4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

İtaliýanyň Premýer-ministri Türkmenistana geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistana iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň arasynda gepleşikler geçirildi. 

Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Italiýanyň hökümetiniň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Däp bolşy ýaly, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenilýär we gül desseleri gowşurylýar. 

Günüň birinji ýarymynda Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap ugraýar. Bu ýerde, binanyň eýwanynda belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar. 

Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ikiçäk duşuşyklar zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Italiýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasynda 20 ýyldan gowrak wagt mundan ozal ýola goýlan diplomatiki gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda köp işler edildi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýady döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzda Italiýa Respublikasynyň Ilçihanasynyň açylmagy, şeýle hem ýakyn wagtda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Ilçihanasyny açmak meýli hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, bu babatda ýurdumyzyň Italiýany Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyklary durmuşa geçirmekde özüniň esasy hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýändigini belledi. Italiýanyň işewürleriniň türkmen bazarynda işjeň orun eýeleýändigi hem bellärliklidir. Olar energetika ulgamynda, hususan-da, nebitgaz toplumynda, gurluşykda we beýleki ulgamlarda işleýärler diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Milanda geçiriljek “EKSPO-2015” sergisine gatnaşmak babatda ýurdumyza döredilen mümkinçilik üçin italýan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan şol ýerde özüniň ykdysady gazananlaryny görkezip biler. 

Döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda medeni-gumanitar ulgama möhüm orun degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde italýan diliniň öwrenilýändigini belledi. Ylmy-barlag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler we amatly şertler bar. Syýahatçylyk ugry boýunça hem tejribe alyşmak we gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. 

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň döredilmeginiň, şeýle hem Italiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň we degişlilikde, ýurdumyzda Italiýanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana şu saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadygyny nygtap, belent mertebeli myhmana jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, Italiýanyň ähli halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensi myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, biziň ýurdumyza sapar bilen gelmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň uly kuwwatynyň bardygyny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Türkmenistanda Italiýanyň Ilçihanasy açyldy. 

Bular barada aýtmak bilen, Premýer-ministr Matteo Rensi Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan hormatly Prezidentimizi Milanda “EKSPO-2015” Bütindünýä sergisiniň geçirilýän döwründe Italiýa gelmäge çagyrdy. Munuň özi döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi berer. 

Türkmenistan we Italiýa baý medeniýete we taryha eýe bolan ýurtlardyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we geçmişiňe aýawly garamak bilen, geljekki ösüş barada oýlanmagyň wajypdygyny belledi. 

Italiýanyň Premýer-ministriniň belleýşi ýaly, şu duşuşyk hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek we höweslendirmek boýunça tagallalary birleşdirmekde pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilikleri döredýär. Italiýan tarapy üçin türkmen Lideriniň pikirini eşitmek örän wajypdyr, çünki, Italiýa özara gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda syýahatçylyk, innowasiýalar, işgärleri taýýarlamak, talyplary alyşmak, şeýle hem işewürlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. 

Şunuň bilen birlikde, italýan hökümetiniň Baştutany energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Bu ulgamda meşhur “ENI” italýan kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini toplady. Şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň Türkmenistany möhüm strategiki hyzmatdaş hasaplaýandygy we geljekde hem biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygy bellenildi. Premýer-ministr Matteo Rensiniň belleýşi ýaly, öňde bilelikdäki işiň, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyndaky işiň uly möçberi garaşýar. Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, italýan halkynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylda Italiýa bolan saparyny ýatlaýandygyny belledi. 



Taraplar şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Italiýanyň Premýer-ministri iki ýurduň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda soňky ýyllarda hil taýdan täze ösüşe eýe bolan Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge çalyşýandygyny tassykladylar. 

Soňra gepleşikler Mejlisler zalynda giňişleýin düzümde – Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny ýene-de bir gezek mübärekläp, bu saparyň Italiýanyň hökümetiniň biziň ýurdumyza ilkinji iş saparydygyny we bu sapardan düýpli netijelere garaşylýandygyny belledi. Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Italiýa dünýädäki möhüm ähmiýetli hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny aýtdy. 

Türkmen döwletiniň Baştutany biziň ýurtlarymyz dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek arkaly oňyn tejribe topladylar, hyzmatdaşlyga degişli kesgitlenen hukuk binýady döredildi diýip, türkmen-italýan gatnaşyklarynyň dostlukly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedigini hem-de ählumumy derejedäki esasy meseleler boýunça özara düşünişilýändigini nygtady. Türkmen Lideri Türkmenistanyň muňa ýokary baha berýändigini hem-de Italiýa bilen köptaraply gatnaşyklaryň ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna, bu gatnaşyklara täzeden netijeli badalga berilmegine taýyndygyny aýdyp, munuň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine ynam bildirdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny, şu meseleler boýunça özara düşünişilmeginiň iki ýurda iri halkara düzümlerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynda özara arkalaşykly hereket etmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. 

