17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan-BMG.

 “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda 10 ýylyň dowamynda /2014-2024 ýý./ raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça dünýä ähmiýetli işleri wagyz etmäge bagyşlanan çäre geçirildi. Ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-nyň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirligi bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, milli habar bperiş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä şeýle hem Türkmenistanda resmi taýdan işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.

Duşuşykda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilik syýasatynyň belent ynsanperwerlige, demokratik ösüşleriň hem-de häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine öz ygrarlylygyny görkezýändigini bellediler. Häzirki döwürde türkmen döwleti esasy ugurlary dünýäniň dürli döwletleri we abraýly halkara düzümleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bolup durýan daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirýär. Biziň ýurdumyz dünýä syýasatynyň wajyp wezipelerini çözmäge örän işjeň gatnaşyp, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi saklamak, döwrüň wehimlerine garşy durmak meselelerine hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär.

Ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegi Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň strategik möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Oňa migrasiýa babatda, gaçybatalga bermek, bosgunlaryň we raýaty bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda özara hereketler girýär. Biziň ýurdumyzyň adam hukuklary babatda esas goýujy konwensiýalara we teswirnamalara, şol sanda bosgunlaryň hukuklary ulgamynda apatridleriň statusy hakynda 1954-nji ýylyň Kowensiýasyna we raýatsyzlygy azaltmak hakynda 1961-nji ýylyň Konwensiýasyna goşulmak bilen, şeýle hem BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissaryň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Maksatnamasynyň hemişelik agzasy, Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň agzasy bolup, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta ygrarlylygyny görkezýändigini nygtamak möhümdir. Türkmenistan iri halkara guramalary bilen netijeli özara hereket edip, bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşyp, uly halkara işlerine strategik gatnaşyjy hökmünde özüni anyk hereketler bilen görkezýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda milli kanunçylyga halkara hukuknamalarynyň esasy düzgünlerini girizmek boýunça uly işler geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanda bosgunlaryň hukuk düzgünlerini ugrukdyryjy hem-de olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän berk kanunçylyk binýadynyň kemala getirilmgine ýardam etdi. BMG-nyň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirligi, Migrasiýa baradaky halkara guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk amala aşyrylyp, ýurdumyzda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözülmegine iş ýüzünde ýardam eden onlarça taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ynsanperwer syýasatynyň alnyp barylmagy netijesinde Türkmenistan dürli sebäplere görä, öz öýlerini taşlap, ýurtlarynyň çäklerinden çykmaga mejbur bolan adamlar üçin ikinji watanyna öwrüldi. Muňa 2005-nji ýylda 13 müňden gowrak adama Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi aýdyň mysal bolup durýar. Şolardan 2011-nji we 2013-nji ýyllarda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk 4 müň adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şu ýylyň 21-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda bolsa, Türkmenistanyň raýatlygyna ýene-de 786 adam kabul edildi.

“Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda” we “Apatridleriň statusy hakynda” Konwensiýalarda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň çäklerinde ýaşaýan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hemme hukuklardan peýdalanmaklary üçin türkmen döwletiniň Baştutanynyň Karary bilen, raýatlygy bolmadyk adamlaryň we bosgunyň şahsyýetnamalarynyň hem-de ulag arkaly geçmek boýunça resminamanyň, ýaşamak üçin berilýän goşmaça resminamanyň täze görnüşleri ulanylyp başlady. Bular ISAO /Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň/ standartlaryna laýyk gelýär. Umuman, bu çäreler halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny iş ýüzünde berjaý etmek babatda oňyn tejribe bolup durýar.

Forumyň barşynda çykyş eden Birleşen Milleler Guramasynyň bosgunlaryň işi baradaky Merkezi Aziýadaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň halkara goragy /raýatlygy bolmadyk/ boýunça sebit geňeşçisi, jenap Jeýson Taker bu ulgamda uly tejribä eýe bolan Türkmenistanyň syýasatyna ýokary baha berip, ýurdumyzyň raýatsyzlygyň garşysyna göreşmekde öňdebaryjy bolup durýandygyny nygtady. Bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyk belent maksatlaryň hatyrasyna ynsanperwer tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir hem-de ýurtlaryň bosgunlaryň hukuklaryny goramagy üpjün etmek boýunça anyk hereketlerini işläp taýýarlamaga ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, myhman nygtady we Türkmenistanyň oňyn tejribesini beýleki döwletleriň peýdalanjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşyga gatnaşanlar şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen “Migrasiýa we raýatsyzlyk: meseleleri we indiki ädimleri anyklamak boýunça” halkara maslahatynyň ähmiýetini bellediler. Oňa 29 ýurtdan wekiliýet, abraýly halkara guramalarynyň, hökümete degişli däl düzümleriň 15-sinden wekiller gatnaşdylar. Bu forumyň geçirilmegi pikir alyşmaga, şeýle hem bosgunlaryň we raýatlyry bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň halkara goragyny üpjün etmek ulgamynda ýüze çykýan meseleleriň netijeli çemeleşmelerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi, şeýle hem bu ugurda giň köptaraply halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Forumyň çäklerinde Jeýson Taker şeýle hem10 ýylyň dowamynda /2014-2024 ýý./ raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça BMG-nyň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň dünýä ähmiýetli işleri baradaky tanyşdyrylyş çäresini görkezdi. Onuň esasy maksady raýatlygy bolmadyk 10 million adamyň ýakyn on ýylda raýatlyk almagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan-BMG-nyň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirligi ugry boýunça oňyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga meýillidiklerini beýan etdiler hem-de uly ösüşleriň maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mundan beýläkki ýollaryny bellediler.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Sagdyn Nesil Kemala Gelýär

Türkmenabatly Ýaşajyk Zehinler Halkara Internet Olimpiýadasynda Ýeňiş Gazandylar

Azyk Bolçulygyny Üpjün Etmegiň Meseleleri Çözülýär