13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
DURMUŞ

Kazyýet özgertmeleri hereketde.

Türkmenistanda amala aşyrylýan hukuk ösgertmeleri kazyýet korpusyny kämilleşdirmegiň mehaniziminiň kanuny taýdan üpjün edilmegine düýbünden täze talaplary bildirýär. Parlamentariýeler ýurduň Mejlisiniň bäşinji mejlisinde “Kazyýet hakynda” (rejelenen görnüşi) we “Ýerine ýetiriş önümçilgi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryny kabul etdiler. 

“Kazyýet hakynda” Kanunyň düzgünnamalarynyň üsti epesli ýetirildi hem-de gaýtadan işlenildi. Hususan-da, welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäheriň kazyýetiniň düzümiiň üsti täze kollegiýalar: arbitraž işleri boýunça kaziýet kollegiýasy (Aşgabat ş. kazyýetinden başga) we adminstratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň düzümi adminstratiw işleri boýunça kollegiýasy bilen ýetirildi. Kanunda kazyýetleriň işleriniň we adalatly kazyýeti amala aşyrmakda degerli şertleri döretmek üçin guramaçylyk meseleleri düýpi işlenildi. Normatiw hukuk aktlaryny kodifikasiýalaşdurmagy alyp barmak, kazyýet işini alyp barmagy umumylaşdyrmak, arzalary we şikaýatlary kanuny taýdan çözmegi gözlemek boýunça, şeýle hem kazylaryň hakyky garaşsyzlygyny üpjün edýän işgärler, maliýe, maddy-tehniki we beýleki hasiýetli çäreleriň girizilendigini bellemelidiris. 

Bu düzgünnamalary amala aşyrmak üçin Ýokary kazyýetiň düzüminde täze gurluş – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň maglumarlar merkezini döretmek göz öňünde tutulandyr. Onuň ygtyýaryna kazyýet iş tejribesiniň meselelerini halk köpçüligine ýetirmek, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny düşündirmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işjeň gatnaşyklary saklamak girýär. Mundan hem başga, raýatlaryň hukularyny we azatlygyny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bahbitlerini goramak işlini has-da kämilleşdirmek, jenaýtyň we beýleki hukuk bozulmalaryň edilmegine sebäp bolan ýagdaýlary seljermek, halk köpçüliginiň hukuk düşünjelilgini ýokarlandyrmak we adamlaryň kanuna ygrarlylygyny terbiýelemk işiniň hukuk esasy bolup durýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hem-de şolaryň ulanylyşy bilen baglanyşykly kazyýet iş tejribesiniň maglumatlar binýadyny döredýär. 

Täze kanunda kazyýetiň kömekçisiniň wezipesi göz öňünde tutulandyr. Bu – wezipeli adam bolup, kazyýetlerde işleriň öz wagtynda we guramaçylykly seredilmegini üpjün edýär. Kazyýetiň kömekçisi işleri kazyýet seljerişine taýýarlaýar, kazynyň tabşyrygy esasynda tarapar bilen gürrüňdeşlik geçirýär we iş boýunça ýaraşmaga bolan meýillerini anyklaýar, talap etmäge degişli materiallary we çagyrmaly goşmaça şaýatlary aýdyňlaşdyrýar hem-de zerur hasap edilende materiallary talap etmek we şaýatlary çagyrmak barada çäre görýär, kazynyň tabşyrygy boýunça jebir çekeniň şikaýaty boýunça gozgalýan jenaýat işleri boýunça jebir çekeni we aýyplanýany çagyrýar, olaryň ýaraşmaga bolan meýillerini anyklaýar. Buýruk çykaryjy we kazyýet mejliserinde kazyýet mejlisiniň kätibi hökmünde gatnaşýar we Türkmenistanyň şu kanunynda we kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki işleri ýerine ýetirýär. 

Kanunda kazyýet ýerine ýetirijiler hakyndan düzgünler, olary bellemegiň düzgüni jikme-jik berilýär. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça Müdürlik işlär. Kanunda ilkinji sapar kazyýet işgärlerini kesgitemek aýdyň berilýär. Olar müdürlikeri we bölümleriň ýolbaşçylaryndan, konsutantlardan, kazyýet ýerine ýetirijilerden, hünärmenlerden we kazylaryň kömekçilerinden ybaratdyr. Olar kazyýet çözgüteriniň ýerine ýetirilişini üpjün edýärler, kazyýetleriň işiniň guramaçylyk üpjünçiligini amala aşyrýarar hem-de adalatly kazyýeti amala aşyrmak boýunça degerli çäreleri amala aşirýarlar. Ýokary we orta ýörüte bilimi bolan kazyýetleriň işini üpjün etmek boýunça işleri ýerine ýetirýän kazyýet işgärlerine derejeler berilýär. 

Ýurduň kanunyň möhüm meseleleriniň biri hem raýat kanunçylygyna üýtgetmeler girizilmegine baglylykda ýerine ýetiriji önümçilik hakynda kanunyň kada getrilmegi bolup durýar. Bu maksatlar üçin Türkmenistanyň “ýerine ýetiriş önümçilgi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň derejesi hakynda” Kanuny kabul edildi. 

