13.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aşgabatda ХIХ Halkara nebitgaz sergisi we maslahaty öz işine başlady.

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2014” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda halkara hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze belentlikleri, mümkinçilikler we geljege nazar” atly 19-njy halkara maslahaty öz işine başlady. Bu wekilçilikli forumy Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy gurady. 

Türkmen paýtagty nobatdaky gezek dünýä işewürliginiň merkezine öwrülýär. Bu nebitgaz forumyna dünýäniň 50 ýurdundan 600-e golaý wekil – alymlar we bilermenler, abraýly halkara guramalarynyň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. 

Bu möhüm çärä bolan ägirt uly gyzyklanma dünýäde iň iri uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň örän uly energetika mümkinçilikleri bilen şertlendirilendir. Ol şeýle hem ýurdumyzyň açyk energetika syýasaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylan oňyn halkara başlangyçlary bilen hem şertlendirilendir. 

Däp boýunça Aşgabatda geçirilýän nebitgaz forumy dünýäde ykrar edilen derejä eýe boldy, onda ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, halkara bileleşiginiň wekilleri, bilermenler häzirki döwüriň energetika meseleleriniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, ýangyç-energetika toplumynyň orta we uzak möhletli geljekde ösüşini çaklamaga mümkinçilik alýarlar. 

Bu gezek Sergi köşgüniň zallarynda dünýäniň köp ýurtlaryndan kompaniýalar, şeýle hem biziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralary öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň iri nebitgaz döwletleriniň hataryna goşulmak bilen, ygtybarly, geljegi uly hyzmatdaş hökmünde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen bazary ägirt uly uglewodorod çig mal gorlary, şeýle hem ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen halkara işewürlik toparlarynyň wekillerini özüne çekýär. 



Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. 

Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Onda bu serginiň we maslahatyň Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz işewürligi hem-de daşary ýurt maýadarlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze we ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe bolar, bu bolsa öz nobatynda ýurdumyzyň diňe bir ýangyç-energetika toplumynyň mundan beýläk-de okgunly ösüşine ýardam bermek bilen çäklenmän, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem ýardam etjekdigine ynam bildirilýär. 

Sergi köşgüniň zallarynda ýangyç çig malyny gözlemek, çykarmak, we ugratmak, düýpli burawlamak, Hazaryň ýakasynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan deňizde ýangyç ýataklaryny gözlemek we kenarýaka düzümleriň desgalaryny gurmak, häzir hereket edýän turbageçirijileri döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, nebit we gaz guýularynda önümliligi ýokarlandyrmak hyzmatlar hödürlenilýär. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda biziň ýurdumyzda öňden işläp gelýän kompaniýalar hem, täze firmalar hem bar. Sergide ekologiýa täzeliklerine we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn orun berlipdir. 

Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginiň, “Türkmennebitgazgurluşyk”, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň hem-de ýurdumyzyň örän baý nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmegi amala aşyrýan beýleki pudaklaýyn kärhanalaryň birnäçesiniň diwarlyklarynyň sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretjekdigi şübhesizdir. 

Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri öz önümlerini hem-de kuwwatyny görkezmäge, işewür gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik alarlar. Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň arasynda “Petronas Сharigali” (Malaýziýa), “Dragon Oil” arap kompaniýasy, “СNPС” (Hytaý), Italiýanyň “Eni”, “RWE” (Germaniýa), “Total”, “Sсhlumberger” (Fransiýa), “Weatherford” (Şweýsariýa), Russiýanyň “Gazprom” we “Tatneft”, “Сhevron” (ABŞ), ,”Ýaraw” (Belarus) we beýlekiler, şeýle hem diňe bir nebitgaz ulgamynda däl-de eýsem, metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika we senagat pudaklarynda işleýän kärhanalar bar. Sergä gatnaşyjylar diňe bir öz önümlerini we mümkinçiliklerini görkezimek bilen çäklenmän, eýsem, özleriniň iş ulgamyny giňeltmäge hem-de işewürlik we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik alarlar, bu bolsa öz nobatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä energetika ulgamyn goşulyşmagynyň depginlerini has tizleşdirmäge ýardam berer. 

