6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
YLYM

Türkmen elipbiýi.

Türkmen Dili:  

Türkmenistanyň resmi dilidir. Türkmen dili – türki dilleriň oguz dilleri toparyna degişlidir. Türkmenistanyň halkynyň esasy ulanýan dili bolup, şeýle hem Eýranda, Owganystanda, Türkiýede, Garagalpagystanda, Täjigistanda, Gazagystanda,Özbegistanda, Stawropol ülkesinde, Astrahan oblastynda bölekleýin ulanylýar.

 

Taryhy:

Türkmeniň häzirki ulanylýan edebi diliniň döreýşi köp kişi tarapyndan Magtymgulynyň şygryýeti bilen baglanyşdyrylýar. Magtymgulyilkinjileriň hatarynda halkyň ulanýan dilini öz çylşyrymly dini-pelsepi-sosial temalarda ýazylan şygyrlaryna sygdyrmagy başarypdyr. Şol bir wagtyň özünde gündelik türkmen durmuşynyň meselelerine hem örän ýiti çemeleşmegiň hötdesinden gelendigi üçin türkmenleriň we beýleki Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda aýratyn hormatdan peýdalanýar.

 

Harplar:

Türkmen elipbiýi, latyn grafikasyna görä ýazylyp 1993 ýyldan bäri Türkmenistanda durmuşyň ähli pudaklarynda ulanylmaga başlandy. Ol 1930-njy ýyllarda ulanylan latyn we ondan soň 1991-nji ýyla çenli ulanylan Kiril elipbiýden tapawutlanýar. Türkmen elipbiýinde 30 sany harp bar. 

Türkmen elipbiýi.gif

 

Çekimli we çekimsizler:

a, e, ä, y, i, o, ö, u, ü harplary çekimli sesleri, beýleki harplar bolsa çekimsiz sesleri aňlatmak üçin ulanylýar.

 

 

Türkmen elepbeýinde ýok bolan harplar:

Esasy ýalňyşlyklaryň biri türkmen elipbiýinde ýok bolan harplary ulanmakdyr. Olar beýleki latyn elipbiýlerinde bolan Q/q, X/x, C/c, V/v ýaly harplardyr. Bulary ulanmak ýalňyşlykdyr.

Käbir goyberilyän yalňyşlyklar:

Käbir harplar türkmen dilinde ulanylmaýar.
– Viktoriýa däl Wiktoriýa bolmaly
– Quentin Tarantino däl Kwentin Tarantino
– taxi, maximum däl taksi,maksimum
– capital däl kapital

Käbir sesler käbir sözlerde ýazylmaýar
– kyýn däl kyn
– uzyýn däl uzyn
– dolly(göwrüm) däl doly

Käbir ýokardaka meňzeş ýagdaýlarda bu sesler ýazylýar
– dün däl düýn

Türkmen dilinde sözler b, d, j sesleri bilen gutarmaýar
ad däl at
ýab däl ýap
saj däl saç

 

Näme üçin dürs ýazuw gerek?

– Bir edebi diliň barlygy we ösüşi onuň dürs we belli bir ülňülere görä ýazylýandygyna baglydyr.
– Dogry aragatnaşygy ýola goýmak.
– Diliň peýdalanyşynda eden-etdilikden gaça durmak

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYN ARAGATNASYK MINISTRLIGI

syrach

Giriş synaglary 2-nji awgustdan 25-nji awgust aralygynda geçiriler.

syrach

DUYURU! TÜRKMENİSTAN UYRUKLU ÖĞRENCİLERİN DİKKATİNE

turkmenhabargullugy