Halkara bäsleşigine ylmy-mugamlymçylyk edaralarynda ýa-da halkara guramalarynda iş tejribesi bolan we iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlary gatnaşyp bilerler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine bäsleşige gatnasmaga isleg bildirýänler şu resminamalary tabşyrmaly:
bellenen nusga boýunca arza
pasportyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň nusgasy
zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi
işgäri hasaba almak boýunça şahsy kagyz, 3×4 sm. ölçegdäki 4 sany surat
hünär bilimi, ylmy derejesi we ylmy ady hakyndaky resminamalaryň bellenen tertipde tassyklanan nusgalary
ylmy, döredijilik we beýleki işleriniň sanawy
saglygy hakynda kepilnama
Halkara bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 2014-nji ýylyň 15-nji iýunyna çenli kabul edilýär.
Resminamalar şu salga ugradylyp bilner : 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 104, Türkmenistanyň Bilim Ministrligiа.
Habarlaşmak üçin: tel.:(0099321) 44-85-43, 44-84-06.
e-mail: exhibition.edu@gmail.com