13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YLYM

Mekdep okuwçylarynyň döredijilik bäsleşikleri.

Aşgabatda Çagalar we ýetginjekler köşgünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Jemleýji tapgyra paýtagtyň we ýurduň sebitleriniň ählisinden bäsleşigiň mundan öňki geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji bolan orta ýöriteleşdirilen we umumy bilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň – dalaşgärleriň 14-si gatnaşdy. 

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, mekdep okuwçylary özleriniň söýüp okaýan Magtymgulynyň goşgularyny ýatdan aýytdylar. Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň Magtymgula ýa-da ata Watana bagyşlap öň çap edilmedik ýazan düzmelerini emin agzalaryna hödürlediler. Magtymgulynyň goşgularynyň bäsleşige gatnaşyjylaryň diňe bir türkmen dilinde ýerine ýetirlmändikleri bellärlikli ýagdaýdyr. Şahyryň döredijilik mirasynyň dünýä halklarynyň dürli dillerine terjime edilmegi netijesinde mekdep okuwçylary şahyryň goşgularyny iňlis, rus, türk, nemes we beýleki dillerde okadylar. Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar milli saz gurallarynyň çalynmagynda Magtymgulynyň goşgularyna ýa-da gönüden-göni şahyra bagyşlanylyp döredilen aýdymlary ýerine betirdiler. 

Magtymgulynyň ýaşan we gezen ýerlerinde ýaşaýan, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň ýedinji synp okuwçysy Ogulşat Saparowanyň bäsleşigiň ýeňisi bolmagy täsin ýagdaýdyr. Ikinji orna Türkmenbaşy şäheriniň 5-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň sekizinji synp okuwçysy Gülendam Mahmudowa, üçünji orna, utuklary deň möçberde toplan okuwçylaryň ikisi – Daşoguz şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň dokuzynjy synp okuwçysy Maýsa Halbaýewa we BAE Prezidenti, şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky “Döwletliler” köşgüniň onunjy synp okuwçysy Arzuw Muhyýewa eýelemegi başardylar. 

Baýrakly orunlary eýelänlere diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň beýlekilerine höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Çagalar we ýetginjekler köşgüniň okuwçylarynyň döredijilik çykyşlary bu döredijilik bäsleşigine aýratyn öwüşgin berdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mekdeplerinde «Soňky Jaň» Dabaralary Geçirildi

Geljekki alymlar üçin synaglar.

syrach

2017-nji Ýylyň Giriş Möwsümi: Täze Mümkinçilikler, Ýakyn Perspektiwalar

turkmenhabargullugy