3.9 C
Aşkabat
03.12.2024
SPORT

Gurultaý obasynda täze sport mekdebi açyldy.

 Sakarçäge etrabynyň Gurultaý obasynyň ýaş türgenleri ajaýyp sowgat bolan 350 orunlyk täze sport mekdebini aldylar. Durmuş ähmiýetli desganyň dabaraly açylyşynyň Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanmagy guwançlydyr. 

Welaýatyň we etrabyň ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, sport komitetiniň, bilim we medeniýet ulgamlarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar, oba zähmetkeşleri, şeýle hem ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary täze sport mekdebiniň baýramçylyk açylyş dabarasyna gatnaşdylar, ýerli hususy kärhananyň işgärler topary welaýat düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça täze desgany gurdy. 

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üstünlikli durmuşa geçrilýän sebitleri özgertmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň maksada okgunlydygyny hem-de netijelidigini nygtadylar. Şu desganyň açylmagy halkymyzyň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmagy üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky aýdyň subutnamalarynyň biridir. 

Sakarçäge etrabynda sporty söýüjileriň müňlerçesi bar we täze mekdep sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, öz ussatlyklaryny kämilleşdirmek isleýänler üçin ýene-de bir özüne çekiji merkez bolar. .Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurlan we enjamlaşdyrylan täze oba sport mekdebinde ýeňişlere çalyşýan türgenleriň ýaş nesli kemala geler, jaýlaryň toplumy we ýöriteleşdirilen sport zallarynyň ulgamy bir maksada– türgenler we tälimçiler üçin göwnejaý şertleri döretmäge ýardam eder. Täze desgada sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin giň türgenleşik zallary, kiçi futbol, woleýbol, basketbol, gandbol oýnamak, küşt, şaşka ýaryşlaryny geçirmek üçin zal, şeýle hem tälimçiler üçin otaglar bar. Onuň töweregindäki çäkler bagy-bossanlyga öwrüldi, ýanköçeler we seýilgähler, şeýle hem sport oýunlary üçin köpsanly açyk meýdançalar bilen gurnaldy. 

Baýramçylyk ýagdaýda geçen desganyň açylyş dabarasynyň barşynda gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary we türgenleriň görkezme çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi.

Degişli makalalar

Türkmen Küştçüleriniň we Karateçileriniň Nobatdaky Baýraklary

“Altyn Asyr” Ikinji Orun Bilen Aratapawudy Baş Utuga Çenli Artdyrdy

Oýunlaryň Ikinji Gününde Futzal, Tennis we Taýboks Boýunça Ýaryşlar Geçirildi

turkmenhabargullugy