Paýtagtymyzdaky «Olimpiýa» stadionynyň meýdançasynyň ýollarynyň birinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanan karting ýaryşy boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşikler geçirildi.
Birnäçe toparlar boýunça güýç synanyşýan türgenler üçin geçirilen bu bäsleşikleri ýurdumyzyň Milli awtomobil sporty merkezi tarapyndan guraldy.
Mälim bolşy ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda awtomobil sportyny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Bu ýörelge milletiň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilendir. Milletiň Lideri sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we ony wagyz ediji bolmak bilen bu ugurda anyk we yzigiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Türkmenistanda awtomobil sporty boýunça Milli merkeziň döredilmegi baradaky kabul edilen karar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ýakyn geljekde döwlet Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda häzirki zaman awtodromlary peýda bolar we olarda awtosporty bilen türgenleşmek üçin ähli zerur şertler dörediler.
Karting boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ikinji oýunlaryna dört topar gatnaşdy. Olar ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Milli awtomobil sporty merkeziniň, «Azatlyk» söwda merkeziniň we «Baýram» awtoserwis gullugynyň toparlarydyr.
Ýeňijiler we baýrak eýeleri üç aýlawyň iň gowy iki çapyşygy boýunça gazanylan oçkolaryň netijesinde kesgitlenildi. Şonda ýaryşa gatnaşýan iň kiçi topardaky türgenleriň arasynda ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň toparyndan Ahmat Bartanow, ikinji we üçünji aýlawlarda degişlilikde Maksat Daňatarow (Milli awtomobil sport merkez) we Georgiý Tumasow («Azatlyk»söwda merkezi) ýeňiji boldular.
Ýetginjikleriň arasynda «Azatlyk» söwda merkeziniň toparyndan Kirill Dewýatkin iň gowy netije görkezdi. Asýa Orazmämmedowa (Milli awtosport merkez) ikinji orna, Annamuhammet Möjekow (Awtomobil ulaglary ministrligii) üçünji orna mynasyp boldy.
Uly ýaşlylaryň arasynda «Minsk» derejesinde «Azatlyk» söwda merkeziniň toparyndan Wýaçeslaw Şkunowa taý tapylmady. Milli awtosport merkeziň toparyndan Ýewgeniý Tumasow ikinji, «Azatlyk» söwda merkeziniň toparyndan Myrat Magtymow bolsa üçünji orna düşdi.
Hereketlendirijisiniň göwrümi 125 kub santimetr bolan kartingde halkara derejeli baýrak eýeleri şu aşakdaky netijeleri görkezdiler. Şonda Sergeý Ýeromolin (awtosport boýunça Milli merkez) birinji, Ýuriý Gusew we Wladimir Ziza ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Olaryň ikisi-de «Azatlyk» söwda merkeziniň toparyndan.
Hereketlendirijisiniň göwrümi 250 kub santimetr bolan kartinglerde Gurban Daňatarow (Milli awtosport merkez) birinji, Ýuriý Żulin (Awtoulaglar ministrligi) ikinji, Begenç Annaýew («Baýram» awtoserwis) üçünji orna düşdüler.
Komandalaýyn bäsdeşlikde baş baýraga Milli awtosport merkeziň wekilleri mynasyp boldular. Ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň topary ikinji, «Azatlyk» söwda merkeziniň topary bolsa üçünji orny eýeledi.
Meýilnama boýunça ýurdumyzyň Milli awtomobil sporty merkeziniň topary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygy mynasybetli karting boýunça geçiriljek köpçülikleýin ýaryşlaryna gatnaşar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm