Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gürjistandan bir taraply garaşsyzlygyny yglan eden Abhaziýanyň Premýer ministri Raul Hajimba bilen duşuşjakdygy habar berildi
Kremliň metbugat merkezinden berilen beýanatda Putiniň çakylygyna laýyklykda Soçi şäherinde geçiriljek duşuşykda sebitleýin howpsyzlyk boýunça hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar barada pikir alyşyljakdygy nygtalýar.
Duşuşykda Russiýa we separatiw Abhaziýa Respublikasynyň arasynda “hyzmatdaşlyk we strategik hyzmatdaşlyk” şertnamasynyň baglaşylmagy meýilleşdirilýär.
Gürjistanda bolsa ylalaşyga reaksiýa görkezilmäge dowam edilýär.
Gürjistanyň daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda Abhaziýanyň Gürjistanyň aýrylmasyz bir bölegi bolup durýandygy nygtalyp, şeýle ylalaşyga gol çekişilme ähtimallygyna alada bildirilýändigi nygtaldy.
Gürjistanyň hökümeti tarapyndan edilen “netijeli we oňyn” başlangyçlara garamazdan Russiýa bilen syýasy taýdan ylalaşyk gazanylyp bilinmändigi barada aýdylýan beýanatda, rus hökümetiniň “Gürjistan bilen gatnaşyklary ösdürmek” maksadyna laýyklykda berilen beýanatlar bilen edýän işleriniň biri-birine gabat gelmeýändigine ünsi çekilip “Gürjistan şol basyp alyjylygy asla kabul etmez, halkara hyzmatdaşlaryny habarly eder we ähli ygtyýaryndan peýdalanar” diýilýär.