oýunlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň meýilnamalaryny, ýaryşlaryň barşynda türkmen türgenleriniň we meýletinçileriň nyşanlarynyň we lybaslarynyň görnüşlerini hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýene-de birnäçe ýyldan türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziýa oýunlary ýaly möhüm halkara çärelerine taýýarlyk görmegiň barşynda şular ýaly iri sport ýaryşlaryny guramak, şol sanda türgenleriň we meýletinçileriň lybaslary, ýaryşlarda ulanyljak nyşanlar bilen baglanyşykly meseleleriň hem-de bu ugurdaky dünýä tejribesiniň işjeň öwrenilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara ýaryşlarynda ulanyljak nyşanlaryň we dürli sport lybaslarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini, olaryň milli ýörelgelerimizi beýan edýän aýratynlyklarynyň bolmalydygyny tabşyrdy.
Esasan-da, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 3-5-nji aprelinde Aşgabat-Aziada-2017-niň paýtagty ady bilen Aşgabatda geçiriljek halkara sport sergisinde türgenleriň, meýletinçileriň lybaslarynyň, milli nyşanlaryň toplumlarynyň görkezilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny, şeýlelikde, bu ugurdaky hünärmenlerden teklipleriň we maslahatlaryň gelip gowuşjakdygyny belledi we olaryň berjek bahalarynyň nazarda tutulmalydygyny tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda 1-nji aprelde badalga berilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biraýlygyň çäklerinde guralýan köpçülikleýin sport we medeni çärelerine tutuş ilatymyz işjeň gatnaşmalydyr we ol sagdynlygyň, ruhubelentligiň baýramçylygyna öwrülmelidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna bir wagtda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykowy we B.Hojamuhammedowy çagyrdy. Olar öz nobatynda gözegçilik edýän pudaklarynda, düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulýan desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde gurulýan dürli maksatly desgalardaky alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bezeg aýratynlyklarynyň döwrüň talabyna laýyk gelmeginiň hem-de milli äheňde bezelmeginiň, olaryň ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 4-nji aprelinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etraplarynyň we şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek giňişleýin mejlisine degişli derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine serediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine giňişleýin mejlise göwnejaý taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň jemlerini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzgiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek babatda öňde goýlan toplumlaýyn çäreleriň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi.
Wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.