9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-Premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň üstünde işlemek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, milli Liderimiziň bellikleriniň we teklipleriniň nazara alnyp, bu resminamanyň üstünde täzeden işlenendigini habar berdi. Çäreleriň meýilnamasynyň taslamasynda 2015-2017-nji ýyllar döwri üçin toplumlaýyn işleriň geçirilmegi, şol sanda degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryny işläp düzmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak, maliýe ulgamyny kämilleşdirmek we beýleki işler göz öňünde tutulýar. 

Hasabatyň çäklerinde hususy telekeçilere ýeňillikli karzlary bermek, hususan-da, 2014-nji ýylda güýje giren Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet sanawyna täzeden garamak meseleleri barada habar berildi. Soňky ýyllarda hususy telekeçilikde bezeg işlerini amala aşyrmak, dolandyryş we täjirçilik meseleleri boýunça maslahatlary bermek, sport we dynç alyş üçin niýetlenen harytlary kireýne bermek, habarlary işläp taýýarlamak we ýerleşdirmek, amaly programmalary düzmek we Interneti dolandyrmak barha uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, işiň bu görnüşlerini sanawa girizmek hem-de olary amala aşyrmak üçin patent töleglerini göz öňünde tutmak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, degişli ygtyýarly edaralar tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň käbir görnüşlerini sanawdan aýyrmak göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň esasy ugurlaryna hem-de bu ulgamda hereket edýän halkara ölçeglerine laýyk gelýän bitewi býujet ulgamyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmaga ýardam etmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz býujet serişdeleriniň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, bu resminamany işläp taýýarlamaga toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtap, maliýe gözegçiligini amala aşyrmak, ykdysadyýet we bank ulgamynyň edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň girizilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Bellikleri nazara almak möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet sanawyna üýtgetmeleri girizmek meseleleri barada durup geçip, hususy telekeçiligi mundan beýläk-de goldamak boýunça netijeli işleriň geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny ösdürmegiň meselelerini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzyň Bitraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bataraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň maksatnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu şanly wakanyň hormatyna döwlet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda iri forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Bulardan başga-da, halkara guramalarynyň çäklerinde we sebit derejesinde çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şanly senäniň baýram edilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda ylmy maslahatlar, brifingler we metbugat maslahatlary guralar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýörite neşirleri taýýarlamak we çap etmek, dokumental filmleri, web-saýty döretmek meýilleşdirilýär. Daşary döwletlerde bu waka bagyşlanan sergiler guralar. Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen bir hatarda, sebitiň ýurtlarynyň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahatyny guramak meýilleşdirilýär. Maksatnama ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dostluk konsertini geçirmegi, ýadygärlik şaýy pullaryny we poçta markalaryny çykarmagy, ýubileý medalyny döretmegi göz öňünde tutýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň geljek ýylda giňden we dabaraly ýagdaýda bellejek şanly senesiniň ähmiýetini aýratyn nygtady. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyza berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesi sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm guraly bolup durýar. Milletler Bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza berlen bu halkara-hukuk derejesi netijeli başlangyçlary durmuşa geçirmekde, häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we işläp düzmekde uly orun eýeleýär. 

Aşgabat şäherinde hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, ýurdumyzda dürli ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen iri wekilçilikli maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi häzir Türkmenistanyň dünýäniň ykrar edilen ylalaşdyryjy merkezleriniň birine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy ugra üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Şol ugur giň netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ösdürmäge gönükdirilendir. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralary ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýubileý çäreleriniň maksatnamasyny we degişli resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň dabaralary taýýarlamaga işjeň gatnaşmalydygyny, bu babatda öz tekliplerini bermelidigini aýtdy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň kanunçykaryjyk işi, Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görmek hem-de ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän iş barada habar berdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine birnäçe täze kanun taslamalarynyň we döwletliligi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge degişli hem-de beýleki kanunçylyk resminamalary girizildi. 

Milli parlamentiň baştutany Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy bilen bilelikde “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan iş hakynda aýtdy. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek meselesiniň üstünde durup geçip, Mejlisiň Başlygy bu işiň hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan wezipelere laýyklykda, halkara tejribesini öwrenmegiň esasynda hem-de ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri nazara almak bilen alnyp barylýandygyny habar berdi. Bu meseleler boýunça iş toparynyň birinji maslahaty we bu babatda halkara tejribesini öwrenmäge bagyşlanylan maslahat boldy. 

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunyň ileri tutulmagy boýunça Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty babatda işlenip taýýarlanylýan kanunçylyk resminamalarynyň ähmiýetini belläp, bu işi häzirki tapgyrda ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen geçirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Milli kanunçylygy hukuk taýdan kämilleşdirmegiň, jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň has möhüm ugurlaryny ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmek, adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça işi döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmak üçin zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, türkmen paýtagtynda şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 14-nji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak boýunça taslamalaryň taýýarlanylyşy barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulmagy göz öňünde tutulýan 12 gatly, 44 öýli has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaýyny, ýerasty geçelgeli uzynlygy 3196 metr bolan içki awtomobil ýollaryny, şeýle hem degişli inžener – kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak boýunça bäsleşigiň geçirilendigi aýdyldy. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň ýokary depginini saklamak üçin degişli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Gurluşyk ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen birlikde, hususy kompaniýalar täze gurulýan binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns bermelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda birnäçe teklipleri aýdyp, degişli düzümler bilen kararyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow azyk senagaty toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy we ýurdumyzda azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda 10 gektar meýdanda taýýar önümleri saklaýan we ýörite gaplara gaplaýan bölümleri bolan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda açylan, ýylda 8 million ýumurtga we 1000 tonna guş etini öndürýän häzirki zaman guşçulyk toplumy, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bolsa, ulanmaga berlen göwrümi 1 müň tonna gök-miwe önümlerini saklamaga niýetlenen kuwwatly sowadyjy ammar hakynda habar berildi. 

Hasabatyň çäklerinde döwlete tabşyrylan “ak altyn” hasyly üçin kärendeçi pagtaçylar bilen özara hasaplaşyklaryň geçirilýändigi barada-da aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze ýerleri depginli özleşdirmek, azyk pudagynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitlerde öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan obasenagat önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalary, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak boýunça işleri dowam etmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz bu ugurda ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagyň wajypdygyny aýtdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän birnäçe iri taslamalaryň amala aşyrylyşy, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem “Galkynyş” gaz känindäki gazy gaýtadan işleýän zawodda öndürilýän harytlyk kükürdi ýerlemek maksady bilen, alnyp barylýan işler barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geologiýa gözleg işleriniň gerimini giňeltmegiň, soňky ýyllarda ýurdumyzyň çäklerinde açylan täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň serişde binýadyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň ünsüni türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýerlemegiň köpugurly ulgamyny döretmek, Türkmenistanyň täze ählumumy energetika howpsuzlygyny döretmek babatdaky halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm wezipelere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz diňe bir Türkmenistandan Günorta Aziýa ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň uzakmöhletleýin ugradylmagyny nazarlaýan TOPH gaz geçirijisiniň halkara ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz munuň diňe bir energiýa serişdelerine bolan islegiň yzygiderli artmagyna däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendigini aýtdy. 

Soňra Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz döwlet serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagyny üpjün etmekde we toplumlaýyn hem-de pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bu düzümiň işiniň wajyp ornuny nygtady. Munuň özi häzirki ýagdaýy talabalaýyk seljermek we strategiki meýilnamalaşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz ýurdumyzyň öňünde goýlan wezipeleriň çözülmeginiň ähli ulgamlarda sazlaşykly we jogapkärli çemeleşmäni talap edýändigini nygtap, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna degişli tabşyryklary, şol sanda gözegçilik-seljeriş çäreleriniň netijelerine baha bermegiň ölçeglerini işläp taýýarlamakda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk toýy mynasybetli 2014-nji ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen çäreleriň hem-de alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli taýýarlanan nyşanyň taslamalaryny hödürledi. 

