Lebap welaýatynyň merkezinde ýetip gelýän Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan sport ýaryşlary tamamlandy. Bu ýerde geçirilen çäreleriň çäklerinde göreş we sportuň suw görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Onuň öňüsyrasynda bu ýerde kikboksing, gimnastika we welosport boýunça ýaryşlar boldy.
2-nji sport mekdebinde geçirilen göreş boýunça ýaryşlara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 100-den gowrak pälwan gatnaşdy. Üç altyn medala eýe bolan Aşgabat şäheriniň türgenleri Arslan Hudaýberdiýew (70 kg. çenli), Ramazan Kambarow (74 kg. çenli) we Nurýagdy Karataýew (97 kg. çenli) iň gowy sport taýýarlygyny görkezdiler. Bu netije paýtagtymyzyň pälwanlaryna umumy hasap boýunça birinji orny almagy üpjün etdi.
Ikinji orna ýer eýeleri lebaply türgenler mynasyp boldular: olar iki ýeňiş gazandylar – Röwşen Rozumbaýew 55 kg. çenli) we Elnur Açylow (125 kg. çenli) agramda çykyş edip, ýokary netije görkezdiler. Iki gezek ýokary derejä deňizýaka sebitinden gelen wekiller Ramil Rejebow (61 kg. çenli) we Şamyrat Begjanow (65 kg. çenli) eýe boldular. Toparda birinji orny Ahal welaýatyndan Sylap Ilberdiýew (86 kg. çenli) eýeledi. Erkin göreş boýunça türkmen türgenleriniň awgust aýynda Nankin şäherinde (HHR) geçiriljek ýetginjekleriň Bütindünýä olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanandyklaryny bellemeli.
Sportuň suw görnüşleri boýunça ýaryşlar 8-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde geçirildi. Oňa 50 türgen gatnaşyp, sportuň birnäçe görnüşi batterflýaý görnüşinde ýüzmek, ýokardan suwa bökmek, dürli belentlikdäki tramplinlerden bökmek we suw polosy, ýüzmegiň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar.
1996-1998-nji ýyllarda doglan türgenleriň gatnaşan kikboksing boýunça welaýatyň birinjiliginde başa-baş söweşiň bu görnüşi boýunça Türkmenabat şäheriniň türgenleriniň artykmaçlyga eýe bolndygyny bellemeli.
Hususan-da, Zakir Atajanowyň tälim beren türgenleri birinji orunlaryň dördüsine mynasyp boldular. Göwher kubogy -2013 halkara ýaryşynyň ýeňijisi Nariman Aýdogdyýewyň tälim beren türgenleri bolsa üç gezek ýeňiş gazandylar. 1998-nji ýylda taý boksy boýunça Aziýanyň çempiony bolan Kuwwat Gurbanowyň ýetişdiren türgenleri altyn medallaryň ikisine eýe boldular. Tahyr Şaýmanowyň ýolbaşçylygynda tälim alýan ýaş kikboksçy hem altyn medala eýe boldy, ol geçen ýyl Koreýa Respublikasynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etdi.
Mälim bolşy ýaly, indiki oýunlar 2017-nji ýylda Aşgabatda häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Kikboksing boýunça şu ýaryşa gatnaşýan türgenleriň Aziýada oýunlaryna hem gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Şu günler lebaply ýaş kikboksçular Gazagystanda geçiriljek halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler.
Sport gimnastikasy boýunça ýaryşlar Türkmenabadyň ýöriteleşdirilen 5-nji sport mekdebinde geçirildi. Bu sport okuw mekdebiniň açylmagy bilen milli derejedäki sport ýaryşlarynyň, Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň şu okuw sport mekdebinde geçirilýändigini bellemeli. Ýaňy-ýakynlar hem aşgabatly türgenler gimnastika boýunça milli derejedäki ýaryşlarda öňdeligi eýeleýän bolsalar, indi lebaply gimnastlar kem-kemden öňdäki orunlara çykýarlar. Mysal üçin, erkekleriň arasyndaky ýaryşda umumy toparlaýyn hasap boýunça olar birinji orunlary eýeläp gelýärler.
Ýakynda Sankt-Peterburgda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen halkara ýaryşlarynda gimnastika boýunça türkmen topary çykyş etdi. Şol bäsleşiklerde Serdar Ýollyýewiň ýolbaşçylygynda tälim alýan ildeşimiz, sport ussatlygyna dalaşgär, türkmenabatly türgen Babamyrat Çaryýew ýokary derejede ussatlyk görkezip, iň güýçli on gimnastikaçynyň biri bolmak bilen, döwletimiziň sport abraýyny ýokary galdyrdy.
Welaýat ýaryşlary barada aýdanymyzda, tälimçiler Z.Saparowanyň, S.Abubekirowanyň, B.Çaryýewiň we Z.Karymşakowyň türgenleşdiren gimnastikaçylarynyň 50-den gowragy gatnaşdy.
Türkmenabat şäherinde 5-nji sport mekdebiniň açylmagy bilen ýurdumyzyň gündogar welaýatynda welosipet sporty güýçli depginlerde ösüp başlady. Sportuň bu görnüşi boýunça Jalil Orunowyň türgenleşdirýän topary soňky ýyllarda milli derejedäki ýaryşlarda öňki ýyllara garanyňda has oňat netijeler görkezýär. Lebaply welosipedçiler ýaryşdan-ýaryşa ýokary sport netijelerini gazanýarlar.
Ýakynda boks boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen halkara okuw türgenleşiklerinden gaýdyp geldi. Biziň ýurdumyzyň iň güýçli boksçularynyň onusyndan ýedisi lebaply türgenlerdir. Boks boýunça milli ýygyndy toparymyzyň kapitany, türkmenabatly halkara derejeli sport ussady Serdar Hudaýberdiýew 2009-nji ýylda Aziýa çempionatynda altyn medala mynasyp bolupdy. Şeýle hem ol dünýäniň esasy sport wakasyna – 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýada gatnaşyjydyr. Özbegistanda geçirilen okuw türgenleşikleri sentýabr aýynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň biridir. Onuň öňüsyrasynda boksçularymyz Hytaý Halk Respublikasynda we Ermenistan Respublikasynda geçiriljek halkara okuw türgenleşikleriniň ikisine, şeýle hem bu ýurtlarda geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşarlar.
24-nji maýda Aşgabatda suwda ýüzmek boýunça tälimçileriň we eminleriň 10 günlük okuw maslahaty başlandy. Ony geçirmek üçin Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti Moldowodan sport boýunça tälimçi hünärmen Ýewgeniý Karabeskini çagyrdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen geçirilýän bu çärä ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan tälimçiler we eminler gatnaşýarlar.