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirildi.Türkmen tarapy şeýle hem Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmakda, ykdysady taýdan kömek bermekde, bu ýurtda parahatçylykly durmuşy ýola goýmakda Ýewropa Bileleşiginiň has işjeň ornuny mübärekläp bilerdi we şu meselede italýan tarapy bilen has ysnyşykly gatnaşyklara taýýardyr. 

Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iki döwletiň diplomatik wekilhanalarynyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmalydygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň Türkmenistanyň Ýewropadaky iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, şu ugurdaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilmegine we ýola goýlan ýörelgelere esaslanýandygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda milli ykdysadyýetiň innowasion taýdan ösdürilmegine içgin üns berilýändigini aýdyp, biziň ýurdumyzyň Italiýanyň önümçilik tehnologiýalaryna we işläp taýýarlamalaryna, guramaçylygyň we dolandyryşyň döwrebap usulyýetlerine gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň, bilelikdäki işewürlik forumlarynyň guralmagyny dowam etmegiň hem-de şunuň bilen birlikde, iki tarapyň sergilere we ýarmarkalara degişli işlere gatnaşmagynyň türkmen-italýan gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň indiki ýylda Milanda geçiriljek EXPO –2015 Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň meseleleri boýunça resminama gol çekendigini aýtdy. Milli Liderimiz munuň ýurtlaryň gazanýan ykdysady üstünliklerini görkezmek we şol bir wagtyň özünde dünýäniň köpsanly ýurtlarynyň täze gazananlary we olaryň ykdysady taýdan işjeňliginiň netijeleri bilen tanyşmak üçin oňaýly mümkinçilige öwrüljekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň kompaniýalaryny Türkmenistanda guralýan halkara sergilerine işjeňlik bilen gatnaşmaga çagyrdy. 

Türkmen döwletiniň Baştutany syýahatçylygy hem hyzmatdaşlygyň ýene-de bir oňaýly ugry hökmünde görkezip, italiýaly hyzmatdaşlary Hazar deňziniň türkmen kenar ýakasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmak boýunça giň gerimli maksatnamanyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga çagyrdy, bu ýerde dynç alyş boýunça döwrebap düzüm döredilýär, şol sanda halkara derejeli myhmanhanalar, kottež toplumlary, çagalar üçin dynç alyş merkezleri hem-de dynç alyş we tomaşalary guramak üçin niýetlenen beýleki desgalar gurulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamyny türkmen- italiýan hyzmatdaşlygynyň strategiki ugurlarynyň hatarynda görkezip, energetika degişli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, biziň ýurdumyzyň energiýa serişdelerini günbatarlygyna, Ýewropanyň bazarlaryna ýetirmek boýunça taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny aýtdy. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözüljekdigine ynam bildirdi we italiýaly hyzmatdaşlary bu giň möçberli taslamanyň ýerine ýetirilmegine gatnaşmaga çagyrdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň döreýändigini aýtdy. Şunda Gündogar-Günbatar ugry boýunça, Merkezi Aziýadaky sebitleriň we Hazar deňziniň üsti bilen, Gara we Orta ýer deňizlerine, Günorta Ýewropadaky döwletlere çykmak üçin gatnawlaryň döwrebap düzümini gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, milli Liderimiz ykdysady taýdan goşulyşmagyň strategiki sebitara we yklymara ulgamlarynyň kemala getirilýändigini, Türkmenistanyň Italiýanyň ulag ulgamyndaky taslamalara gatnaşmagyny hemmetaraplaýyn oňlajakdygyny belledi hem-de iki ýurduň ýöriteleşdirilen halkara düzümleriniň ugry boýunça, hususan-da, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynda, Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Ykdysady we Durmuş Toparynda bilelikdäki işiniň täsirliligini artdyryp biljekdigini aýtdy. 

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky göni howa gatnawlaryna degişli mesele barada durup geçip, häzirki wagtda munuň üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belledi. 

