17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ahalteke bedewleriniň sirk sungatyndaky üstünligi.

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Beghan atly ajaýyp ahalteke bedewiniň sirk arenasyndaky ilkinji çykyşy boldy.Sirk oýunlaryna uýgunlaşan bedewiň ilkinji çykyşy uly üstünliklere beslendi.

Mälim bolşy ýaly, bu bedew şu ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli halypa çapyksuwarlaryň arasynda guralan baýramçylyk çapyşygynda ýeňiş gazanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa baýrak hökmünde gowşurylypdy.

Biziň ýurdumyzda sirk sungatyny, şol sanda at üstündäki oýunlar toplumyny sazlaşykly ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz özüne baýrak hökmünde gowşurylan Beghany “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna berýändigini mälim etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu topar türkmen atçylyk sungatynyň has-da ösmegine mynasyp goşant goşdy we daşary ýurtlaryň birnäçesinde üstünlik bilen çykyş edip şöhrat gazandy.

Ýeri gelende aýtsak, at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen jigitleriniň çykyşlaryny Belarusuň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň tomaşaçylary şowhun bilen garşyladylar. Şeýle hem toparyň agzalary 2013-nji ýylyň oktýabrynda Moskada geçirilen Sirk sungatynyň bütindünýä festiwalynda baş Kuboga, şeýle hem köp sanly baýraklara mynasyp boldular.

Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ajaýyp bedewler, at çapmagyň ussatlygy, çylşyrymly at üstündäki oýunlar we bedew bilen baglanyşykly ýagşy dessurlar häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaşajyk çapyksuwarlar özleriniň çylşyrymly hereketleri, özboluşly çykyşylary we ussatlyklary bilen talapkär tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Olaryň çylşyrymly hereketleri milli özboluşlylygy bilen tapawutlanýar we oýunlara tomaşa edýänleriň ýatlaryndan çykmajak wakalara beslenýär. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Döwlet sirkinde geçirilen şu günki çykyşlary hem örän täsirli boldy.

“Gutly bolsun beýik döwrüň baýramy! Arkadagym bilen türkmen toýlary” atly aýdym-sazly tomaşa sirk tomaşalarynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Bu aýdym tansçylaryň joşgunly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.

Ine-de sirkiň tomaşa zalyna ümsümlik aralaşýar, alypbaryjy “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynyň başlanýandygyny yglan edýär. Çykyşlar başlanmazdan öňürti tutuş türkmen halkynyň adyndan milli Liderimize mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, ahlteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar we bedew bady bilen ösüşlerň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze üstünlikler gazanmagy, türkmen topragynyň milli buýsanjy bolan, halkyň kalbynyň ganatyna, baýramçylyklarymyzyň baş bezegine öwrülen ahalteke bedewlerine mundan beýläk-de at-abraý arzuw edilýär.

Şeýlelik bilen, sirkiň tomaşa sahnasynda beden gurluşy göze gelüwli bolan ajaýyp “Beghan” peýda bolýar. Tomaşa jaýynyň yşyklarynyň nuruna özboluşly öwüşin atýan ahalteke bedewiniň çykyşy başlanýar. Ol sahnada tomaşaçylara özüniň kämilligine göz ýetirmäge mümikinçilik berýän mysaly aýlaw edip başlaýar. Onuň ädimleri barha batlanyp, bedewiň hereketine haýran galan tomaşaçylaryň sesi eşidilýär. Çapyp barýan ata ussatlyk bilen atlanan çapyksuwar özüniň çylşyrymly hereketlerini görkezip başlaýar. Ol sahnada birsyhly çapýan atyň üstünde dürli görnüşli hereketleri bilen tomaşaçylara hezil berýär. Bu hereketler joşgunly ýaňlanýan saz bilen utgaşyp, oňa tomaşa edýänlerde ýakymly täsir galdyrýar.

Onuň ýeňil çykyşlary, bedewiň gözelligi tämiz kalbyň we bedew gözelliginiň sazlaşygyny, birek-birege ýokary derejede düşünýän ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Sahnada çapyksuwarlar toparynyň peýda bolmagy bilen türkmen jigitleriniň täsirli çykyşlaryna orun berildi. Olar yzly-yzyna çapyp barýan bedewlere atlanyp, bu görnüşiň dürli usullaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Olar gadymy döwürlerden bäri nesilden-nesle geçip gelýän at üstündäki oýunlaryň täsin pursatlaryny janlandyrdylar. Atyň üstünde dürli oýunlary ýerine ýetirmek, eýeriň üstünde dik durup çylşyrymly hereketleri bilen birk-birege goldaw bermek ýaly tomaşalar örän täsirliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň birbada birnäçe atyň üstüne çykyp, bir belentligi emele getirmegi türkmen çapyksuwarlarynyň ýerine ýetirýän hereketleriniň häsiýetli aýratynlygydyr. Munuň özi dünýäniň dürli ýurtlarynda köp sanly tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolan çykyşlardyr. Onuň dowamynda çapyksuwar gyzlaryň çeýeligi, olaryň ussatlygy hem-de çalasynlygy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Türkmen jigitleriniň batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirýän çykyşlary, olaryň sungat derejesine göterilen kämil hereketleri megerem ägirt uly zähmeti, yhlasy talap edýän bolsa gerek. Bu ugra bolan höwes, olaryň joşguny hem-de ukyby ajaýyp çykyşlarda has-da aýdyň görünýär.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnaň çürbaşynda ýerine ýetirýän artistleriniň, howa hereketlerini, amala aşyrýan ussatlaryň çykyşlary at üstündäki oýunlar bilen utgaşyp gitdi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda ahalteke bedewlerine goýulýan hormat ählumumy söýginiň derejesine göterildi. Munuň özi asyrlaryň, nesilleriň baglanyşygyny, beýik ýeňişleriň, zähmetiň, galkynyşyň we döredijiligiň sazlaşygyny özünde jemleýän ahalteke bedewlerine goýulýan ägirt uly sarpadan nyşandyr. Ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly orun degişlidir. Milli Liderimiziň atçylyk ulgamyny ösdürmek babatdaky tagallalary netijesinde bu ulgam täze belentlige göterildi. Ýurdumyzda atçylyk ulgamyny ösdürmek, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportuny we at çapmagyň milli ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Beghan atly bedewiň ilknji çykyşy mynasybetli guralan baýramçylyk dabarasy Aşgabat hakyndaky aýdym bilen jemlenýär. Onuň belent ruha beslenen owazy sirk sahnasyny dolduryp, Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini we bütewüligini, mermer paýtagtymyzyň gözelligini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýär. 

Degişli makalalar

Oňaýly, Uniwersal we Ekologiýa Taýdan Arassa Kagyz Paketler

Prezidentimiz widioşekilli iş maslahatyny geçirdi

syrach

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy