17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine halk hojalygynyň birnäçe pudaklarynyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly meseleler, şol sanda ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady we senagat taýdan sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli başga-da birnäçe meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowy çagyrdy. Wise-premýer “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde kuwwaty 1 million 155 müň tonna barabar bolan karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyna girişmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer karbamid öndürýän zawodyň taslama we gurluşyk işleri boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek we tehniki gözegçiligi amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşiginiň yglan edilendigini hem-de onuň netijesi boýunça degişli Kararynyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply önümçiligiň ýokary derejesini üpjün etmek, daşarky we içerki bazarlarda bäsdeşlige ukyply maksatnamany durmuşa geçirmek döwletimiziň täze senagat syýasatynyň möhüm ugrydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletimiz Türkmenistanyň himiýa senagatyny täze derejä çykarmak üçin ähli şertleri döredýändigini, iri pudaklaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilmegine giň möçberli maýalaryň gönükdirilýändigini aýtdy. Senagat kuwwatlylygyny diňe bir ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, uly islegden peýdalanýan täze önümleriň önümçiligini özleşdirmegiň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Garabogazda karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çärelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz bu iri kärhananyň milli ykdysadyýetimizi has-da sazlaşykly ösdürmek üçin bolşy ýaly, onuň halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagynda, täze iş orunlarynyň döredilmeginde hem uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde himiýa senagatynyň kärhanalarynyň netijeli we sazlaşykly işlemeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele boýunça gelip gowuşýan teklipleriň öwrenilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz karbamid öndürýän zawodyň taslama we gurluşyk işleri boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek we tehniki gözegçiligi amala aşyrmak barada konsorsiumyň düzümine girýän kompaniýalar bilen şertnamany baglaşmaga, şeýle hem Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de maslahatçy saýlanan kompaniýalaryň konsorsiumy bilen bilelikde Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurluşygy göz öňünde tutulýan karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy boýunça hem halkara bäsleşigini geçirip, gurluşygy amala aşyrjak potratçyny saýlap almak boýunça gysga wagtyň dowamynda degişli işleri geçirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Türkmenbaşydaky Halkara deňiz menziliniň düýbüniň tutulandygyny aýdyp, onuň toplumlaýyn gurluşygyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň kabul eden kararyna laýyklykda, toplumyň taslama we gurluşyk işleri boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hem-de tehniki gözegçiligi amala aşyrmak boýunça işlemeli kompaniýanyň saýlanyp alnandygy habar berildi. Bu düzümiň hem-de döwlet toparynyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, zerur bolan geologiýa-gözleg işleriniň alnyp barlandygy, toplumyň ýerleşjek ýeriniň deňiz çäkleriniň we gury ýer düzüminiň ylmy esasda öwrenilendigi hem-de bu ugurda degişli işleriň ýerine ýetirilendigi bellenildi. Wise-premýer hasabatyň barşynda maslahat beriji kompaniýanyň hem-de ýörite döwlet toparynyň degişli döwürde geçirilen halkara bäsleşiginiň netijesinde ýeňiji diýlip kesgitlenen Türkiýäniň “GAP Inşaat” kompaniýasynyň teklipleriniň amatly hasaplanandygyny we onuň bu desgalar toplumynyň gurluşygy boýunça taslamalary işläp taýýarlandygyny hem-de hepdäniň penşenbe güni taslamalaryň tanyşdyryş dabarasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Onda deňiz menziliniň, şol sanda menziliň toplumlaýyn düzümleriniň gurluşygynyň taslamalary görkeziler, toplumyň içerki we daşarky inženerçilik ulgamlary bilen baglanyşykly üpjün edilişi barada anyk maglumatlar beýan ediler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gury ýerde bolşy ýaly, deňizde hem köp şahaly ulag düzüminiň bolmagynyň ykdysadyýetiň ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň sebitde iri üstaşyr geçelge hökmünde uly ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz onuň goýberiş kuwwatynyň ýokarlanmagy üçin menziliň döwrebaplaşdyrylmagynyň, täzeden enjamlaşdyrylmagynyň, dürli ugurlara niýetlenen täze terminallaryň gurulmagynyň zerurdygyny belledi. Şunda binalaryň tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrylmagynyň ýokary derejesi Hazaryň ekologiýa taýdan abadançylygynyň möhüm şertidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Öňde durýan wezipeleriň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere häzirki zaman ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pudagy sazlaşykly ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Esasan-da, wise-premýer “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda alnyp barylýan işleri köpugurly esasda ösdürmek, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly eksport ugruny üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ägirt uly energiýa serişdelerini umumadamzat bähbidine gönükdirmegiň, toplumy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda ýangyç-energetika toplumyna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýerasty baýlyklarymyzy çykarmak, olary gaýtadan işlemek we halkyň bähbidine peýdalanmak bilen baglanyşykly wezipelere oýlanyşykly we ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak we milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen taslamalaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere şunuň bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, pile öndürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň medeni maksatnamasy, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň wajypdygyna, sebitiň ilatynyň durmuş ulgamynyň üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda meýilleşdirilen çärelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragyna guramaçylykly girişmek we ony bellenilen möhletde tamamlamak, pile öndürmek boýunça welaýata berlen tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz Çagalary goramagyň halkara gününe hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyny bellemek bilen, welaýatyň oba hojalyk işlerinde çaga zähmetiniň ulanylmaly däldigini aýtdy we häkimden berlen tabşyrygy ýerine ýetirmegi berk talap etdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol öňi bilen häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim pile öndürmek boýunça welaýata berlen tabşyrygyň ýerine ýetirilişi, Çagalary goramagyň halkara gününi guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň durmuş we senagat düzümini kämil derejede ösdürmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz çagalary oba hojalyk işlerine çekmeli däldigini, pile öndürmek boýunça welaýata berlen tabşyrygyň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň ýetip gelýändigini aýdyp, bu ugurda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, esasan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatyň beýleki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyndaky çykyşyny sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrykarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem ol galla oragyna guramaçylykly girişmek, orak möwsüminde işlediljek tehnikalaryň, tehnika hyzmaty alyp barmaga ýöriteleşdirilen toparlaryň taýýarlyk derejesi barada durup geçdi. Mundan başga-da, häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurluşygyň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz oba zähmetkeşleriniň durmuşynda örän wajyp möwsüm bolan galla oragynyň öz wagtynda we guramaçylykly geçirilmegine dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guraljak çäreleriň taýýarlyk derejesine ünsi çekip, welaýatda çagalaryň oba hojalyk işlerine çekilmegine ýol berilmeli däldigini ýatlatdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy hem-de gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew çagyryldy. Ol sebitiň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim pile öndürmek boýunça welaýata berlen tabşyrygyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli meýilleşdirilen dürli maksatly çäreleriň taýýarlyk derejesi barada habar berdi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna degip geçmek bilen, möhüm möwsüm bolan galla oragyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly ähli meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pile öndürmek boýunça alnyp barylýan işler we onuň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, dokma senagatynda gymmatly çig mal hasaplanýan pile önümçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak babatda düzülen meýilnamalaryň göwnejaý ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Ýurdumyzda çagalaryň hukugyny we zähmetini goramak boýunça halkara kadalaryna doly laýyk gelýän Kanuna laýyklykda, çagalaryň oba hojalyk işlerine çekilmeli däldigini ýene bir ýola ýatladyp, hormatly Prezidentimiz häkimden şunuň bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmagyny berk talap etdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ideg etmek, galla oragyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Häkimiň aýdyşy ýaly, sebitde galla oragy möwsüminde işlediljek tehnikalar taýýarlyk hataryna çykaryldy we oragyň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýän ähli zerur çäreleriň meýilnamalary işlenip taýýarlandy. Şeýle hem ol Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işiň netijeligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösen talaplaryna laýyk gelmeginiň zerurdygyny ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän çäreleriň ylmy esasda alnyp barylmalydygyny bellemek bilen, oba hojalyk toplumyny ösdürmekde kämil usullaryň ornaşdyrmalydygyny nygtady.

Galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, şeýle hem pile öndürmek boýunça welaýata berlen tabşyrygy abraý bilen ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Çagalary goramagyň halkara gününe taýýarlyk derejesine ünsi çekip, bu işlere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we welaýatda çagalaryň oba hojalyk işlerine çekilmeli däldigini ýene bir ýola ýatlatdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk çäreleri, şeýle hem Çagalary goramagyň halkara gününi guramaçylykly geçirmek boýunça işläp taýýarlanylan medeni maksatnama barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň ähli düzümlerini sazlaşykly ösdürmek, abadanlaşdyrmak, şäher gurşawyny mundan beýläk-de sagdynlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Çagalary goramagyň halkara gününi guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň derejesine ünsi çekip, bu babatda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Şäheriň çägindäki desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy, olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we tomusky dynç alyş möwsümine degişli düzümleriň taýýarlyk derejesine, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça görülýän çärelere yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatyny jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna we mähriban Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlik arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

syrach

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

syrach

Türkmenistanda Yrak Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

syrach