17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SAGLYK

Adamlaryň saglygyny goramak ugrunda tagallalary birleşdirip.

 “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň (BSGG-niň Ýewropa sebitiniň) we Orta-Gündogar sebitindäki ýurtlaryň (BSGG-niň Gündogar sebitiniň) serhetara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin, leýşmanioza garşy göreşmek boýunça üç günlük sebitara maslahat öz işine başlady. 

Türkmenistanda şeýle wekilçilikli we halkara derejeli çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak hem-de Ýew ýüzünde dürli keselleri aradan aýyrmak we bularyň ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly meseleler boýunça dünýäniň lukmançylyk bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda uly işleriň alnyp barylmagynyň ykrar edilýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady ulgamyny ulanmak we ilatyň sagdynlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen lukmançylyk çärelerini amala aşyrmak arkaly oňyn netijäniň gazanylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatyny işläp düzmek bilen, saglygy goraýşa degişli meselelere has giňden çemeleşilmegini tejribä ornaşdyrdy. 

Ýeri gelende ýatlatsak, geçen ýylyň dekabrynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň “Saglyk-2020” syýasatynyň düzgünleri bilen baglylykda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bulara garşy göreşmek boýunça Ýewropa ministrleriniň Aşgabatda geçirilen maslahatynda çykyş edende, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň dünýä derejesinde adamlaryň saglygynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine önjeýli goşant goşmaga çalşyp, yzygiderli çäreleri görýändigini, şol sanda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Milli Liderimiz Ýewropanyň saglygy goraýyş boýunça täze “Saglyk-2020” syýasatynyň hereket etmegiň giň gerimli innowasion meýilnamasy hökmündäki ähmiýeti barada aýtmak bilen, Aşgabatdaky maslahatyň şu ugurdaky bilelikdäki işe güýçli itergi berjekdigine hem-de geljekde umumy tagallalary birikdirmekde täze mümkinçilikleri döretjekdigine we oňaýly ýollary açjakdygyna ynam bildirdi. 



Şu gün türkmen kenar ýakasynda açylan sebitara maslahatyna-da hut şunuň bilen baglylykda garamak gerek. Bu maslahat Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlyk etmeginde geçirilip, keselleriň ýaýramagyna garşy serhetara gözegçiliginiň güýçlendirilmegine hem-de sebitleýin strategiki meýilnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde leýşmanioza gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir. 

“Deňiz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilýän maslahatyň işine Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sebitleýin býurolarynyň ikisiniň, şeýle hem Orta Aziýadaky, Kawkazdaky we Ýakyn Gündogardaky ýurtlaryň hünärmenleri we maslahatçylary, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň we onuň welaýatdaky düzümleriniň, uly kliiniki merkezleriň esasy hünjrmenleri gatnaşýarlar. 

Dünýäniň lukmançylyk bileleşigi leýşmaniozlara – maýyl we yssy howaly ýurtlaryň aglabasynda ýaýran hem-de aýakçylar arkaly geçýän parazitar transsmissiw kesellere garşy göreşilmegine möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri hökmünde garaýar. 

Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüniň alynmagyna degişli meseleler boýunça ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň möhümdigi göz öňünde tutulyp, 2007-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 60-njy maslahatynda “Leýşmanioza garşy göreşmegiň” rezolýusiýasy kabul edildi, şonda döwletler bu keseliň öňüni almak boýunça netijeli milli maksatnamalary döretmekde işjeňlik görkezmäge çagyryldy. 

BSGG-nyň Ýewropa we Gündogar sebitleriniň ýurtlarynyň bilelikde geçirýän halkara çäreleri ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir, şu sebitara maslahat hem şeýle çäreleriň biridir. 

Umumy mejlisde dünýäde, şol sanda BSGG-niň Ýewropa we Orta-Gündogar sebitlerinde görülýän çärelere we hereketlere syn berilmegine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. 