Eýýäm “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2014” atly serginiň birinji iş gününde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler, bu ýerde halkara işewürligi we daşary ýurt maýa goýumlary ygtybarly kanunçylyk binýady bilen höweslendirilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar Türkmenistanyň nebitgaz konsernleri we korporasiýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, enjamlary getirmek hem-de hyzmat edmek boýunça öz tekliplerini hödürlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda pudagyň öňünde goýan iri möçberli wezipelerini durmuşa geçirmäge goşant goşýarlar. 

Halkara sergisi bilen bilelikde geçirilýän wekilçililki maslahata däp boýunça ABŞ-dan, Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar we GDA ýurtlaryndan wekiller gatnaşýarlar. Olaryň arasynda nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, önüm öndürýän zawodlaryň, ylmy toparlaryň wekilleri we beýlekiler bar. Wekiliýetleriň köpüsine öz ýurtlarynyň degişli döwlet düzümlerine ýolbaşçylyk edýän ýokary wezipeli resmi adamlar wekilçilik edýärler. Daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen neşirleri, habarlar gulluklary, neşirýat öýleri, Internet-portallary foruma maglumat babatda ýakyndan goldaw berýärler. 

Şu gün umumy we bölümlerde geçirilen mejlislerde dünýäniň, sebitiň we ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň geljekki ösüşini çaklamak, nebiti we gazy gaýtadan işleýän hem-de nebithimiýa senagatynyň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Bellenilişi ýaly, maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň arasynda mynasyp orny alandygy hem-de häzirki wagtda özüniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we täzeden enjamlaşdyrmak, pudagyň sig mal binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda Amyderýanyň kenarynda, Merkezi Garagumda, deňiz ýalpaklygynda we Hazaryň kenarýaka zolagynda ýüze çykarylan täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan tiz depginlerde özleşdirmegiň hasabyna berkitmek, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek bu strategiýanyň möhüm ugurlarydyr. 

Garaşsyz bilermenleriniň baha bermegine görä, Türkmenistanyň serişdeleri 71,21 milliard tonna şertli ýangyç möberinde bahalandyrylýar. Onuň 53,1 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklaryň serişde gorlarydyr, 18,2 milliard tonnasy bolsa deňizdäki serişde gorlarydyr. Halkara ölçegleri boýunça ägirt uly “Galkynyş” gaz käni munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup biler. Ony özleşdirmäge iri daşary ýurt firmalary we kompaniýalary gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu täsin käniň birinji nobatdakysy—harytlyk gazy taýýarlaýan zawodlar toplumy geçen ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berildi. Şonda, ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleriniň barşynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin binýady goýan iri Şertnamalar toplumyna gol çekildi. Olaryň hatarynda Hytaýyň Ösüş döwlet bankynyň we Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmegiň ikinji tapgyryna gatnaşmagyna degişli resminamalar bar. Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “СNPС” kompaniýasnyň baglaşan şertnamalarynyň biri bu ýatakda ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmek boýunça desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, bu ýatakda arassalanan tebigy gazyň jemi möçberi 60 milliard kub metre deň bolar. 

Mundan başga-da, bu ýatagy özleşdirmek boýunça ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy häzirki wagtda gurulmagyna işjeň taýýarlyk görülýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisi bilen baglylykda hem uly ähmiýete eýedir. Bu gazgeçirijisi üçin “Galkynyş” ýatagy esasy çig mal çeşmesi bolup kömek eder. Häzirki wagtda bu taslama gatnaşmaga Bangladeş hem gyzyklanma bildirýär. 

Bu transmilli gazgeçirijisiniň çekilmegi gönden-göni ykdysady meseleleri çözmekden başga-da, taslama gatnaşyjy ýurtlara möhüm durmuş we gumanitar meseleleriň birnäsesini, şol sanda gazgeçirijiniň ugrunda goşmaça iş orunlaryny döretmek, ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümlerini kemala getirmek bilen baglanyşykly wezipeleri çözmäge ýardam eder, iň esasy bolsa tutuş sebitde syýasy we durmuş durnuklylygyny üpjün etmäge şert döreder. 

