Şu gün, ýurdumyzyň baş baýramynyň – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Hazaryň ýakasyndaky şäheriň halkara deňiz portuna «Jeýhun» atly nebit daşaýan tanker labyryny taşlady. Ol Türkmenistanyň buýurmasy boýunça guruldy. Milli deňiz flotunyň üstüni ýetiren täze häzirki zaman gämini garşylamak dabarasyna Türkmenbaşy şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, portuň işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Bu gämi Türkmenistanyň nebit daşaýan «Deňiz-derýa» derejesindäki tankerleriniň eýýäm üçünjisi bolup durýar. Ol «Jeýhun» ady bilen ýurdumyzyň suw ulaglary ulgamynyň okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durmuş-ykdysady özgertmeleri, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky iri möçberleri taslamalary onuň başlangyjyny goýdy.
Mälim bolşy ýaly, energiýa üpjünçiligi dünýä ykdysadyýetleriniň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Ol häzir esasan nebit önümlerine daýanýar. Netijede bolşy ýaly, tanker gämi gatnawlarynyň hem orny gitdigiçe ýokarlanýar. Ol dünýäniň esasy energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistan üçin aýratyn möhüm bolup durýar. Häzir ýurdumyzda nebitiň we nebit önümleriniň öndürilýän we eksport edilýän möçberleriniň artmagy bilen birlikde ösen ulag infrastrukturasynyň we ýurdumyzyň söwda flotunyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Özi-de bu wezipäniň çalt depginlerde çözülmegi, hususan-da, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasaty bilen şertlendirilendir. Bu syýasat milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebitinde we tutuş ýurdumyzda häzirki zaman ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça işleri güýçlendirmegiň, ulagyň dürli görnüşlerini ösdürmek boýunça birinji nobatdaky wezipeleri kesgitlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hususan-da, deňizde ýük daşamagyň, şol sanda nebit we nebit önümlerini daşamagyň Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynda ýylsaýyn uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda täze häzirki zaman tankerleriň ulanylmagy ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygynda mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän ýük akymlaryny artdyrmaga ýardam etmelidir.
Biz Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini işe girizip, Türkmenistanyň amatly geografiýa ýagdaýyny doly derejede netijeli peýdalanmalydyrys, şol deňiz porty bolsa eýýäm häzirki wagtda Ýewropa-Kawkaz-Merkezi Aziýa halkara ulag geçelgesiniň möhüm üstaşyr halkasy bolup durýar diýip, döwlet baştutany belledi.
Geçen ýyl türkmen deňizçileriniň ygtyýaryna eýýäm iki sany kuwwatly tankeriň – ýük göterijiligi 7 müň tonna deň bolan «Hazar» we «Sumbar» tankerleriniň gelip gowşandygyny ýatlamak gerek. Häzirki wagtda bu gämiler Hazarda ýük daşamak üçin ulanylýar, olar Alaja we Ekerem türkmen portlaryndan çig nebiti Kenar şäherçesiniň nebit guýujy terminalyna daşaýarlar, şol ýerden çig nebit Tüpkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp gowuşýar. Mundan başga-da «Hazar» we «Sumbar» tankerleriniň ekipażlary Mahaçgala (Russiýa), Eýranyň Enzeli we Neka portlaryna yzygiderli gatnawlary amala aşyryp, daşary ýurtly sarp edijilere dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini, mazut we beýleki nebit önümlerini eltýärler.
Täze «Jeýhun» tankeriniň käbir parametrler boýunça ýük daşaýan «kärdeşlerinden» köp babatda tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Ol ýörite taslama boýunça, özi-de gysga möhletlerde guruldy. Mysal üçin, ýük tanklarynyň (rezerwuarlarynyň) sygymlylygy artdy, olaryň umumy göwrümi 7 müň tonnadan gowrakdyr. Birnäçe beýleki ulanyş häsiýetnamalary hem gowulandyryldy. Uly çeýelige, berklige we ýokary howpsuzlyk derejesine eýe bolan gäminiň uzynlygy 141 metrden gowrakdyr, ini 17 metre golaýdyr. Özüniň ägirt uly ölçeglerine – takmynan alty gatly jaýa deň bolan ölçeglerine garamazdan, tanker doly ýüklenende tizligini sagatda 10,5 uzele çenli artdyryp bilýär.
«Jeýhun» tankeriniň deňiz kenarynyň uzaboýuna, şeýle hem uzak ýerlere gatnawlar üçin niýetlenendigini bellemek gerek. Ol portlara girmezden deňizde 20 gije-gündiz ýüzüp bilýär. Gämi kuwwatly energetiki enjamlar we häzirki zaman gämiçilik ulgamlary, kompýuter dolandyryşy we islendik howa şertlerinde dogry ýoly kepillendirýän elektron nawigasiýa enjamlary bilen üpjün edilendir. Ekipaży bary-ýogy 12 adamdan ybaratdyr. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda baglaşan şertnamasynyň bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryna deňdir. Bu şertnama şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda gol çekildi.
Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda «Jeýhun» tankeriniň ekipażynyň agzalaryny duz-çörek bilen garşyladylar. Asyrlaryň dowamynda ýola goýlan asylly däbe görä, din wekilleri, ýaşulular gäminiň uzak ýoluna ak pata berip, aýat-doga okadylar. Deňiz duralgasynda bolsa deňizçileri welaýatyň döredijilik toparlary aýdym-sazlar, tanslar bilen garşyladylar, olar dürli öwüşgünli konsert maksatnamasyny taýýarlapdyrlar.
Dabaraly çäre tamamlanandan soň şanly waka mynasybetli hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm