Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid bin Faýsal Al-Sahlini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat özüniň hormatly Prezidentimize bolan çuňňur hormatyny beýan etmek üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Saud Arabystany Patyşalygynyň patyşasy Abdalla bin Abdel Aziz Al-Saudyň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine şatdygyny aýtdy. Diplomatyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän açyk gapylar syýasaty Saud Arabystany bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde öz beýanyny tapýar. Türkmen Lideriniň döredijilikli daşary syýasat strategiýasy häzirki döwürde Türkmenistanyň diňe bir sebitde däl, eýsem tutuş halkara giňişliginde ýokary abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi diýip, Halid bin Faýsal Al-Sahli aýtdy.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň baştutanyna we onuň maşgala agzalaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, milli Liderimiz soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi hem-de hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň özara düşünişmek we birek-birege ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösmegini şertlendirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda uzakmöhletleýin we deňhukukly esasda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Biziň ýurtlarymyz baý tebigy serişdelere, giň düzümleýin mümkinçliklere, şeýle hem ägirt uly eksport kuwwatlyklaryna eýe bolup durýar diýip bellemek bilen, diplomat Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi däp bolan türkmen-saud gatnaşyklaryny söwda-ykdysady pudakda we beýleki ulgamlarda hemmetaraplaýyn ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şunyň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara toparynyň işine aýratyn ähmiýet berildi. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli guraly bolup durýar.
Medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri gürrüňdeşligiň özenini düzdi. Bellenilişi ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürmek bilen bir hatarda medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz we diplomat medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Halid bin Faýsal Al-Sahli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
öňki habar
soňky habar