6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Aşgabatda halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady.

“Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi” atly üç günlük halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. 

Wekilçilikli maslahat dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini ýurdumyzyň muzeýleriniň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we bütin dünýäde giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi. 

Ozal habar berlişi ýaly, maslahata gatnaşmak üçin meşhur alymlar—taryhçylar, arheologlar we antropologlar, sungaty öwrenijiler, şeýle hem dünýäniň 30 döwletiň iri muzeýlerinden ýadygärlikleri dikeldijiler, bilermenler we hünärmenler Aşgabada geldiler. Oňa golaýdaky we alysdaky ýurtlardan wekiller gatnaşdylar. 

Maslahat dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetleriniň gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant goşup, muzeý işi babatda öňdebaryjy tejribäni alyşmaga ýardam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 

Ylmy maslahatyň işiniň barşynda oňa gatnaşanlara häzirki wagtda ýurdumyzyň iri ylmy we medeni merkezlerine öwrülen Änewdäki Seýit Jemaleddin binagärlik toplumyna, paýtagtymyzyň muzeýlerine baryp görmäge, olaryň baý gymmatlyklary, şeýle hem “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda arheologlaryň alyp barýan işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. 

Ylmy maslahatyň çäklerinde paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergi daşary ýurtly alymlaryň Türkmenistanda alnyp barylýan arheologiki barlaglar bilen has ýakyndan tanyşmagyna ýardam etdi. Sergide türkmen we rus arheologlarynyň bilelikdäki işiniň barşynda ýüze çykarylan täsin tapyndylar görkezildi. Bu seýrek duş gelýän gymmatlyklaryň köpüsi umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň merjenleridir. Olaryň hatarynda ady rowaýata öwrülen Marguş ýurdunyň paýtagty Goňurdepeden tapylan gymmatlyklar, “Abiwerd” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň (Ahal welaýaty) çäginde ýerleşýän, eneolit eýýamyna degişli täsin ýadygärlikde türkmen-rus arheologiýa toparynyň ýüze çykaran iň soňky täsin tapyndylary bar. 

Sergide Türkmenistanda arheologiki barlaglaryň taryhyna bagyşlanan suratlar hem görkezilýär. Bu desgalarlan başga-da, türkmen arheologlary halkara we milli toparlaryň düzüminde Mary welaýatynda Ajyguýy we Uly Gyzgala, Ahal welaýatynda Monjukly, Köne Nusaý, Guýruklydepe, Topazdepe we Daşlydepe, Balkan welaýatynda Maşat-Misserian, şeýle hem Daşoguz welaýatynda Köneürgenç we Lebap welaýatynda Daýahatyn ýaly dünýä meşhur ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Arheologiki barlaglaryň barşynda ýüze çykarylan türkmen halkynyň ata-babalarynyň gadymy maddy medeniýetiniň subutnamalary ýurdumyzyň muzeýleriniň gymmatlyklarynyň üstüni ýetirýär. Olar şol ýerde aýawly saklanylýar hem-de içgin öwrenilýär we hünärmenler tarapyndan dikeldilýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň muzeýlerine bagyşlanan, suratlar bilen bezelen täze neşir myhmanlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. 

Ylmy maslahata gatnaşanlarda köpsanly gezelençlerden we duşuşyklardan, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilen geçirilen duşuşyklardan galan täsirler olaryň gyzykly habarlarynyň mazmunynda öz beýanyny tapdy. 

“Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi” atly halkara ylmy maslahatyň özboluşlylygy onda garalan meseleleriň möhümdigi bilen bagly boldy. Şol meseleler bolsa alymlar üçin hem, muzeý işiniň hünärmenleri üçin hem deň derejede wajypdyr. Bölümlerde geçirilen mejlisleriň mowzuklary hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär Olaryň hatarynda “Arheologiki tapyndylary muzeýleşdirmekde täze tehnologiýalary ulanmakda häzirki zaman mümkinçilikleri”, “Gadymy sungat eserlerini konserwirlemek we dikeltmek”, “Muzeý işiniň dünýä tejribesi”, “Muzeý gymmatlyklaryny goramagyň we saklamagyň meseleleri” diýen mowzuklar bar. Mejlisleriň barşynda çykyşlaryň we habarlaryň onlarçasy diňlenildi we ara lanyp maslahatlaşyldy. Olaryň köpüsi tejribe häsiýete eýe bolup, hünärmenleri muzeý işini alyp barmakda halkara tejribesi bilen tanyşdyrdy. 

Şeýlelikde, alymlaryň we bilermenleriň söhbetdeşliginde binagärlik hem-de we beýleki medeni gymmatlyklary muzeýleşdirmegiň, innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen arheologiik tapyndylary hasaba almagyň kompýuterleşdirilmegini kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri, ХХI asyryň muzeý işiniň, sungaty öwrenişiniň we arheologiýasynyň dünýä tejribesinde giňden ulanylýan sungat we medeniýet desgalarynyň hakykylygyny we ýaşyny kesgitlemegiň ýokary tehnologiýaly usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýry-aýry çykyşlar ösüp gelýän nesli watançylyk i ruhunda terbiýelemekde muzeýleriň ornuna bagyşlandy. Şeýle hem dünýäniň muzeýleri boýunça maglumatlary ýygnamagyň hem-de utgaşdyrmagyň täze kompýuter maglumat merkezlerini döretmegiň wajypdygyny bellediler. 

Çykyşlaryň köpüsi halkara syýahatçylygyny ösdürmekde muzeýleriň tutýan ornuna bagyşlanyldy. Hususan-da, baý medeniýete, özboluşly taryhy ýadygärliklere, ajaýyp däp-dessurlara eýe bolan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň eýýäm häzirden dünýäniň dürli künjeklerinden köpsanly syýahatçylar üçin medeni jahankeşdeligiň ýerine öwrülip biljekdigi bellenildi. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň öňünde durýan wezipeler öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini nazara almak bilen, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy aýawly saklamagyň we bütin dünýäde wagyz etmegiň usullaryny giňeltmekden, dünýä ulgamyna ýakynlaşdyrylan giň medeni we maglumatlar ulgamyny döretmekden ybaratdyr. 

Ýygnananlar Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy desgalaryny aýawly saklamagyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, olaryň her biriniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň gymmatlygydyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. 

Halkara ylmy maslahatyň ýapylyş dabarasynda onuň işiniň jemleri jemlendi. Ýygnananlaryň biragyzdan bellemegine görä, bu maslahat milli mirasy öwrenmäge we aýawly saklamaga saldamly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň alymlarynyň hem-de muzeýleri öwrenijileriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ep-esli giňeltdi. 

Maslahata gatnaşyjylar gadymy türkmen topragyna gelip görmäge hem-de muzeý işini ösdürmegiň, gymmatly taryhy-medeni mirasy aýawly saklamagyň we öwrenmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu möhüm ulgamda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygyny nygtadylar. 

“Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi” atly halkara ylmy maslahatyň işi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Degişli makalalar

Ýurdumyzda Aahalteke Bedewlere Bagyşlanylan “At-Myrat” Atly Film Görkezilip Başlanyldy

Türkmenistanyň Daşary Syýasaty we Diplomatiýasy Žurnaly

syrach

Türkmen Döwlet Sirki Öz Möwsümini Täze Programma Bilen Açdy

syrach