16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
DURMUŞ

Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty.

Türkmen paýtagtynda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilýär. 

Festiwal paýtagtymyzda dünýä döwletleriniň 14-siniň teatr toparlarynyň 16-syny birleşdirdi. Medeni çäräniň çäklerinde sahna sungatynyň dürli ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistandan paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň esasy teatrlary çykyş edýärler. 



Giň gerimli teatr forumynyň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimizi kämilleşdirmek, ony dünýä tanyşdyrmak, halkara döredijilik gatnaşyklaryny berkitmek we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşinde täze itergä eýe bolan teatr sungatynyň wekilleriniň tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berýändigini tassyklaýar. “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly festiwal hem teatr sungatynyň dünýä boýunça ösüş meýillerini öwrenmäge, ýaş artistleriň ýerine ýetirijilik ussatlygyny we sahna medeniýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi teatr festiwalynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Köşgüň meýdançasynda festiwala gatnaşyjylaryň dürli öwüşginli ýörişi onuň özboluşly girişine öwrüldi. 

Bu ýerde açylýan dag belentlikleriniň we gök begrese bürenen dag jülgeleriniň görnüşi tebigy bezeg bolup, baýramçylyk çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Türkmenistanyň we festiwala gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary ýaz şemalyna pasyrdap, bu ýurtlaryň wekilleri milli lybaslara beslendiler. Myhmanlary paýtagtymyzyň köpsanly döredijilik toparlary, çagalar tans toparlary, Mukamlar köşgüniň öňünde bolsa milli gahrymanlaryň keşbine giren teatr artistleri gutlaýyr. 



Bu ýere ýygnananlaryň mähirli garşylamagy bilen festiwala gatnaşyjylar öz döwletleriniň baýdaklary astynda tomaşaçylaryň öňünden geçýärler. Teatr toparlarynyň her biri bu pursat üçin öz ýurdunyň özboluşly nyşany bolan milli sazyň owazy astynda özboluşly çykyşyny taýýarlapdyr. Baýramçylyk çäresi Mukamlar köşgüniň giň zalynda ýaýbaňlanyp, bu ýerde festiwala gatnaşyjylary we tomaşaçylary nusgawy milli we dünýä teatr sahnalarynyň gahrymanlary garşylaýar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergilerden ýuprdumyzda teatr işiniň taryhy we häzirki ýagdaýy barada maglumat almak bolýar. Baýramçylyk sergisinde teatr lybaslary, muzeý gymmatlyklary, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň nusgalyklary, şol sanda işe täze başlaýan suratkeş talyplaryň diplom işleri görkezilýär. Neşir önümlerine—döwlet Baştutanymyzyň kitaplaryna hem-de milli medeniýetimize we sungatymyza bagyşlanan neşirlere aýratyn orun berlipdir. 



Soňra Mukamlar köşgüniň zalynda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet we sungat işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary gatnaşdylar. 

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara foruma gatnaşyjylary festiwalyň Türkmenistanda açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, forum biziň halkymyzyň ruhy galkynyşynda gazanan üstünliklerini görkezmäge mümkinçilik berer, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we agyzybirligi berkitmäge mynasyp goşandyny goşar. 

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamy Garaşsyz türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlendi. Bu işde teatr sungatyna hem örän uly orun degişlidir” diýlip, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen gyzygyn garşylanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda nygtalýar. 

Soňra dabara gatnaşyjylara görkezilen wideofilm milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny we teatr sungatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri şöhlelendirdi. Häzir Türkmenistanda döwlet teatrlarynyň 10-sy, şol sanda paýtagtymyzda 6-sy we welaýatlarda 4-si işleýär. Teatr toparlarynyň ygtyýarynda häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilen ajaýyp binalar bolup, olar islendik tehniki çylşyrymlylygy bolan oýunlary sahnalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. 



Milli teatrlarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meseleleri döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Türkmenistanyň Mejlisinde teatr sungatyny has-da ösdürmäge gönükdirilen täze kanun taslamasynyň üstünde işlenilýär. 