Çykyşlarda Türkmenistanyň transmissiw kesellere garşy göreşmekde oňyn tejribe toplandygy we ilkinji nobatda ýurdumyzyň gyzzyrmanyň eliminasiýasy we beýleki ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça üstünlik gazanandygy bellenildi. Gyzzyrmanyň eliminasiýasy ýurtda leýşmaniozlaryň öňüni alynmagyna badalga berdi. Şeýle hem gyzzyrma garşy göreşmekde ulanylýan usullar we ýörelgeler leýşmaniozlara gözegçilik etmek bilen bagly wezipäniň berjaý edilimegine ýardam berdi. 

Keselleriň ýaýramagyna garşy garşy göreşmekde gözegçilik edilmegini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurtda leýşmaniozlaryň öňüni almak boýunça Milli maksatnama we ony amala aşyrmagyň strategiki meýilnamasy işlenip düzüldi. Şeýle hem leýşmaniozlary bejermek, anyklamak, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde-de gözegçilik etmek boýunça teswirnamalar, leýşmaniozlaryň öňüni almak boýunça usuly gollanmalar işlenip taýýarlanyldy. Bu keseli bejermek üçin her ýylda derman serişdeleri satyn alynýar hem-de nähoşlara muzdsyz paýlanýar. 

Bellenilişi ýaly, bu keseliň adamlara ýetirýän täsirini gowşatmak üçin, hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygy hem-de şunda saglygy goraýyş ulgamyndan başlap, maliýe we halkara gatnaşyklary boýunça ulgamlaryň ählisiniň bilelikde işlemeginiň talap edilýändigi bellenildi. Türkmenistan hut şunuň ýaly çemeleşmäni ulanýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda döwletiň raýatlaryň saglygynyň goralmagyna degişli meselelere garaýşy milli at-abraýynyň görkezijisi bolup hyzmat edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, her ýyda ýurdumyzda degişli minisrlikler, pudak edaralar we guramalar bilen bilelikde leýşmaniozlaryň öňüni almak boýunça meýilnamanyň düzülýändigi, tassyklanan meýilnama boýunça ýylda iki gezek möwsümleýin öňüni alyş çäreleriniň geçirilýändigi bellenildi. Leýşmaniozlaryň ýaýramygynyň öňüni almak üçin bulary ýaýradyjy aýakçylara we keseliň rezerwuary diýlip hasaplanýan – gemrijilere garşy dezinseksiýa we deratizasiýa çäreleri geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde entomologik gözegçilik alnyp barylýar, şäherleri, obalary we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri geçirilýär, şeýle hem ilatly ýerleriň golaýynda ýaşaýan we keseli ýaýradyp biljek ýabany haýwanlaryň sanyna gözegçilik edilýär. Leýşmaniozlaryň öňüniň alynmagyna degişli meseleler boýunça ilatyň arasynda wagyz-nesihat işiniň geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-niň goldaw bermegi bilen, köp ýyllaryň dowamynda ýokanç keselleriň, şol sanda leýşmanioz keseliniň ýaýramygynyň öňüni almak we muňa gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär. 

Maslahata gatnaşyjylar şu sebitara maslahatyň geçirilmeginiň, şonuň çäklerinde hünärmenleriň tejribe alyşmagynyň oňa gatnaşýan ýurtlara keseliň öňüni almakda we geljekde şu ugurda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmekde ýardam berjekdigini biragyzdan bellediler. 

Günüň ikinji ýarymynda maslahata gatnaşyjylar keseliň öňüni almakda ýurtlardaky ýagdaýa, leýşmanioza garşy göreşmekde ulanylýan usullara we geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan synlary diňlediler. 

Sebitara maslahat 20-nji noýabra çenli öz işini dowam eder. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar serhetara hyzmatdaşlygyna hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa we Gündogar-Ortaýer deňiz sebitleriniň leýşmanioza garşy göreşmek boýunça çarçuwaly strategiýalarynda kesgitlenen çäreleriň ornaşdyrylmagyna degişli meseleleri we geljekde-de bu keseliň ýaýramagyna garşy durmak boýunça başlangyçlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Degişli makalalar

ÜNS BERIŇ!

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç Keselleriň Öňüni Almak Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa maslahatynyň Aşgabat jarnamasy kabul edildi.

syrach