Türkmenistanyň Baştutany aýdylanlary jemläp, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak we amala aşyrmak üçin, bilelikdäki Hökümetara toparynyň döredilmeginiň hem-de türkmen-italýan işewürlik geňeşini döretmegiň mümkinçiliklerine garalmagynyň maksadalaýyk gelýändigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-gümanitar gatnaşyklary ösdürmegiň döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, gepleşikleriň barşynda taraplaryň medeniýet boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, has işjeň gumanitar gatnaşyklara ýardam bermek, munuň üçin döwrüň ruhuna we adamlaryň zerurlyklaryna laýyk gelýän görnüşde ähli zerur şertleri döretmek babatda ylalaşandygyny aýtdy. Türkmen Lideri biz şu ugurda bilelikdäki işi dowam ederis, gumanitar gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegini üpjün etmek üçin şertnamalaýyn binýady we iş ýüzünde ulanylýan usullary kämilleşdireris diýip, şunuň bilen baglylykda, ýakyn ýyllarda Aşgabatda we Rimde biziň ýurtlarymyzyň Medeniýet günlerini guramagy teklip etdi. 

Muzeýler, arheologiýa, etnografiýa boýunça bilelikde işlemek üçin oňaýly mümkinçilikler bar. Italiýanyň arheologiýa mekdebi dünýäde iň güýçli mekdepleriň biri hasaplanýar. Italiýaly arheologlar Türkmenistanyň çäginde eýýäm gazuw-agtaryş işlerini geçirip, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, bilelikde oňyn tejribe topladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ugurda bilelikdäki işiň dowam etdirilmelidigini aýdyp, türkmen tarapynyň italiýaly alymlara ýurdumyzda işlemek üçin ähli mümkinçilikleri döretmäge taýýardygyny tassyklady. 

Işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek boýunça Türkmenistanyň we Italiýanyň okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Italiýadaky bilim we ylym merkezleriende türkmen talyplarynyň we hünärmenleriniň tälim almagyna degişli mümkinçiliklere garamagy teklip etdi. 

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr jenap Matteo Rensä, Italiýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna ýurdumyz bilen berk gatnaşyklaryň ösdürilmegini maksat edinýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen döwletiniň Baştutany Italiýanyň Türkmenistana elmydama ygtybarly dost we göwnejaý hyzmatdaş hökmünde garap biljekdigini belläp, dostlukly ýurduň ähli ýaşaýjylaryna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. 

Italiýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana gelip görmäge iberen çakylygy we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň uly täsir galdyrandygyny belledi. Belent mertebeli myhman Türkmenistanda bolup görmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljekki ileri tutulýan ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. 

Italiýanyň biziň ýurdumyz bilen strategik ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklamak bilen, Premýer-ministr Matteo Rensi türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, energetika pudagyndaky gatnaşyklarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Şunlukda, sebitde we halkara giňişliginde döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistanyň mynasyp ornunyň bardygy bellenildi. Şeýle hem Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendigi aýdyldy. 

Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine bolan netijeli çemeleşmelerini bellemek bilen, Italiýanyň Hökümetiniň Baştutany öz ýurdunyň bu ulgamda, şol sanda Owganystandaky parahatçylyksöýüjilikli ýagdaýa goldaw bermekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady. 



Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan gatnaşyklaryň möhümdigi barada aýtmak bilen, Premýer-ministr Matteo Rensi hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly başlangyçlaryna we çemeleşmelerine ýokary baha berdi we ony doly goldaýandygyny aýtdy. Italiýanyň Hökümet Baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan –Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge we bu ugurda gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny nygtady. 

Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklary baradaky gürrüňi dowam edip, Italiýanyň Hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň EKSPO-2015 Bütindünýä sergisine gatnaşmak baradaky çözgüdini makullady. Şol sergide azyk önümlerini öndürmek, oba hojalygy bilen baglanyşykly meseleler giň beýanyny tapar. Şunuň bilen baglylykda, Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri iki ýurduň diňe bir bu ulgamlarda däl, eýsem beýleki köp pudaklarda, şol sanda düzüm we gurluşyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de bilelikdäki taslamalaryň üstünde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. 

Şunuň bilen baglylykda, uly tejribä we kuwwata, şol sanda täze öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan italýan kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşyp biljekdigi bellenildi. 

Ýokarda aýdylanlar bilen birlikde, belent mertebeli myhman medeni-gumantar ulgamdaky hyzmatdaşlygy türkmen-italýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunda syýahatçylyk ulgamy boýunça hem özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

Premýer-ministr Matteo Rensi ykdysady gatnaşyklar, hususan-da, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine gaýdyp gelip, bu strategiki ugurda gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin Italiýanyň Türkmenistany möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi. Bu ugurda oňat mümkinçilikleriň hem-de uly kuwwatyň bardygy nygtaldy. 

Italiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Italiýanyň Türkmenistan bilen giň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny we türkmen tarapynyň teklipleriniň üstünde işjeň işlemäge taýýardygyny tassyklap, türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine oňyn çemeleşýändigi hem-de şu gepleşikleri geçirmek üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalar gol çekmek dabarasy boldy. 

Türkmenistan, Nebitdag ÖPY şertnamalaýyn çägi boýunça “Türkmennebit” döwlet konserni we “ENI Türkmenistan Limited” arasynda bilelikde iş alyp barmak hakyndaky Ylalaşyga, Nebitdag şertnamalaýyn çägi boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşykdaky gatnaşyk paýyny geçirmeklik barada Nama, Nebitdag (Türkmenistan) şertnamalaýyn çägi boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga 1-nji belgili Goşmaça, Türkmenistanda uglewodorodlary gözlemek we ýerastyndan çykarmak mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi bilen “ENI S.P.A.” kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, türkmen döwletiniň Baştutany we Italiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýeti ýene bir gezek mähirli mübärekläp, şu gün netijeli gepleşikleriň geçirilendigi nygtady. Bu gepleşikler özara ynanyşmak, açyklyk we düşünişmek ýagdaýynda geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ençemesini öz içine aldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Italiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň bu sapary uzakmöhletleýin esasda we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasyndy guralýan türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm tapgyry bolup durýar. 

Gepleşikleriň barşynda halkara we sebit meselesiniň wajyp ugurlaryna, şeýle hem söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garaldy diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Türkmenistan parahatçylyk söýüjiliki syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirýän bitarap döwletdir we biz dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge degişli meseleleriň ählisinde raýdaşdyrys. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň abraýly halkara düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň we ÝHHG-niň howandarlygynda özara gatnaşyklara ygrarlydygyny nygtap, şu gün taraplaryň iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşandyklaryny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk meselesine geçip, häzirki wagtda Türkmenistanda italýan işewürliginiň, şol sanda gurluşyk ulgamynda, oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, beýleki birnäçe ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. 

Biziň ýurdumyz energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna durnukly iberilmegi baradaky pikiri öňe sürýär diýip, türkmen Lideri aýtdy we indiki aýda BMG-niň howandarlygynda bu meselä bilermenler esasynda garaljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň habar berşi ýaly, türkmen tarapy bu halkara forumyna degişli italýan hünärmenlerini çagyrdy. 

Milli Liderimiz energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyna ýurdumyzyň başlangyjyny goldandygy hem-de bu meselede BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasynyň hemaýatkärleriniň biri bolandygy üçin minnetdarlygyny belledi. Şundan ugur alnyp, şu gepleşiklerde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda uzakmöhletleýin energetika gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine garaldy. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň energetika meselelerinde Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklara taýýardygyny nygtady. Milli Liderimiz netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde “ENI Türkmenistan Limited” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy görkezdi. Bu kompaniýa ýurdumyzda Nebitdag şertnamalaýyn çäkde işleri alyp barýar. Bu işler “Burun”, “Balkan”, “Uzboý”, “Monjukly” ýataklarynda alnyp barylýar. Ähli taslamalaýyn işleri ýerine ýetirmek üçin 1 müň 166 hünärmen çekildi we ABŞ-nyň 1 milliard 589 million dollary möçberindäki serişde özleşdirildi. Ýerine ýetirilen işleriň esasynda häzirki güne çenli nebitiň çykarylyşy 14 million tonnadan gowrak boldy. 

Şu gün resminamalaryň 4-sine gol çekildi. Olaryň birinjisi “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “ENI Türkmenistan Limitediň” arasynda bilelikde iş alyp barmak hakyndaky Ylalaşykdyr. Bu resminama olara kanuny esasda doly hukukly potratçy bolmaga mümkinçilik berýär. Ikinji resminama önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşykdaky gatnaşyk paýyny geçirmeklik baradaky Namadyr. Onda “ENI Türkmenistan Limitediň” paýyna 90 göterim, “Türkmennebit” döwlet konserniniň paýyna bolsa 10 göterim düşýär. Şunda operatorlyk “ENI Türkmenistan Limitediň” ygtyýarynda galýar. Üçünji resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “ENI Türkmenistan Limitediň” arasynda önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga birinji belgili Goşmaçadyr. Bu resminamanyň esasy manysy bu kompaniýanyň işini ýene-de 10 ýyla uzaldýandygymyz bilen baglanyşyklydyr. Şunda okuw merkezini gurmak we beýleki meseleler göz öňünde tutulýar. 