Şu günler halkara nebitgaz maslahaty bilen bir wagtda Ylalaşygyň taraplarynyň tranzaksion geňeşçiniň hyzmatlary hakynda duşuşygy geçirilýär, onuň çäklerinde taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny täzelemek, “TAPI Ltde”-däni bellige almak, paýdarlyk ylalaşygy we Direktorlar geňeşiniň agzalarynyň borçlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Direktorlar geňeşiniň birinji mejlisi 19-njy noýabrda geçiriler. Mundan başga-da, Tehniki iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler, onuň gün tertibine şeýle hem konsorsiumda öňdelige dalaş edýän kompaniýalyryň sanawyny ara alyp maslahatlaşmak hem girýär. 20-nji noýabrda bolsa TOPH gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýolbaşçy komitetiniň 19-njy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Aziýa ýurtlarynda senagatyň ösdürilmegi hem-de energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglylykda bu taslamanyň tiz durmuşa geçirilmegi zerurdyr, muňa oňa gatnaşyjylaryň yzygiderli duşuşyklary hem şaýatlyk edýär. Olaryň ählisi bu taslamanyň örän tiz durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bidirýärler we oňa ynanýarlar. Muňa gatnaşyjy döwletleriň, ilkinji nobatda bolsa Owganystanyň beren kepillikleri hem şaýatlyk edýär. Bu ýurduň ýokary ýolbaşçylygy 2010-njy ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” duşuşygynyň barşynda bu keplligi tassyklady, şol Duşuşygyň barşynda hem degişli hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. 

Maslahatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmek bilen bu wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş assambleýasynyň mejlislerinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary hem muňa şaýatlyk edýär. 

Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleri döwletleriniň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň, kompaniýalyryň, halkara maliýa edaralarynyň gatnaşmagynda Sebitara energetika gepleşigini döretmek barada gürrüň gidýär. Munuň özi bitewi, toplumlaýyn we deňagramly strategiýany, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli hukuk gurallaryny döretmäge ýardam berer. 

Aýry-aýry çykyşlar uglewodorod çig malyny peýdalanmak bilen ýokary tehnologiýaly himiýa önümçiligini ýola goýmak boýunça işleriň diwesifikasiýa edilmegine bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary gazhimiýa senagatydyr, has takygy polietilen, polipropilen, poliwinilhlorid, şeýle hem karbamidoformaldegid şepbigi ýaly organiki polimerleriň önümçiligini ýola goýmak we olaryň esasynda alynýan dürli reňkleri, ýelimleri, gurluşyk-gurnama serişdelerini öndürmekdir. Tebigy gazyň uly gorlarynyň barlygy bu önümleri içerki bazar üçin we eksporta ibermek üçin öndürmek ykdysady taýdan maksada laýykdyr. 

Häzirki wagtda Hazar ýakasynda Gyýanlyda umumy bahasy ABŞ-nyň 3 miliard 432 million dollaryna deň bolan we ýylda 5 milliard kub metr gaz toplumlaýyn gaýtadan işlemäge hem-de 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen ilkinji gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna girişildi. 

Şol ýerde hem gazy gaýtadan işlemek kuwwaty ýokarda görkezilen topluma deň bolan her ýylda 200 müň tonna polietilen – tere – ftalata we 320 müň tonna elastomer öndürmäge niýetlenen ikinji gazhimiýa toplumyny gurmak teklip edilýär. 

Üçünji gazhimiýa toplumy Merkezi Garagumdaky gaz ýataklarynyň gazyny toplumlaýyn gaýtadan işlemäge esaslanar. Bu ýerde poliwinilhlorid, modakril süýümi, etilenglikol, kaustiki soda we birnäçe beýleki önümleri öndürmek teklip edilýär. 

Metany başda köptapgyrlaýyn fizika-himiýa taýdan işlemek arkaly sintez-gaza, soňra bolsa metanoly we benzini ýa-da nafty, kerosiny we dizel ýangyjyny öndürmek üçin gazy gaýtadan işlemek geljegi uly ugurlaryň ýene biridir. Sintez-gaz islendik uglewodorod serişdelerini almak üçin ygtybarly binýatlyk çig maly hasap edilýär, şonuň üçin hem metanyň sintez-gaz arkaly himiki işlenmegi işjeň häsiýete eýe bolup, tebigy gazy monetizirlemegiň esasy usuly hökmünde tehnologiýalar barlagyna işjeň ýagdaýda hödürlenýär. 

