Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň energetika ministri Wladimir Şkolnigiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi.
Mejlise ýurdumyzyň we Gazagystan Respublikasynyň minisrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, hökümetara toparlarynyň agzalary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň taryhy we meden ruhy gymmatlyklaryna daýanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigi we onuň okgunly ösdürilýändigi aýratyn bellenildi.
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklar nukdaýnazaryndan iki ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen ylalaşyklar gazanyldy.
Mejlise gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, oba hojalygy, gaz senagaty, ulag, bilim we medeniýet, daşky gurşawy goramak hem-de balyk hojalygy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlediler we şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmek hakynda pikir alyşdylar.
Mejlisiň barşynda taraplar 2015-nji ýylda Türkmenistanda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky sekizinji mejlisini geçirmek hakynda ylalaşdylar. Mejlisiň geçirilmeli möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar we kesgitleniler.
Şeýle hem hökümetara toparynyň nobatdan daşary mejlisiniň jemleri boýunça bilelikdäki Teswirnama gol çekildi.