Dördünji resminama Türkmenistanda uglewodorodlary gözlemek we ýerastyndan çykarmak mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnamadyr. Munuň özi Türkmenistanyň çäklerindäki, Hazar deňzindäki 19 we 20-nji bölekler bilen baglanyşyklydyr. Bu bölekleriň geologiki gory 510 million tonna nebite 630 milliard kub metr gaza barabardyr. Şu duşuşygyň barşynda şeýle resminamalar maslahatlaşyldy we olara gol çekildi diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Mundan başga-da, milli Liedrimiz gepleşikleriň gün tertibinde ulag, ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň girizilendigi bellenildi. Şol geçelgeler Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyryp biler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Italiýanyň Premýer-ministrine öňümizdäki ýyl “EKSPO-2015” sergisine gatnaşmak babatda döredilen mümkinçiligi üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi ýurdumyza özüniň ykdysady üstünliklerini görkezmäge mümkinçilik berer. 

Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň döretmek baradaky teklibi öňe sürendigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan gumanitar-medeni ulgamda gatnaşyklar barada durup geçip, şu gepleşikleriň barşynda bilim meseleleriniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň iň naýbaşy ýokary okuw mekdebiniň-Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň her ýyl italýan dilini öwrenýän talyplary kabul edýändigi bellärliklidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ylym ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine uly üns berildi. Bu babatda türkmen we italýan arheologlarynyň bilelikdäki işiniň netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. 

Hormatly Prezidentimiz Italiýanyň syýahatçylyk ulgamynda ösen ýurtlaryň biri bolup durýandygyny nygtap, şu gün italiýaly hyzmatdaşlara bu ulgamda tejribe alyşmagy ýola goýmagy hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmagy, şeýle hem ýurtlaryň ikisinde hem medeniýet günlerini geçirmegi teklip edendigini aýtdy. 

Milli Liderimiz ýokarda aýdylanlary jemläp, uzakmöhletleýin türkmen-italýan hyzmatdaşylygynyň ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny görkezen ikitaraplaýyn duşugungyň ýokary derejesini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli gepleşikler üçin Prmeýer-ministr Matteo Rensä ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, belent mertebeli myhmana döwlet işinde uly üstünlikler, Italiýa Respublikasynyň halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

Öz nobatynda Italiýanyň Premýer-ministri gepleşikleriň netijelerini teswirläp, ýurdumyza gelip görmäge çakylygy we strategiki türkmen-italýan hyzmatdaşlygy babatda döredilýän şertler we mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. 

Belent mertebeli myhman halkara giňişliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajypdygyny belläp, parahatçylygy pugtalandyrmagyň hem-de sebit we ählumumy möçberde häzirki zamanyň wajyp meselelerini oňyn çözmegiň täsirli guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini nygtady. 

Premýer-ministr Matteo Rensi däp bolan dostlukly türkmen-italýan hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, gurluşyk we syýahatçylyk ulgamyny gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi. Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işi bu hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam etmelidir. 

Nebitgaz ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar hem muňa şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman italýan tarapynyň iki ýurduň we halklarynyň abadançylygyň bähbidine türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde ysnyşykly işlemäge taýýardygyny mälim etdi. 

Premýer-ministr Matteo Rensi Türkmenistanyň gazanan haýran galdyryjy üstünliklerini, şol sanda onuň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini bellemek bilen, bu babatda biziň ýurdumyzyň beýleki döwletler üçin hem görelde bolup biljekdigini nygtady. 

Italýan Hökümetiniň Baştutany baý taryhy-medeni mirasa eýe bolan Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmak üçin bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýtdy. 

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ol geljek ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýene-de duşuşmagy umyt edýär. Milli Liderimiziň Italiýa indiki sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri berer. Sözümiň ahyrynda Premýer-ministr Matteo Rensi mähirli kabul edilendigi üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutany bilen Milanda duşuşmaga umyt edýändigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz we Italiýa Respublikasynyň hökümetiniň ýolbaşçysy mähirli hoşlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Italiýanyň Premýer-ministri Matteo Rensi geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, iki ýurduň geljekde hem uly kuwwata eýe bolan we umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge ygrarlydygyny tassykladylar. 

Soňra belent mertebeli myhman Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap ugrady we şol ýerden öz Watanyna ugrady. 

* * *

Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana iş sapary mahaly onuň ýanynda bolýan aýaly hanym Anýeze Landini üçin şu günüň dowamynda medeni maksatnama guraldy. Onuň çäklerinde myhman “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna hem-de Türkmen halysynyň milli müzeýine baryp gördi.

Degişli makalalar

Semeni-Ýokumlar Çemeni

Dalaşgär Maksat Annanepesow Daşoguzda Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirlidi

turkmenhabargullugy

Ahalteke bedewleriniň sirk sungatyndaky üstünligi.

syrach