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde gazy benzine öwürmek baradaky giňmöçberli ilkinji taslama durmuşa geçirilýär. Kärhanada ýylda 1 milliard 785 million kub metr tebigy gaz gaýtadan işlenilip, Ýewro-5 ülüňiniň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy öndüriler. Bu ýerde häzirki zaman tehnologiýa enjamlarynyň, kömekçi desgalaryň, inžener-tehniki ulgamlarynyň tutuş toplumy, şol sanda täsin suw arassalaýjy ulgam bina ediler. 

Gazdan kerosin, dizel we beýleki ýangyçlary almak boýunça ikinji taslama häzirki wagtda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalyrynyň birnäçesi tarapyndan bilelikde öwrenilýär. 

Tehnikanyň ösmegi, täze tehnologiýalaryň ýüze çykmagy, halk hojalygynyň täze önümlere bolan isleginiň artmagy, uglewodorod serişdelerini ibermegi diwersifikasiýa etmegiň zerurlygy, gazy çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamlarynyň ekologiýa howpsuzlygyna barha ýokarlanýan talaplar, tebigy gazy rejeli peýdalanmak meselesini çözmäge täzeçe, toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýär. 

Harytlyk eksport üçin gazyň önümçiligini üpjün etmek bilen bir hatarda ýokary eksport mümkinçilikleri bolan himiýa önümlerini öndürmek üçin uglewodorod gazlaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemek barada gürrüň gidýär. 

Türkmenistany innowasiýa ýoly bilen mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak, ähli ýer ýüzüne tebigy baýlyklary tutuş ykdysadyýetiň ösmeginiň we ýurdumyzyň ilatynyň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň bähbidine netijeli peýdalanmagyň nusgasyny görkezmek mümkinçiligi bu taslamalaryň möhüm ähmiýetli taraplarylyr. 

Tebigy gazy has çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi, ony işlemekden alynýan önümleriň eksportdaky paýyny artdyrmagy ugur edinip, Türkmenistan diňe bir ilkinji energiýa serişdeleri bazarynda öz ornuny giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, has girdeýjili bolan himiýa önümleri bazarynda hem özüniň mynasyp ornuny eýelär. 

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň gazy gaýtadan işlemegi ösdürmek boýunça bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi türkmen alymlarynyň we daşary ýurt inženerçilik kompaniýalarynyň, ylmy-önümçilik kärhanalarynyň, barlag institutlarynyň, nebit gazy gaýtadan işleýän senagat üçin enjamlary öndüriji kompaniýalarynyň, maýa goýum edaralarynyň güýçlerini jebisleşdirmegi bilen göniden-göni baglydyr. 

Şunuň bilen baglylykda, ýokarda beýan edilenleri hasaba almak bilen, türkmen tarapynyň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalyry bilen nebitgaz ulgamynda has giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly teklipleri aýdyldy, biziň ýurdumyzda bolsa munuň üçin döreditlen şertler, has takygy, amatly maýa goýum ýagdaýy, örän uly salgyt ýeňillikleri we beýlekiler Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýangyjy çykarmak we gaýtadan işlemek senagatyny ösdürmek üçin maýa goýumlaryny çekmäge ygtybarly esas döredýär. 

Türkmen hyzmatdaşlary bilen işleşmegiň Türkmenistanyň ägirt uly serişdeler nukdaýnazaryndan hem, bu ýurduň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde barha pugtalanýan ornuny hasaba alanyňda hem aýratyn geljegi uly ugurdyr diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary jenap Daniel Rozenblum aýtdy. Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bu aýdylanlary doly goldadylar. 

Ertir halkara maslahaty öz işini dowam etdirer. 

Maslahatyň işiniň üç gününiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň esasy ugurlarynyň ýagdaýy we geljegi barada doly maglumatlary alarlar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Türkmenabatly Ýaşajyk Zehinler Halkara Internet Olimpiýadasynda Ýeňiş Gazandylar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

syrach