Kanunda kazyýet ýerine ýetirijisine düşünje berilýär – bu döwlet gullugynda durýan we kazyýet namalaryny hem-de beýleki edaralaryň namalaryny ýerine ýetirmek boýunça kanun esasynda onuň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirýän wezipeli adamdyr. Kazyýet ýerine ýetirijisi taraplara bolan gatnaşygy babatda has hökümli ygtyýarlyklara eýedir. Türkmenistanyň raýaty bolan, ýigrimi üç ýaşyna ýeten, ýokary ýuridik bilimi bolan,Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bildirilýän hünär talaplaryna laýyk gelýän, özüniň iş we şahsy häsiýeti boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmäge ukyply we hünär synagyndan geçen adam kazyýet ýerine ýetirijisi wezipesine bellenip bilner. Kazyýet ýerine ýetirijileriň maddy üpjünçiligi we durmuş goraglylygy kanunda göz öňünde tutulandyr. Kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan hukuk bozulmalara ýol berimegi ýa-da wezipe ygtyýarlyklarynyň talaba laýyk ýerine ýetirilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär. 

Kanuna laýyklykda kazyýet ýerine ýetirijisi özüne ýerine ýetiriş resminamasy geip gowşandan üç günden gijä galman ýerine ýetiriş önümçiligini gozgaýar we bu barada karar çykarýar. Kazyýetleriň kazyýetiň çözgüdi esasynda berýän ýerine ýetiriş namalary we buýruklary üç ýylyň dowamynda mejbury ýerine ýetirmek üçin berilip biliner. Adminstratiw hukuk pozulmalaryň işi hakynda kazyýetleriň kararlary, eger-de başga möhletler we wagtlar kesgitlenmedik bolsa, bir ýylyň dowamynda ýerine ýetirilip biliner. Şu kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen beýleki kararlaryň we ýerine ýetiriş resminamalaryň bermeli wagty Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda kesgitlenýär. 

Möhlet bermek meselesi örän wajypdyr. Emläk tutumlary baradaky kazyýet çözgütleri esasynda berlen ýerine ýetiriş namalary ýerine ýetirilende – kazyýet çözgüdi kanuny çözgüdi güýje girenden ýa-da kazyýet çözgüdini ýerine ýetirmegiň möhleti gaýra goýlanda ýa-da möhletlere bölünende bellenilen möhlet gutarandan soňra yz ýanyndaky günden hasaplanýar. Haçan-da kazyýet çözgüdi haýal etmän ýerine ýetirmäge degişli bolan halatlarda bolsa – ol çykarylandan soňra yz ýanyndaky günden hasaplanýar. Yzygiderli tölegleri tölemek hakynda kararlar (aliment tölemek, maýyplyk ýa-da saglyga başga zeper ýetirmek bilen ýetirilen zeleliň öwezini dolmak we beýlekileri) ýerine ýetiriş resminamalary tölegleri edilmäge degişli ähli wagtyň dowamynda güýjüni saklaýar. Ýerine ýetiriş resminamasyny ýerine ýetirmäge bermek üçin möhletini geçirmegiň sebäpleri kazyýet tarapyndan esasly diýlip ykrar edilen halatynda, möhlet dikeldilip bilner. 

Kanunda ýerine ýetiriş resminamasy kanunda bellenilen talaplara laýyk gelmeýän halatynda onuň gaýtarylýandygyny göz öňünde tutýar. Kazyýet ýerine ýetirijisi üç günüň dowamynda ýerine ýetiriş resminamasyny gaýtarmak hakynda delillendirilen karar çykarýar we ony beren edara berýär hem-de bu hakda algydara habar berýär. 

Kanunda meýletin ýerine ýetirmek hakynda düzgün bar. Kazyýet ýerine ýetirijisi ýerine ýetiriş resminamasyny bäş senenama gününiň dowamynda meýletin ýerine ýetirilmeginiň zerurulygy hakynda bergidara ýazmaça görnüşde teklibini iberýar, eger-de ýerine ýetiriş resminamasyny haýal etmän ýerine ýetirmeli bolan halatynda bolsa kazyýet namasyny haýal etmän meýletin ýerine ýetirmek hakynda bergidara duýdurýar. Meýletin ýerine ýetirmegi bermek kazyýet ýerine ýetirjisiniň borjy bolup, ol onuň hukugy däldir. Meýletin ýerine ýetirmekligiň ähmiýeti ulydyr. Sebäbi bergidaryň mejbury ýerine ýetirmegi onuň bergini üzmek boýunça çykdajysyny köpelýär. Mundan hem başga, bu ýerine ýetiriş resminamasynyň talaplaryny meýletin ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň bolsa bu çäräniň ynsanperwerlik häsiýetini bardygyny görkezýär. 

Bu kanunlaryň kabul edilmegi bilen ýurduň kanunçylyk binýadynyň üsti raýatlaryň hukuklaryny we azatlygyny berjaý etmegiň we doly amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde jemgyýetde kanunçylygy we hukuk düzgünlerini berkitmäge gönükdirilen kanunlar bilen ýetirildi.

Degişli makalalar

Bilim Ulgamyna Ýardam Bermek Boýunça Ýewropa Bileleşigi Bilen Bilelikdäki Taslama Durmuşa Geçirilýär

Özbek Bilermeni Kartoşkanyň Agrotehnikasynyň Nowasiýalary Barada Gürrüň Berdi

Ukrainanyň paýtagtynda Türkmenistanyň medeniet günleri açyldy.

syrach