Ýurdumyzyň teatrlarynda dürli žanrda we çeperçilik çözgütli oýunlar goýlup, olar sahnada türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň başdan geçirýän döwrüň wakalaryny şöhlelendirmek, biziň halkymyzyň şöhratly geçmişini, ajaýyp eýýamy we nurana geljegini baglanyşdyrýan ruhy ýoly görkezmek hyjuwy bilen birleşendir. Diňe geçen 2013-nji ýylda ýurdumyzyň teatr sahnalarynda oýunlaryň 2 müňden gowragy, şol sanda täze oýunlaryň 25-si goýuldy. 

Türkmenistanda we daşary ýurtlarda doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenilýän beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan eserler ýurdumyzyň teatr toparlaryny ruhlandyrýan esasy mowzuklaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynyň tomaşaçylaryň arasynda uly üstünlige eýe bolup gelýän “Magtymguly” atly operasyny, Alp Arslan adyndaky Türkmen milli ýaşlar teatrynda goýulýan “Magtymguly Pyragy” atly täze pelsepewi oýny agzamak gerek. 

Festiwalyň açylyş dabarasynyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar bu ýere ýygnananlara her bir teatr toparynyň ugruny açyp görkezýän oýunlaryň ajaýyp döredijilik çemenini sowgat etdiler. Artistler tomaşaçylar bilen tans dilinde, beden-syna hereketleri, aýdymdyr sazlar we elbetde, tomaşaçylarda uly seslenme tapýan söz arkaly düşünişdiler. Bu baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren küştdepdi tansy we dostluk aýdymy halkara teatr festiwalyny geçirmegiň esasynda goýlan maksadyň ynsanperwer ugruny görkezdi. 

Günüň ikinji ýarymynda teatr forumynyň esasy çäreleri paýtagtymyzyň teatr sahnalarynda dowam etdi. Olarda birnäçe teatr toparlary çykyş etdiler. Ýaş tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynda Ukrainanyň Poltawa oblastynyň akademiki gurjak teatrynyň adybir sahnasynyň gahrymany Petrik atly gaplaňjyk bilen tanyşdylar. Aşgam ýene şu sahnada Ýerewan şäheriniň Pantomima teatrynyň sahna oýny görkezildi. 



Özbegistan Respublikasyndan gelen kärdeşlerini Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda kabul etdiler. Bu ýerde Garagalpagystan Respublikasynyň Berdak adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň “Owadan gelin” atly sahna oýny görkezildi. Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Hytaý Halk Respublikasyndan opera teatrynyň topary “Edip şa” oýnuny görkezdi. 

Şu günüň teatr maksatnamasynda ýurdumyzyň teatr toparlarynyň oýunlary hem bar. Olaryň arasynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň “Mälik şa”, Daşogzuň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň “Bagtyýarlyk kenary”, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň “Göroglynyň öýlenişi”, Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň “Ýagtylan köňüller”, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Habyl bilen Kabyl”, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň “Ýusup-Züleýha” atly sahna oýunlary bar. 

Ertir halkara festiwalynyň çäklerinde ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnalarynda Täjigistandan, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinden we Astrahan oblastyndan, Gazagystandan, ABŞ-dan, Eýrandan, Türkiýeden gelen teatr toparlarynyň hem-de ýurdumyzyň teatrlarynyň oýunlary görkeziler. 

Daşary ýurtly festiwala gatnaşyjylar üçin baý mazmunly medeni maksatnama taýýarlandy, olar paýtagtymyzyň muzeýlerine we Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine baryp görerler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we BMG-niň Baş Sekretarynyň Arasynda Telefon Söhbetdeşligi

RLDP-niň Ýolbaşçysy W.Žirinowskiý Mähirli Garşylanandygy Üçin Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hoşallyk Bildirdi

Zemin barada ylymlar kolleksiýasy.

syrach