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy ýurdumyzda, şeýle hem dürli yklymlarda, dünýäniň köp döwletlerinde giňden bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde ylmy maslahatlar, nusgawy şahyryň dürli dillerde neşir edilen täze kitaplarynyň tanyşdyrylyşy, mowzuklaýyn sergiler, çeper okaýyşlar, täze kino we telefilmleriň görkezilişi guraldy, şahyryň dogduk mekanynda ýadygärlik açyldy we täze muzeýiň düýbi tutuldy, onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan makalalar çap edildi, beýik Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny wagyz etmek boýunça beýleki çäreler geçirildi. Türkmen dilinde we dünýäniň beýleki dillerinde jemi 32 kitap neşir edildi. 2014-nji ýylda “Magtymguly Pyragy” medaly döredildi. 

Soňra wise-premýer TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli taýýarlanan nyşanyň görnüşlerini döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, olarda ulanylýan ýazgylaryň we şekilleriň, şol sanda Gadymy Merwiň taryhy-medeni we binagärlik ýadygärlikleriniň, milli nagyşlaryň we beýlekileriň Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de giň halkara gatnaşyklaryny, şol sanda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny görkezmelidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Magtymguly Pyragynyň we milli medeniýetimiziň beýleki ajaýyp wekilleriniň döredijilik mirasyny mundan beýläk-de çuňňur öwrenmegiň we bütin dünýäde wagyz etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz beýik şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaralaryň bu işe täze itergi bermelidigini, onuň gerimini has-da giňeltmelidigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli taýýarlanan nyşanyň teklip edilen görnüşlerine garap, olar babatda anyk teklipleri aýtdy hem-de olaryň üstünde täzeden işlemegi maslahat berdi. Milli Liderimiz bu waka bagyşlanan ähli çärelere ykjam taýýarlanmagyň möhümdigini nygtady. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerini ýerine ýetirmek boýunça gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän iş hakynda hasabat berdi, şeýle hem “Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakyndaky” Permanyň taslamasyny hödürledi. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer paýtagtymyzyň “Grand-otel “Türkmen” myhmanhanasynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 23-nji dekabrda Ýerewan şäherinde geçiriljek 6-njy mejlisine görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri giriziler. 

Döwlet Baştutanymyz “Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakyndaky” Permana gol çekip, bu çözgüdiň ýýurdumyzyň ilatynyň täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen kabul edilýändigini nygtady. Şoňa laýyklykda, 28-nji dekabrdaky dynç güni 2015-nji ýylyň 2-nji ýanwaryna-anna gününe geçirilýär. 

Milli Liderimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän myhmanhananyň daşky keşbi boýunça şäheriň bu taryhy böleginiň binagärlik toplumyna sazlaşykly utgaşmalydygyny hem-de hyzmatyň hili ýokary ölçeglere laýyk gelmelidigini aýratyn belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi barada durup geçmek bilen, oňa gatnaşjak türkmen wekiliýetine bu çäräni geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynyň işi, şol sanda ulag düzüminiň degişli desgalaryny gurmak, Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň guramaçylyk-hukuk görnüşine üýtgetmeleri girizmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. 

Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin enjamlary satyn almak, getirmek we gurnamak üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda demir ýol ulgamyny ösdürmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Milli Liderimiz düzüm desgalarynyň gurluşygyny tehniki taýdan üpjün etmek meselelerine degip geçmek bilen wise-pemýere täze tehnologiýalary peýdalanmak arkaly gurluşygyň ýokary hilini gazanmagy üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň tutuş demir ýol ulgamyny uzakmöhletleýin ulanmaga ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz Türkmen deňiz söwda flotunyň dolandyryş ulgamyna döwrebap usullary we tehnologiýalary giňden ornyşdyrmak meselesine ünsi çekip, gelip gowuşýan ähli teklipleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz munuň täze döwrüň talaplary bilen şertlendirilendigini hem-de döwlet düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak arkaly olaryň işini has-da kämilleşdirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny aýtdy. 

Milli Liderimiz häzir Türkmenistanda telekommunikasiýalar ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga örän uly üns berilýändigini aýdyp, onuň işini has-da kämilleşdirmegiň we talap edilýän ýokary hili gazanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda Internetiň we döwrebap tehnologiýalaryň her bir raýata elýetlerli bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini, telekommunikasiýalary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şonuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu iş döwrüň talaplaryna laýyklykda täze depgine eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça zerur işleriň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat pudagyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň himiýa pudagyna degişli, hususan-da, ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň oba hojalygyny mineral dökünleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmek boýunça “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Bu işler 2015-nji ýylda Türkmenistanda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna, şeýle hem geljek ýylyň pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar. 

Oba hojalyk önüm öndürijilerini azot dökünleri bilen doly möçberde üpjün etmek maksadynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni daşary ýurtly önüm öndürijilerden ammiak selitrasyny satyn almak boýunça degişli işleri geçirýär. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatynyň obasenagat toplumyny üstünlikli ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasion enjamlar bilen üpjün edilen täze önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanmaga berilmegi netijesinde, içerki bazar üçin hem, daşary ýurtly sarp edijiler üçin hem ýokary hilli mineral dökünleriniň öndürilişi artýar. Häzir pudagyň öňünde has uly wezipeler durýar, olar mineral dökünleriniň, şol sanda kaliý dökünleriniň ýurdumyza zerur bolan mukdaryny artdyrmak boýunça degişli işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny talap edýär diýip, milli Liderimiz wise-premýeriň ünsüni anyk netijeleri gazanmak üçin ähli çäreleri görmegiň möhümdigine çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde täze institutyň düzümini kesgitlemek boýunça işler geçirildi. Hödürlenen taslamalara laýyklykda, 25 gektar meýdanda täze institutyň okuw binalaryny, umumy ýaşaýyş jaýlaryny, naharhanany, sport desgalaryny we inženerçilik desgalarynyň birnäçesini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. 

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, jemagat hojalygy pudagynda zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin instituty döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýdyp, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň wajyp wezipeleriniň hatarynda bilim özgertmelerini mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmagyň durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynyň çäklerinde milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň wezipeleriniň gerimini giňeltmek boýunça beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi. Institutyň wezipelerine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ykdysady işleriň strategiki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen ylmy – esaslandyrylyan teklipleri işläp taýýarlamak girýär. Institutyň düzümine harytlaryň içeri söwda nyrhlaryny öwreniş bölümini girizmek teklip edilýär. Bu bölüm ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazarynda azyk we azyk däl harytlaryň nyrhlaryny öwrener, seljerer we olar boýunça teklipleri taýýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň içerki aýratynlyklary goşmak bilen, ýurdumyzyň tutuş söwda-ykdysady ulgamynda kesgitleýji we ugrukdyryjy orun tutmagyna gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz içerki bazaryň bahalarynyň oýlanyşykly seljermesiniň söwdany kämilleşdirmegiň has netijeli usullaryny we gurallaryny tapmaga, sarp edijileri zerur bolan harytlar bilen zerur möçberde hem-de elýeterli bahalar bilen durnukly nyrh syýasaty boýunça talap edilýän hilde üpjün etmäge gönükdirilmelidigini aýtdy hem-de bu institutyň işini kämilleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi. 

Milli Liderimiz Täze ýylyň öňýanyndaky baýramçylyk söwdalaryna degişli, hususan-da, ilata söwda hyzmatyny guramagy gowulandyrmak, harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek boýunça tabşyryklary berip, degişli düzgünleriň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi wise-premýerden talap etdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli beýleki käbir möhüm meselelere hem garaldy. Olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de türkmen döwletiniň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Şekillendiriş Sungaty Muzeýiniň Ylymlar Gününe Bagyşlanan Sergisi

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Ukrainanyň medeniýet günleri açyldy

syrach

Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa Boýunça Wekili Bilen Duşuşyk

syrach